HALK BAGTYÝARLYGYNYŇ KEPILI UGRUNDA

Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki taryhy mejlisinde kabul edilen çözgütleriň syýasy, ykdysady hem-de hukuk taýdan möhüm ähmiýetini, Gahryman Arkadagymyzyň eden taryhy çykyşyny etrabyň dürli edara-kärhanalarynda zähmet çekýän işgärleriň arasynda wagyz etmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Köýtendag etrap Geňeşiniň, welaýatyň Köýtendag etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Köýtendag etrap komitetiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Köýtendag etrap birleşmesiniň bilelikde guramagynda dabaraly maslahat geçirildi.

“Türkmen halkynyň Milli Lideri — halk bagtyýarlygynyň kepili!” ady bilen geçirilen dabaraly maslahat Köýtendag etrabynyň Hatap obasynda ýerleşýän medeniýet öýünde geçirildi. Maslahatda çykyşlara giň orun berlip, onda çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň: “Biz öz ýaş nesillerimize diňe bir durmuşy, bilimleri söýmegi öwretmek bilen çäklenmän, olary berk bedenli we ruhy taýdan sagdyn edip ýetişdirmegi hem göz öňünde tutýarys. Bu wezipe döwletimiziň iň möhüm we esasy wezipeleriniň biridir” diýen parasatly sözlerinden ugur alnyp, ýurdumyzda ýaş nesilleriň ruhy we beden taýdan ösüşini sazlaşykly guramaklyga, ylymly, bilimli, sagdyn ruhly we berk bedenli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmeklige berilýän üns-aladalar, olar üçin döredilýän şertler dogrusynda, şeýle hem öňde durýan wezipeler dogrusynda täsirli gürrüňleri etdiler. Soňra etrabyň medeniýet we sungat işgärleriniň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlaryna giň orun berildi.

Meňzeş habarlar

03 Oktýabr 2024 | 56 okalan

ÝAŞULULYK GÖRELDESI

02 Oktýabr 2024 | 47 okalan

AK GELJEGE ROWAN ÝOLLAR

26 Sentýabr 2024 | 64 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR