ARKADAG SERDARLY BAGTYÝAR ÝAŞLAR YNAMLY ÖŇE BARÝAR!

Arassa asmanyň astynda parahat zeminiň üstünde güneşli diýarymyzda bagtyýar ýaşaýan türkmen halkynyň her bir güni toý-baýrama, taryhy senelere, il-ýurt bähbitli wakalara, şatlyga, beslenýär. Döwletimiziň içeri we daşary syýasatynda gazanylýan üstünlikler, ykdysady, medeni, ruhy ösüşler, täzelikler göwünlerimizi galkyndyryp, şu günümize söýgi, geljegimize uly ynam döredýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda” Ýaşlara mydama ýurdumyzyň daglaryndan güýç, baglaryndan joş alyp, bagtyýar döwrümizden ruhlanyp ýaşamagy sargyt edýän Gahryman Arkadagymyzyň, ylymly bilimli, sagdyn ýaşlary döwletimiziň kuwwatly güýji, nurana geljegi hasaplaýan Arkadagly Serdarymyzyň belent Ynamy mukaddeslikdir, mähribanlykdyr, mertebedir. Bu beýik ynama halal zähmete, yhlasy erjelligi, maksada okgunlygy, wepalylygy bilen jogap bermek biz ýaşlara hökmany borç hem-de mertebe bolup durýar. Ynha ýaňy ýakynda 28-nji ýanwarynda “Mekan” köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VIII gurultaýy geçirildi. Oňa Ýaşlar guramasynyň Aşgabatdan hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan wekilleri gatnaşdylar. Nobatdaky gurultaýyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda geçirilmegi möhüm ähmiýete eýedir. Bu bolsa ýaş nesilleriň ata watanymyza bolan söýgüsini zähmete bolan yhlasyny hasda artdyrýar. Türkmenistanda Ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylýan işler watanmyzyň geljegi ýaşlar babatda edilýän tagallalaryň aýdyň subutnamasy bolup dabaralanýar. Ýaşlaryň halkara ülňülerine laýyk gelýän döwrebap bilim almagynda, saýlap alan hünärleri boýunça bilimlerini artdyrmagynda, ylymy we döredijilik işlerine höweslenmeginde, dünýägaraýyşlarynyň giňelmeginde, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagynda hemme  taraplaýyn goldaw bermek Hormatly Prezidentimiziň öňde goýýan baş wezipeleriniň biridir. Biz ýaşlar her pursatda Arkadagly Serdarmyzyň aladalaryny duýup ýaşaýarys. Her bir günümizi bagtly geljege, ýagty ertirlere atarýan hem-de ýaşlara ähli taraplaýyn görelde bolýan Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, başynyň belent, beýik işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris!

 

Alym MÄTIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Saýat etrap Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

03 Oktýabr 2024 | 56 okalan

ÝAŞULULYK GÖRELDESI

02 Oktýabr 2024 | 47 okalan

AK GELJEGE ROWAN ÝOLLAR

26 Sentýabr 2024 | 64 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR