«TÜRKMENISTANYŇ DERMANLYK ÖSÜMLIKLERI» ATLY KITABYNYŇ 14-NJI TOMY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynşy döwründe ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Örän gysga döwürde paýtagtymyz Aşgabat şäherinde, welaýat merkezlerinde iň häzirki zaman, ýokary hilli lukmançylyk enjamlary oturdylan, dünýä ülňülerine laýyk gelýän hassahanalar, keseli anyklaýyş merkezler, türkmen topragynyň derde derman ösümliklerinden derman serişdelerini öndürýän kärhanalar guruldy. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda hemme ulgamlar bilen bir hatarda saglygy goraýyşda-da täze ösüşler gazanylýar, belent üstünliklere ýetilýär. Türkmen tebigatynda hiç bir zat bilen çalşyp bolmajak ençeme dermanlyk ösümlikler ösýär. Türkmen halk lukmançylygynda peýdalanylýan şeýle ösümlikleri hemme taraplaýyn ygtybarly öwrenmäge aýratyn üns berilýär. Şol sebäpli-de, ata-babalarymyzyň asyrlar boýy kämilleşdirip, türkmeniň milli gymmatly derejesine ýetirilen halk lukmançylygynda ulanan ösümlikleriniň dürli dermanlyk häsiýetleri we aýratynlyklary ylmy esasda öwrenilýär. Gahryman Arkadagymyz häzirki zaman lukmançylygynyň dünýä tejribesinde gazanylanlary üstüne goşmak bilen, köklerini gadymyýetden alyp gaýdýan türkmeniň dermanlyk ösümlikleri bilen baglanyşykly ylmy işini, olaryň melhemlik häsiýetlerini «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy- ensiklopedik kitaplarynyň üsti bilen türkmen halkyna ýetirýär.

Ýene-de bir şatlykly, taryhy wakanyň şaýady bolduk. Arkadagly Serdarymyz Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärler güninde Gahryman Arkadagymyzyň ýene-de bir ajaýyp kitaby «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly eseriniň 14-nji tomyny ýazyp bolanyny aýtdy . Onda milli lukmançylyk mirasy, şol sanda onuň bilen baglanyşykly eziz Diýarymyzda ösýän dermanlyk ösümlikler dünýäsindäki endemik we seýrek duş gelýän täsin dermanlyk ösümlikleri barada giňişleýin maglumat berilýär. Kitapda beýan edilýän dermanlyk ösümlikler Türkmenistanyň şypahanalarynda bejergi alýan adamlar üçin örän peýdaly bolýar. Raýatlarymyzyň saglygyny dikeltmekde şypahanalardaky ýerli bejergileriň arasynda dermanlyk otlardan peýdalanylanda, adam saglygyna has-da gowy täsirini ýetirýär.

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy- ensiklopedik kitaplary türkmen, rus, iňlis dillerinde neşir edilip, türkmen tebigatynyň ösümlikler dünýäsiniň ynsanlara şypa beriji dermanlyk häsiýetini ylmy taýdan esaslandyrýar hem-de bejerijilik ähmiýetini açyp görkezýär. Türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikleriň halk lukmançylygynda müňlerçe görnüşi peýdalanylýar.

Gahryman Arkadagymyzyň bu kitabynyň maksady lukmançylyk ulgamynyň işgärlerine, dermanlyk çig mallary taýýarlaýanlar, ýygnaýjylara we ösümlik dünýäsi bilen iş alyp barýan ähli adamlara dermanlyk ösümlikler baradaky bilimlerini baýlaşdyrmak, ösümlikleriň daşky gurluşy, ösüş şertleri, himiki düzümi, lukmançylykda peýdalanylyşy, ýygnamagyň möhleti hem-de usullary, saklamagyň düzgünleri dogrusyndaky ylmy maglumatlary ýetirmek bolup durýar.Türkmen topragynda ýaşan belli tebipler we alymlar Abu Ali ibn Sinanyň, Abu Reýhan ylmy maglumatlary ýetirmek bolup durýar.

Türkmen topragynda ýaşan belli tebipler we alymlar Abu Ali ibn Sinanyň, Abu Reýhan Biruniniň, Seýit Ysmaýyl Gürgenliniň, Muhammet Gaýmaz Türkmeniň, Abu Hanif Dinawaryň we Muhammet Huseýniň nusgawy eserlerinde Türkmenistanyň çäklerinde ösýän dermanlyk ösümlikler baradaky berilýän maglumatlar has gymmatlydyr. Gahryman Arkadagymyzyň täze eseri okyjylary Türkmenistanyň ajaýyp tebigatyna, ösümlik dünýäsine we olaryň adam saglygy üçin möhümdigine has oňat düşünmäge kömek edýär. Diýarymyzyň melhemlik, jana tenekar ösümliklerini ylmy esasda öwrenýän bu gymmatly kitap Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan beýik işleriniň aýdyň mysalydyr.

 

Döwran MYRADOW,

TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Öňki makala

WATAN MUKADDESLIGI

Indiki makala

AŞGABADYŇ TARYHY

Meňzeş habarlar

24 Iýun 2025 | 1 okalan

SPORT ÇÄRESI GEÇIRILDI

23 Iýun 2025 | 260 okalan

MEDENIÝET — HALKYŇ RUHY BAÝLYGY