Kompýuter tehnikasynyň ösüş ugurlary we taryhy XX asyr uly göwrümli informasiýalaryň üstünde işlemek zerurlygy bilen häsiýetlendirilýär. Informasiýalary ýygnamak, saklamak, ulanmak, uly göwrümli informasiýalary ýaýratmak üçin ýörite gurluşlar zerurdyr. Şeýle gurluş bolup kompýuter hyzmat edýär. Häzirki wagt kompýutersiz jemgyýeti göz öňüne getirmek mümkin däldir. Kompýuterleriň adamyň ýaşaýşyna we geljegine edýän täsirine baha bermek üçin, olaryň geçen ewolýusiýasyna düşünmek zerurdyr sebäbi, kompýuter tehnikasy özüniň ösüş taryhynyň gysga wagtynda uly ewolýusiýa sezewar boldy. Onuň element bazasy, şeýle hem onuň gurluşy, mümkinçilikleri, peýdalanylýan ýerleri, ulanyş häsiýetleri düýpli üýtgeşmeleri başdan geçirdi.
Geçen asyryň 50-nji ýyllarynda Elektron hasaplaýyş maşynlary (EHM-ler) köp sanly elektron lampalaryndan we geçirijilerden ybarat bolup, tutuş otaglary eýeleýärdi. Häzir Personal kompýuter – bu uly bolmadyk ölçegli gönüburçly gutujykda ýerleşýän millionlarça ownujak ýarym geçirijilerdir. Ol aňsatlyk bilen ulanyjynyň iş stolunda ýerleşip bilýär.
Informatika – informasiýa baradaky ylymdyr. Informasiýa adalgasy latyn “informatio” diýen sözünden gelip çykandyr we maglumat, düşündirmek, beýan etmek diýmegi aňladýar.
Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini düzgünleşdirmek-döwlet tarapyndan Türkmenistanda Internet toruny ösdürmegiň ýörelgelerini, hukuk kadalaryny, guramaçylyk düzgünlerini we tehniki amallaryny işläp taýýarlamak we ulanmak, olaryň binýadynda ýurtda internet-hyzmatlaryny hödürlemek amala aşyrylýar.
Informasiýanyň klassifikasiýa bölünişi:
- kabul ediliş usuly boýunça (eşidip, görüp, duýup we ş.m.);
- teklip ediliş görnüşi boýunça (tekst, san, grafika we ş.m.);
- jemgyýetçilik manysy boýunça (köpçülikleýin, ýöriteleşdirilen, şahsy we ş.m.).
Serdar GURBANMUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Merkezi
Geňeşiniň hünärmeni.