Halkymyzda ýol çekmek, guýy gazmak, köpri we metjit gurmak sogaply işler hasaplanylýar. Gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan asylly işleriň häzirki döwürde amal edilýändigini, ruhy mukaddesliklere sarpa goýulýandygyny, haýyr-sahawatly ýörelgeleriň dowam etdirilýändigini Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda baş metjitleriň gurlup, ulanylmaga berilýändigi hem aýdyňlygy bilen görkezýär.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 20-nji ýanwarynda Ahal welaýatynda baş metjidiň düýbüniň tutulyp, onuň gurluşygyna badalga berilmegi ähli halkymyzy begendiren wakalaryň biri boldy. Bu ähmiýetli çärä Türkmenistanyň il sylagly ýaşululary, ýurdumyzyň Milli Geňeşiniň agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň häkimleri, Aşgabatda iş saparynda bolan Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow we musulman döwletleriniň Aşgabatdaky ilçileri, medeniýet ulgamynyň wekilleri — döredijilik işgärleri, sungat ussatlary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata-babalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlar, döwletlilik ýörelgeleri mynasyp dowam etdirilýär. Baş metjidiň sähetli günde — anna gününde düýbüniň tutulmagy ynsanperwerlikden, jebislikden, agzybirlikden nyşandyr. Şeýle asylly işleriň adamlary ruhy taýdan jebisleşdirmekde örän uly ähmiýeti bar. Halkymyzyň durmuşyna mäkäm ornaşan asylly işler halallyga, ruhy päklige, agzybirlige çagyrýar. Göwün arassalygy, kalp tämizligi ynsana ýagty geljegi bagyş edýär. Ruhy päkligiň, diniň ojagy bolan mukaddes binanyň — metjidiň mähraby Käbä tarap bakdyrylýar. Mälim bolşy ýaly, golaýda hajy Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy we merkezde guruljak baş metjidiň taslamalary bilen tanyşdy. Iş saparynyň dowamynda Milli Liderimiz metjidiň ýanynda okuw medresesiniň gurulmagynyň hem maksadalaýyk boljakdygyny aýdyp, onuň gurluşygyny sazlaşykly alyp barmak barada birnäçe maslahatlaryny berdi. Gahryman Arkadagymyzyň tekliplerinden ugur alnyp, üç gatdan ybarat boljak metjidiň ýanynda medrese gurmak hem maksat edinilýär. Şeýle-de bu ýerde muzeý, kitaphana, namaz okamak üçin zallar, beýleki ugurdaş hojalyk otaglary ýerleşer. Şeýle ynsanperwerligiň belent nusgasyny görkezýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun! Halkymyzyň bagtyýar durmuşy, abadan geljegi ugrunda uly aladalary edýän hormatly Prezidentimiziň belent başy aman bolsun, alyp barýan beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Annamuhammet HÜMMEDOW,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk
etrap Geňeşiniň başlygy.
Bereketli toprak gazeti. 25.01.2023ý.