Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylymyzyň hem her bir güni şanly seneler taryhy wakalar beslenýär. Ynha hemmämiziň bilşimiz ýaly şu ýylyň 28-nji ýanwarynda hem Aşgabat şäheriniň “Mekan” köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VIII gurultaýy geçirildi. Oňa Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäherinden hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan ýaşlar guramalarynyň işgärleri işjeň agzalary öňdebaryjy ýaşlar, talyp ýaşlar şeýle-de mekdep okuwçylary gatnaşdylar. Gurultaýyň dowamynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasynda bellenilen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreleri, şeýle hem “Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty ” hakynda Türkmenistanyň kanunyň rejelenen görnüşini hem-de döwrüň möhüm wezipelerini nazara tutup, Ýaşlar guramasynyň Tertipnamasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek we beýleki birnäçe guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Gurultaýyň başlamagynyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar bu ýerde guralan göçme sergi bilen tanyşdylar. Sergide häzirki zaman Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri, halkymyzyň baý taryhy medeni mirasy barada gürrüň berdiler. Gurultaý Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VIII gurultaýyna gatnaşyjylara iberen gutlag haty bilen öz işine başlady. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň öňünde durýan wezipeler hakynda şeýle hem ýaşlary watançylyk ruhynda terbiýelemek , ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny giňden wagyz etmek bilen bagly meselelere garaldy. Şeýlede gurultaýyň dowamynda guramanyň öňde baryjy işjeň agzalaryny, ilkinji guramalaryny, öňdebaryjy ýaşlary Hormatly Prezidentimiziň Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlaryny gowşurmak dabarasy bolup geçdi. Soňra gurultaýa gatnaşyjylara ýaş zehinli aýdymçylaryň aýdym-sazly çykyşlary giňden ýaýbaňlandyryldy. Günüň ikinji ýarymynda Ahal welaýatynyň nowruz ýaýlasyndaky Türkmeniň “Ak öý” binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VIII gurultaýynyň üstünlikli geçirilmegi mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy guramaçylykly geçirildi. Dabaranyň dowamynda ýaş sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlaryna tomaşa edildi. Dabarada ýerine ýetirilen Gahryman Arkadagymyzyň “Öňe öňe diňe öňe - jan Watanym Türkmenistan” diýen aýdymy dabara gatnaşyjylarda has-da täsir galdyrdy. Ýagny Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlara uly ynam bildirmegi ýaş nesiller üçin döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanýan ýaşlar uly hyjuw - höwes bilen bilelikde ýerine ýetirdiler. Bu bolsa dabarany has-da şowhunlandyrdy.
Aýgül GARAJAÝEWA,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.