GARAŞSYZLYK BINASY

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda türkmen halky Garaşsyzlygyň eşretini görüp, bagtyýar durmuşda ýaşaýar. Türkmenistandaky ajaýyp ymaratlary synlanyňda Watanymyzyň belent sepgitlere barýandygy aýdyň duýulýar. Garaşsyzlygyň nyşany bolan gözel paýtagtymyzy bezeýän “Garaşsyzlyk” binasy hem şolaryň iň naýbaşylarynyň biridir. Binanyň töwereginde türkmen serkerdeleriniň, klassiki şahyrlarymyzyň heýkelleri ýerleşdirilen. Binanyň we töweregindäki ajaýyp seýilgähiň binýat edilen meýdany 9,5 gektar bolup, onuň esasy bölegi paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna dynç almak üçin niýetlenen suw çüwdürimleri bilen bezelen seýilgähden ybarat. Bu seýilgähde gezelenç edýänler türkmen halkynyň Oguzhandan gaýdýan taryhy ýolunda türkmen milletiniň guran döwletleriniň esaslandyryjylary bolan beýik serkerdeleri we türkmen milletiniň garaşsyzlygyny arzuw edip, ony öz döredijiliklerine siňdiren ýazaýjylardyr-şahyrlaryň, galyberse-de, türkmen milletiniň beýik şahsyýetleriniň heýkellerini görüp bilerler. Bu ajaýyp bina özüniňo özboluşly, gaýtalanmaýan arhitekturasy bilen tapawutlanyp, onuň her bir gurluşy aýratyn many aňladyp, paýtagtymyzy bezäp dur. Binanyň 1-nji syn ediş meýdança çenli uzynlygy 91 metr bolup, bu san Garaşsyzlygymyzy alan ýylymyzy aňladýar, binanyň umumy beýikligi 118 metre deňdir. Binanyň dört tarapynda türkmen milli harby lybasly esgerleriniň heýkellerini görmek bolýar. Bu bolsa türkmen milletiniň Garaşsyzlygyny özüne gymmatlyk hasaplap, ony elmydama gözüniň göreji ýaly goraýandygyny aňladýar. Bu bina gezelenç etmäge gelen her bir adam türkmen milletiniň taryhyndan başlap, milli gymmatlyklary, baýlyklary, medeniýeti, edebiýaty we sungaty barada kän maglumatlar alyp bilýärler. Bu binanyň gurluşygynyň ýene bir üýtgeşik tarapy onuň belentliginden paýtagtymyz gözel Aşgabadymyzyň gün-günden gözelleşýän ajaýyp keşbini synlap bolýar. Türkmen paýtagtynyň göni we arassa köçelerini, olaryň gyrasynda düzülip oturan ak mermere bürenen biri-birinden owadan, biri-birinden ajaýyp binalary bu ýerden synlap, şäheriň gözel keşbine haýran galmakdan ýaňa göwnüň göterilýär. Bary-ýogy sanlyja wagtyň içinde bina edilip, şäheriň gözelligine görk goşup oturan milli binagärlik nusgalary özünde jemleýän döwrebap binalar raýatlarymyzyň döwrebap ýaşaýşynyň subutnamasy bolup dur. Paýtagtymyzda gurulýan her bir binanyň taryhy ähmiýeti bar. Olar halkymyzyň şanly seneleri we baýramçylyklary bilen baglanyşdyrylýar. Berkararlyk ýyllarynda türkmen paýtagtynda bina edilen medeni-durmuş, ylym-bilim, saglyk we sport desgalary, ajaýyp seýilgähler, belent ýaşaýyş jaýlary, biri-birinden özboluşlylygy bilen tapawutlanýan ajaýyp binalar diňe bir ak şäherimiziň binagärlik görküne görk goşmak bilen çäklenmän, eýsem ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulanmagynda möhüm orna eýedir. Häzirki ösüşlere beslenýän ajaýyp döwrümizde şähergurluşyk maksatnamasy esasynda Aşgabatda dünýä nusgalyk özgertmeler amala aşyrylýar. Paýtagtymyzy ösdürmegiň esasy ugurlary adamlaryň amatly ýaşaýyş we durmuş şertlerini kemala getirmekden, bu ulgamda öňdebaryjy tehnologiýalary we döwrebap işläp taýýarlamalary ulanmak arkaly ajaýyp şäher gurşawyny döretmekden ybaratdyr. Şeýle aladalar netijesinde ak mermerli Aşgabadymyz sebitiň we dünýäniň iň owadan şäherleriniň biri hökmünde ykrar edildi. Paýtagtymyzda bina edilen birnäçe ajaýyp desgalaryň, şeýle hem Aşgabadyň dünýäde ak mermere beslenen binalaryň iň köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda mynasyp orun almagy, aşgabatlylar bilen birlikde ýurdumyzyň ähli ilatynyň guwanjyny goşalandyrdy. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda paýtagtymyz has hem gözel görke eýe bolýar. Çünki Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan giň gerimli döwlet işinde ähli aladanyň ýurdumyzy gülledip ösdürmek, halkymyzyň erkana, bagtyýar, eşretli durmuşyny barha rowaçlandyrmak bolup durýandygyny her bir pursatda görýäris. Şonuň üçin şeýle beýik, il-ýurt bähbitli işleri bilen gözel Aşgabadymyzy we ýurdumyzy gülledip ösdürýän, bagtyýar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny görlüp-eşidilmedik derejede özgerden Döwlet Baştutanymyza halkymyz alkyş sözlerini aýdýarlar.

 

Amanmyrat DAŇATAROW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

05 Oktýabr 2024 | 0 okalan

UÇÝAN TEHNOLOGIÝALARYŇ ŞÄHERI

05 Oktýabr 2024 | 0 okalan

DÜNÝÄNIŇ IŇ BAGTLY ŞÄHERI

05 Oktýabr 2024 | 3 okalan

HAZAR DIPLOMATIÝASYNYŇ TÜRKMEN NUSGASY