BILIMLI ÝAŞLAR – WATANYMYZYŇ GÜÝÇ-KUWWATY WE ABRAÝ-MERTEBESIDIR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan Watanymyzda ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän aladalar özüniň oňyn netijesini berýär. Ata Watanymyza, halkymyza, oňyn ýörelgelerimize, milli däp-dessurlarymyza wepaly, bilimini ýokarlandyrmaga, sport bilen meşgullanmaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli, ruhubelent ýaşlar kemala gelýär. Ýurdumyzda ýaş nesilleriň bilim almaklaryna, döwletlilik ýörelgesine görä terbiýelenmegine, sagdyn we berk bedenli bolup, ösüp ýetişmeklerine we hünär öwrenmeklerine gönükdirilen işler maksatnamalaýyn esasda durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň rowaçlanýan, türkmen ýaşlarynyň ykbalynyň täze belentliklere göterilýän eşretli eýýamyna öwrüldi. Ýurdumyzda ýaşlar barada alnyp barylýan döwlet syýasaty ýaş nesliň döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuş-ykdysady, syýasy hem-de medeni durmuşyna doly gatnaşmagy, olarda ruhy-ahlak gymmatlyklaryna we sagdyn-durmuş ýörelgelerine ygrarlylygy kemala getirmek, watançylyk, ynsanperwerlik we zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek üçin oňyn şertleri döretmäge gönükdirilendir. Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy maksady ýaşlaryň konstitusion durmuş ykdysady hukuklarynyň we azatlyklarynyň hem-de kanuny bähbitleriniň we borçlarynyň ähmiýeti barada düşünjelerini artdyrmakdan, ýaşlaryň ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmelere hem-de jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm wakalaryna işjeň gatnaşmagyny üpjün etmekden, olaryň durmuş-ýaşaýyş şertlerini has-da gowulandyrmaga ýardam berjek zerur çäreleri amala aşyrmakdan ybaratdyr. Bu maksatnamanyň üstünlikli amala aşyrylmagy ýaşlaryň mümkinçiliklerini hemmetaraplaýyn açmaga ýardam etmek bilen birlikde, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine itergi bermekde hem uly ähmiýete eýedir.

Döwletli diýarymyzda kabul edilen milli maksatnamalaryň çäklerinde ýurdumyzyň ähli ýerlerinde  häzirki zaman orta we ýokary okuw mekdepleri, çagalar baglary, çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri guruldy. Bu bilim-terbiýeçilik edaralary häzirki zaman kompýuterleri, okuw-tehniki enjamlary, interaktiw we multimedia tehnologiýalary bilen doly üpjün edildi. Bu işler häzir hem üstünlikli dowam edýär. Ylym adamyň dünýägaraýşyny we durmuşyny özgerdýän, oňa täsir edýän hakyky baýlykdyr. Häzirki zaman dünýäsiniň, her bir döwletiň we jemgyýetiň durnukly hem-de sazlaşykly ösüşi ylym bilen aýrylmaz baglydyr. Şoňa görä-de, ylmy açyşlar, innowasion tejribe, ylmy-inženerçilik pikirleri, ýaş alymlaryň senagat-innowasion hem-de maglumat-tehnologik ylmy barlaglary döwletimiziň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmak üçin örän möhümdir.

Hormatly Prezidentimiz: “Biz öz ýaş nesillerimize diňe bir durmuşy, bilimleri söýmegi öwretmek bilen çäklenmän, olary berk bedenli we ruhy taýdan sagdyn edip ýetişdirmegi hem göz öňünde tutýarys. Bu wezipe döwletimiziň iň möhüm we esasy wezipeleriniň biridir” diýmek bilen, ýaşlaryň ruhy we beden taýdan ösüşini sazlaşykly guramaklyga ünsi çekýär. Munuň özi ýaş nesilleriň kämil şahsyýetler bolup kemala gelmegine örän çynlakaý we jogapkärli çemeleşilýändigini alamatlandyrýar. Ylymly, bilimli, sagdyn ruhly we berk bedenli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň tutuş dünýäde uly meşhurlykdan peýdalanýan ynsanperwer döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi.

Gahryman Arkadagymyz: “Okamak we öwrenmek, zähmet çekmek bilen kämillige ymtylmak ýaş nesillerimiziň baş maksady bolmalydyr” diýip belläp geçýär. Garaşsyz döwletimizde ýaş raýatlaryň ýokary hilli bilim almagy, aň-düşünjeli adamlar bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilýär. Ýaşlarymyza berilýän bilim jemgyýetimiziň we döwletimiziň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin berk esas bolup durýar. Ýokary hilli bilim almak, hünär öwrenmek, jemgyýetiň durmuşyna işjeň gatnaşmaga taýýar bolmak her bir adam üçin uly bagtdyr. Bilim biziň halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda toplan we nesilden-nesle geçirip gelýän gymmatly baýlygydyr, durmuş kadalarynyň, medeniýetiň we tejribäniň çeşmesidir.

Şahsyýetlerimiziň nusgalyk mekdebine eýerip, ýaşlarda Watana, merdana halkymyza we şöhratly taryhymyza buýsanjy, ylym-bilime höwesi artdyrmak, olaryň dünýä ülňülerine laýyk gelýän ylmyň iň soňky gazanan innowasion sanly tehnologiýalaryndan oňat baş çykarmagyny gazanmak, döwrebap bilim almagyny üpjün etmek, ýaşlara “Watan” diýen beýik düşünjäniň mukaddesdigini düşündirmek, ony gözüň göreji ýaly goramagy we ýürekden söýmegi ündemek Türkmenistanyň ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň özeni bolup durýar. Şonuň üçin hem ýaş nesliň döwrebap bilim hem terbiýe almagy üçin, olaryň Watanymyza, merdana halkymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza wepaly, milli däp-dessurlarymyza hormat goýýan we ony mynasyp dowam etdirýän ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin elimizden gelenini gaýgyrman, jan aýaman zähmet çekjekdigimize tüýs ýüregimizden ynandyrýarys. Ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny hemme taraplaýyn ösdürip, ýaşlarymyzyň döwrebap bilim almaklary üçin taýsyz tagallalary edýän, halkymyzyň ýagty geljegi ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

 

Nadira RAHMEDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Çärjew etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

03 Oktýabr 2024 | 56 okalan

ÝAŞULULYK GÖRELDESI

02 Oktýabr 2024 | 47 okalan

AK GELJEGE ROWAN ÝOLLAR

26 Sentýabr 2024 | 64 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR