Binýady berkden esaslandyrylan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda belentlikleri nazarlap, öňe barýan ata Watanymyzyň her bir güni bize ajaýyp pursatlary, taryhy wakalary bagyşlaýar. Hususan-da, şu ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy, 28-nji ýanwarda bolsa Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýynyň geçirilmegi iň täze taryha altyn harplar bilen ýazyljak uly wakalardyr.
Bu gün hormatly Prezidentimiziň çuňňur pähim-paýhasyna ýugrulan: «Ynsanyň abraý-mertebesi, gadyrgymmaty zähmeti bilen kesgitlenýär. Şoňa görä-de, Ýaşlar guramasy ýaş nesillerimize zähmet terbiýesini bermekde hem netijeli işleri alyp barmalydyr. Beýik maksatlara ýetmek üçin her bir ýaş ynsan zähmeti baýdak edinmelidir» diýen sözlerinden, döredýän mümkinçiliklerinden peýdalanyp, 900 müňden gowrak agzany özünde jemleýän Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmäge, ýaşlar üçin hukuk, ykdysady, durmuş we guramaçylyk babatynda zerur şertleri döretmäge, olaryň jemgyýetde özlerini ykrar etmekleri ugrunda möhüm döwlet kepilliklerini döretmäge, ýaşlaryň jemgyýetçilik birleşikleriniň ösüşine hem-de olary goldamaga gönükdirilýän wezipeleri durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar. Munuň özi merdana pederlerimiziň watansöýüjilik, mertlik, gaýduwsyzlyk, ruhubelentlik, zähmetsöýerlik ýaly ýol-ýörelgelerine eýerýän ýaşlaryň täze nesliniň kemala gelmegine uly itergi berýär. Ýeri gelende bellesek, ýurdumyzda ýaşlar babatda alnyp barylýan syýasaty ýaşlaryň arasynda giňden wagyz-nesihat etmekde we ony üstünlikli durmuşa geçirmekde bize her bir işde görelde bolýan hormatly Arkadagymyzyň çuň pähim-paýhasa, baý many-mazmuna ýugrulan ajaýyp kitaplary deňitaýy bolmadyk gymmatly gollanmadyr, ylym-bilim, edep-terbiýe babatda görelde mekdebidir. Ol kitaplar watansöýüji nesillerimizi milli ruhda terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak genji-hazynadyr, kämillige tarap barýan aýdyň ýollarymyzda bize şamçyragdyr, ýol görkeziji taglymatdyr, onda-da nusgalyk taglymatdyr. Şundan ugur alyp, şu ýerde Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ýörelgelerini, maksatlaryny, wezipelerini, ileri tutulýan ugurlaryny hem-de ony amala aşyrmagyň çärelerini beýan edýän ugur görkeziji resminamalaryň biriniň — Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen kabul edilen «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasydygyny» bellemelidiris. Ol ýurdumyzyň mundan beýläkde durmuş-ykdysady ösüşinde, Birleşen Milletler Guramasynyň 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde aýratyn orun eýeleýär. Aýratyn nygtamaly zat bolsa, şu ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki maslahatynyň üstünlikli geçmegi we onda agzybir halkymyzyň teklibi esasynda hormatly Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenilmegi, şeýle-de dünýäde ykrar edilen Gahryman Arkadagymyzyň Milli Liderliginiň kanun taýdan berkidilmegi, ähli agzybir halkymyz bilen bir hatarda, ykbaly galkynan bagtyýar ýaşlaryň buýsançly başlaryny belende göterdi. Döwlet Baştutanymyzyň hem-de hormatly Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryndan, il-günüň arzuwdyr isleglerinden ugur alnyp, ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna ýaşlaryň doly derejede gatnaşmagy üçin giň mümkinçilikleri döretmek, ýaş nesilleri watançylyk, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek, olaryň jemgyýetçilik-syýasy işjeňligini, şahsy başlangyçlaryny goldamak we höweslendirmek maksady bilen 2023-nji ýyl «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyryldy. Watan, ýaşlar, geljek baradaky düşünjeler bu ýylyň şygarynyň düýp mazmunyny düzýär. Şu nukdaýnazardan, 2023-nji ýylyň ady türkmen ýaşlaryny hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň eziz Diýarymyzy beýik geljege gönükdirilen beýik maksatlaryň ýoly bilen täze sepgitlerdir üstünliklere ruhlandyrýan şygardyr. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny döredijilikli işler, zähmet üstünlikleri bilen şöhratlandyrmak, biziň ählimiziň, ilkinji nobatda bolsa, bagtyýar ýaşlarymyzyň mukaddes borjudyr. Aýratyn-da, bu ýylyň adynyň ýurdumyzyň durnukly ösüşini üpjün etmek, döwletimiziň halkara syýasy, ykdysady, medeni giňişlikdäki ornuny has-da pugtalandyrmak ugrunda beýik işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň hem-de bagtyýar ýaşlarymyzyň ady bilen baglanyşdyrylmagy jemgyýetimiziň hereketlendiriji güýji bolan ýaşlara bildirilen beýik ynamdyr. Sebäbi ýaşlar hemişe döwletiň kuwwatly güýji hasaplanýar. Döwlet Baştutanymyzyň sözleri bilen aýtsak, olar jemgyýetiň iň işjeň bölegidir. Görnüşi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde döwletimizde ýaşlar syýasaty üstünlikli alnyp barylýar. Şoňa göräde, 28-nji ýanwarda Milli Liderimiziň, Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýynda ähli bagtyýar ýaşlar bolup «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar: ynamly ädimler bilen beýik menzillere tarap» atly şygar astynda ýurdumyzyň ýaşlarynyň öňünde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmagymyz üçin döredilen mümkinçilik ýurdumyzda ýaşlar baradaky aladanyň döwlet derejesinde kepillendirilýändiginiň ýene bir ýola aýdyň subutnamasy boldy. Ýadyňyzda bolsa, 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda Arkadagly Serdarymyzyň tassyklap bermeginde «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi kabul edildi. Bu kanunçylyk namasynyň kabul edilmegi hem ýaşlar barada döwlet syýasatyny mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmekde, ylym-bilim, ösen tehnologiýalar bilen düýpli gyzyklanýan ýaşlary ýüze çykarmakda, jemgyýete wepaly, zähmetsöýer, ylymly-bilimli, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşine mynasyp goşant goşýan kämil nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde, döwletiň we jemgyýetiň durmuş-ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna ýaşlaryň doly hukukly gatnaşmagy üçin şertleri döretmekde hem-de ýaşlarda ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmekde, watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, zähmete söýgini terbiýelemekde uly ähmiýete eýe boldy. Ýakynda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz özüniň taryhy çykyşynda: «Biz ýaşlarymyzy ýurdumyzyň geljegi hasaplaýarys. Biziň ösüşlerimiz, ata Watanymyzyň berkararlygy, ýurdumyzyň asudalygy, il-günümiziň abadançylygy ýaşlarymyza baglydyr. Men türkmen ýaşlarynyň bu belent ynamy ödejekdiklerine berk ynanýaryn» diýip, ýaşlara uly ynam bildirdi. Bu beýik ynam biziň her birimizi täze belent maksatlara galkyndyrýar, bagtyýar ýaşlarda uly jogapkärçilik we borç duýgularyny döredýär. Şeýlelikde, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň möhüm wakalarynyň biri bolup taryha girjek Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýynda öňde goýlan täze wezipeler, möhüm başlangyçlar ýaşlar syýasatynyň giňden dabaralanmagyna nobatdaky uly badalga bolar. Çünki türkmen ýaşlarynyň her biriniň gazanan üstünligi Türkmenistan Watanymyza abraýdyr, şandyr. Yhlasly çeken zähmetleri ata Watanymyzyň ösüşine güwädir. Onuň gözbaşy ýaňy dil biten çagajygyň ilkinji sözlerinden, mekdep okuwçysynyň barmak basypjyk okan ilkinji jümlesinden, ýetginjegiň, talybyň özüçe açan syrly dünýäsinden, daýhanyň ýere sepen rysgally dänesinden, gujurly gurluşykçynyň kuwwatly gollaryndan binýat bolan binasyndan, kalplardaky watançylyk senasyndan, döwlet Baştutanymyzyň her bir döwletli ädiminden, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk mekdebinden başlanýar.
Ýazpolat KERIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.