ÝAŞLARYŇ GATNAŞMAGYNDA TEGELEK STOLUŇ BAŞYNDA SÖHBETDEŞLIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Ýakynda paýtagtymyzdaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Halk Maslahatynyň, Bagtyýarlyk etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň hem-de «Aşgabat» teleýaýlymynyň bilelikde guramaklarynda talyplaryň we dürli edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmaklarynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça geçirilen üçünji maslahatynyň möhüm ähmiýetini ýaşlara düşündirmek hem-de halk köpçüligine ýetirmek maksady bilen «Tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.

Duşuşyga ýörite çagyrylan myhmanlar gatnaşyp onda BMG-niň guramagynda on ýyldan bir gezek geçirilýän bu halkara maslahat, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşini gazanmak, özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we bu ugurda gazanylan üstünlikleri seljermek üçin geçirildi diýip bellediler. Şeýle-de söhbetdeşligiň dowamynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyň çäklerinde geçirilen 7 sany forumy, ýagny Günorta-Günorta hyzmatdaşlygy boýunça ministrler duşuşygynyň, parlament forumynyň, hususy pudagyň forumynyň, raýat jemgyýetiniň forumynyň, ýaşlar forumynyň, zenan ýolbaşçylaryň duşuşygynyň hem-de arabaglanyşyk boýunça çäräniň geçirilendigini bellediler. Mundan başga-da bu ýerde guralan sergiler, geçirilen medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmegindäki tansly, aýdym-sazly konsertler dogrusynda belläp geçdiler.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Türkmenistan döwletimizi iri halkara çäreleriň geçirilýän ýerine öwüren hem-de şol çärelere türkmen ýaşlarynyň gatnaşmaklaryna döredip berýän şeýle uly mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Rüstem MÄMMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk

etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

15 Awgust 2025 | 24 okalan

AŞGABADYŇ GUJAGYNDA