“BERKARAR DÖWLETDE BELENTDIR ZENAN SARPASY” ATLY GEÇIRILEN WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI

Ata Watanymyzda mähriban ene-mamalarymyza, gelin-gyzlarymyza sarpa goýmak, olaryň mertebesini belent tutmak, edep-ekramyna, durmuş ýörelgelerine aýratyn söýgi we hormat bilen garamak müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýar. Öý-hojalyklarymyzyň ýaraşygy, durmuşymyzyň bezegi bolan zenanlarymyz asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçirilip, kämil derejä ýetirilen däp-dessurlarymyzy mynasyp dowam etdirmek bilen, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda yhlasly zähmet çekýärler. Häzirki wagtda gelin-gyzlaryň jemgyýetde öz mynasyp ornuna eýe bolmaga, döwlet işlerinde jogapkärli wezipeleri alyp barmaga, giň demokratik esaslarda saýlawlara gatnaşmaga, saýlamaga, intellektual ulgamlarda öz döredijiligini ösdürmäge ähli mümkinçilikler döredilen we şeýle hukuklar kanun esasynda berkidilen. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda zenanlarymyzyň asuda, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy, yhlasly zähmet çekmegi, mynasyp nesilleri terbiýeläp ýetişdirmegi üçin edilýän bimöçber aladalary, ýurdumyzda zenan mertebesiniň belentde tutulýandygyny, zenanlaryň hukuklary we borçlaryny, ahlak terbiýesini hem-de maşgala mukaddesligini wagyz-nesihat etmek maksady bilen 2023-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi, Kerki etrabynyň medeniýet merkezinde zähmet çekýän zenanlaryň arasynda “Berkarar döwletde belentdir zenan sarpasy” atly wagyz-nesihat çäresini geçirdi. Onda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň sanly ulgam boýunça hünärmeni O.Aşirowa, Kerki etrap medeniýet merkeziniň ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy Ş.Aşirowa dagylar çykyş etdiler.

 

A.RAHMANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

03 Oktýabr 2024 | 56 okalan

ÝAŞULULYK GÖRELDESI

02 Oktýabr 2024 | 47 okalan

AK GELJEGE ROWAN ÝOLLAR

26 Sentýabr 2024 | 64 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR