Mälim bolşy ýaly, bitaraplygyň esas goýujy ýörelgelerine gyşarnyksyz eýerýän döwletimiz “Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 - 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde durnukly ösüş maksatlarynyň ählumumy üpjün edilmegini nazarlaýan parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga, halkara giňişliginde energiýa, ulag, ekologiýa, medeni-ynsanperwer, parlament diplomatiýa ugurlaryna, sebit hem-de goňşy döwletler bilen hoşniýetli gatnaşyklary ileri tutýan köptaraplaýyn diplomatiýanyň berkemegine aýratyn ähmiýet berýär. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda 2023-nji ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip yglan edilmegi bolsa, milli diplomatiýamyzyň öňünde täze gözýetimleri, durmuş jähtinden zerur hem-de strategik nukdaýnazaryndan örän wajyp bolan ýaşlar düzüminiň jemgyýetimizde eýeleýän orny, olaryň hukuklarynyň goralmagy, watançylyk we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelenmegi şol sanda, ýaşlar diplomatiýasynyň ösmegine ýagny, ýaş nesilleriň halkara hyzmatdaşlyk Strategiýasynyň işlenilip düzülmegine giň ýol açýar.
Ýurdumyzda däbe öwrülen her ýylyň 18-nji fewralynyň Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni hökmünde giňden bellenilmegi, 2022-nji ýylyň 9-njy dekabrynda bolsa, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa “Türkmenistanyň ussat diplomaty” diýen tapawutlandyryş nyşanynyň gowşurylmagy ýaly buýsandyryjy wakalar döwlet Baştutanymyzyň hoşniýetli daşary syýasaty amala aşyrmakdaky üstünlikli işlerine, milli diplomatiýamyzyň okgunly ösüşine berilýän mynasyp bahadyr. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 10-njy fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşynda “Ýurdumyzyň öňe süren we Baş Assambleýa tarapyndan kabul edilen “2023-nji ýyl - Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly” hem-de “Merkezi Aziýa - parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy” atly Kararnamalar, şeýle-de 2025-nji ýylyň “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi biziň diplomatiýamyzyň üstünligidir” diýip nygtamagy Bitarap döwletimiziň daşary syýasatdaky mynasyp ornuny aýdyň görkezýär. Çünki, parahatçylygy dörediji ýurdumyzyň açyklygy, hoşniýetli hem ygtybarly döwlet hökmünde giň möçberli hyzmatdaşlyga taýýardygy, ählumumy gün tertibinde durýan meseleleriň oňyn çözgüdini tapmak ugrundaky tagallalary, döwletimiziň wajyp halkara başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginde türkmen diplomatiýasynyň yzygiderli ykrar edilmegine itergi berýär. 2022-nji ýylyň ýazgysyna altyn harplar bilen ýazylan döwletimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň wise-başlyklygyna biragyzdan saýlanylmagy; ýurdumyzyň başlangyjy esasynda Baş Assambleýa tarapyndan wajyp Kararnamalaryň kabul edilmegi; BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň “Şäherlerdäki baglar” atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin Aşgabat şäherine halkara güwänamanyň berilmegi; paýtagtymyzda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogynyň geçirilmegi; Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşiniň mejlisinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli, 2024-nji ýylyň “Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly”, Türkmenistanyň gadymy Änew şäheriniň bolsa 2024-nji ýylda “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýip yglan edilmegi; Türkmenistanyň “Türkmen keşdeçilik sungaty” atly hödürnamasynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi ýaly ýurdumyzyň halkara durmuşynda yz galdyran ençeme iri wakalarynyň mysalynda aýdylanlara doly göz ýetirmek bolýar. Munuň özi, her bir döwletiň içeri syýasatynyň dowamy bolan oýlanşykly daşary syýasy ugrunyň onuň döwrebap ösmeginiň esasy şerti hökmünde çykyş edýändigi nukdaýnazaryndan ýurduň diplomatiýa işiniň kämilligi, bu ugurda gulluk edýän wekilleriň bolsa ussatlyk derejesi bilen hem aýrylmaz baglanyşyklydygyny esaslandyrýar. Taryha ser salsaň adamzat ösüşiniň häzirki döwrüne çenli “diplomat” ýagny “ilçi” diýen hormatly adyň wekilleriniň halkara gatnaşyklar ulgamynda uly ornunyň bardygyna göz ýetirmek bolýar. Elbetde, diplomatik işiň aýratynlyklarynyň we görnüşleriniň köpdürliligi işiň bu ugrunyň toplumlaýyn häsiýetini beýan edýär. Munuň özi, döwletleriň daşary syýasatynyň maksatlaryny we wezipelerini amala aşyrmak, daşary ýurtlarda döwletleriň, olaryň edaralarynyň we raýatlarynyň hukuklaryny şeýle hem, bähbitlerini goramak bilen baglanyşykly resmi işi öz içine alýar. Döwletiň daşary syýasatyny durmuşa geçirmäge gönükdirilen diplomatiýa - daşary aragatnaşyklar baradaky ylymdyr, halklaryň bähbitlerini özara ylalaşdyrmagyň, olary sazlamagyň şeýle hem, gepleşikleri alyp barmagyň sungatydyr. Diplomat bolsa, bu sungaty ussatlarça ýerine ýetirýän döwletiň resmi wekili bolup durýar. Olara milli bähbitleri hemmetaraplaýyn goramakda, halkara gatnaşyklar ulgamynda döwletiň abraýyny artdyrmakda hem-de öňde goýlan wajyp wezipeleri ýokary derejede ýerine ýetirmekde uly ynam bildirilýär. Munuň özi, gysgaça aýdanyňda Watanyňa ak ýürekden gulluk etmekden ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, bu ulgamda hyzmat edýän wekillere ilkinji nobatda, mylaýymlylyk, sabyrlylyk, sadalyk, dartgynlylyga durnuklylyk, hoşniýetlilik, zähmetsöýerlik, öz pikiriňi dogry beýan etmegi we gürrüňdeşiň garaýyşlaryny diňlemegi, kesgitli we ýerlikli geplemegi, manyly sözlemegi, halkara durmuşynyň ileri tutýan ösüşini seljermegi başarmak ýaly şahsy häsiýetleriň hem-de ukyplaryň mahsus bolmagy zerur şertleriň biri bolup durýar. Şu nukdaýnazardan, halkara gatnaşyklaryň nazaryýeti we tejribesi ilçilere mahsus bolan akyl-paýhaslylyk, ýokary medeniýetlilik, dilewarlyk, suhangöýlik ýaly edep kadalarynyň, adamkärçilik sypatlarynyň toplumlaýyn ulgamynyň zerurlygyny şertlendirýär.
Umumadamzat ösüşine mynasyp goşant goşan gadymy türkmen döwletlerinde akyl-paýhasly, söze çeper, dilewar adamlara halkyň adyndan çykyş etmäge ynam bildirilipdir. Pederlerimiziň paýhasly döwlet dolandyrşyny, parasatly diplomatiýany, anyk gepleşikleri alyp barandyklaryny, öz garaýyşlaryny kesgitli aýan edendiklerini tassyklaýan taryhy maglumatlara orta asyrlar taryhynyň sahypalarynda görmek bolýar. Hususan-da, häzirki günlerimize miras galan Seljuklaryň weziri Nyzam al Mülkiň “Syýasatnama” ady bilen taryha giren kitabynyň “Ilçiler we olaryň edebi hakynda” atly babynda ilçi bolmak üçin ýurduň hyzmatynda bolmagy başarýan, batyrgaý, gürläp bilýän, az gepli, köp syýahat eden, her bir ylymdan baş çykarýan, ýatkeş, ätiýaçly, öz mertebesini bilmeginiň zerurdygy ýaly häsiýetleriň gerekdigi nygtalýar. Pederlerimiziň edep mekdebinde wajyp orny eýeleýän “Kowusnama” eserinde atanyň öz ogluna wesýet galdyrýan özüňi ulumsy tutmazlyk; myhmançylyk kadalary; degişmek medeniýeti; kätiplik adatlary hakyndaky nesihatlary hem bu hünäriň wekilleri üçin wajyp ähmiýete eýedir. Häzirki zaman şertlerinde bolsa, halkymyzyň bu asylly häsiýetleri ýurdumyzyň yzygiderli tagallalary netijesinde dünýä döwletleri bilen dostlukly hyzmatdaşlyga, gatnaşyklar medeniýetini, özara ynanyşmagy berkitmäge, dialog arkaly parahatçylygy üpjün etmäge oňyn täsir edýär.
Häzirki zaman şertlerinde ählumumy gymmatlyklaryň ykrar edilmegini nazarlaýan halkara gatnaşyklaryň filosofiýasy geljegi nazarlaýan durnukly ösüş maksatlarynyň amal edilmegini, ählumumy meseleleriň bilelikde çözülmegini, özara ynanyşmak we ynsanperwerlik jähtleriniň giňeldilmegini ileri tutýar. Çünki, Mähriban Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiligini umumy garaýyşlar, umytlar, wehimler hem-de howplar birleşdirýär. Şol bir wagtda, dünýäniň parahat ösüşi döwletlere halkara gatnaşyklarynda ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim, maýa goýumlar, bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagy, döwrebap tehnologiýalaryň hem-de innowasion ösüşiň özleşdirilmegi ýaly mümkinçilikleriň täzeçil çemeleşmelerini hödürleýär. Şeýle sazlaşykly ösüşi nazarlaýan ýurdumyzyň köpugurly halkara hyzmatdaşlygynda söwda-ykdysady-maliýe gatnaşyklary, maýa goýumlary çekmek, senagatlaşmagyň döwrebap nusgasynyň, ylym-bilimiň, IT-tehnologiýalarynyň gazananlarynyň, “akylly şäherler” tejribesiniň özleşdirilmegi ýaly wajyp wezipeler aýratyn orun eýeleýär. Türkmenistan umumy bähbitlere laýyk gelýän we ägirt uly mümkinçilikleri açýan energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ugratmagyň köptaraply, ygtybarly düzümini berkitmäge, şol bir wagtda durnukly ösüş maksatlarynyň üpjün edilmeginde pes uglerodly energetikanyň ösdürilmegine, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalara uly gyzyklanma bildirýär. Şunuň bilen baglylykda, geçen ýylyň 14-nji dekabrynda ýurdumyzda Azerbaýjanyň, Türkmenistanyň we Türkiýäniň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçirilen birinji üçtaraplaýyn sammiti sebitde we dünýäde energetika howpsuzlygy bilen bagly meseleleri çözmekde zerur bolan täze esaslary döredendigini aýratyn bellemek gerek. Bu döwletleriň geografik taýdan ýerleşişi bolsa, ulag geçelgesiniň ýagny Hazar deňzi arkaly Ýewropa hem Aziýa yklymlaryny, Türkiýe döwleti bolsa Günbatar Ýewropa ýurtlary bilen goňşuçylykda bolmak bilen harytlara, sebit bazarlaryna çykmaga mümkinçilik berýändigi bilen tapawutlanýar.
Mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda öz işine başlan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň nobatdaky 77-nji mejlisinde ýurdumyz dünýä we sebit syýasatynyň esasy meseleleri babatda aýdyň, esaslandyrylan garaýyşlary nobatdaky gezek beýan etdi. Taryhyň 30 ýyllyk döwrüni öz içine alýan BMG bilen Türkmenistanyň hyzmatdaşlygynyň dowamynda jemlenen bu garaýyşlaryň mazmunynda halkara gatnaşyklarynda özara ynanyşmagyň berkidilmegi, dünýä halklarynyň abadan ýaşaýşy üçin zerur durmuş şertleriniň wajyplygy nukdaýnazaryndan gatnaşyklaryň ynsanperwerleşdirilmegi, ählumumy gün tertibiniň dünýä halklarynyň anyk zerurlyklaryna uzakmöhletleýin gönükdirilmegi, hususan-da, iýmitlenmek, arassa suw we howa şertlerine, ygtybarly ýylylyk çeşmelerine, ýokary hilli durmuş hyzmatlaryna bolan kanuny hukuklarynyň üpjün edilmegi ýaly wajyp wezipeler öz beýanyny tapýar. Munuň özi, “Dialog - parahatçylygyň kepili” hökmünde hyzmatdaşlygyň döwrebap arhitekturasynyň filosofik esaslaryny ileri tutýan döwletimiziň dostluga, doganlyga, ösüşe hemişe açykdygynyň nobatdaky beýanydyr. Umuman, milli diplomatiýamyzyň maksatlary bilen sazlaşýan halkymyzyň parasatlylyk, döwleti dolandyrmak taglymaty, türkmen bitaraplygynyň ynsanperwer ýörelgeleri ýurdumyzyň daşary syýasy ugrunyň many-mazmunyny aýdyň kesgitleýär. Türkmenistanyň oňyn başlangyçlarynyň halkara kadanamalar derejesinde öz beýanyny tapmagynda, adamzat ösüşiniň möhüm şerti bolan durnukly ösüşiň, hoşniýetli gatnaşyklaryň dabaralanmagynda bolsa parahatçylygyň wekilleriniň, milli diplomatiýamyzyň işjeňliginiň mynasyp paýy bar.
Atamyrat BEKÇIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.