ARKADAG SERDARLY BAGTYÝAR HALKYMYZ, BERKARAR DÖWLETDE BUÝSANÇLY ÝAŞLAR

Watanymyzyň ähli taraplaýyn ösüşine eziz diýarymyzda alnyp barylýan içerki we daşarky syýasatymyza mynasyp derejede saldamly goşant goşýan türkmen ýaşlary bu günki gün uly işleri alyp barýarlar. Şu jähtden ugur alyp Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň “Arkadag Serdarly bagtyýar halkymyz, Berkarar döwletde buýsançly ýaşlar“ atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşlige  Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VIII gurultaýyna gatnaşan wekiller ýagny Türkmen Gündogary Gazetiniň uly habarçysy A.Hangeldiýew, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň hünärmeni A.Nikolaýew, Türkmenabat şäheriniň 2-nji orta mekdebiniň medeniýeti öwreniş mugallymy O.Sadykowa, “Türkmen gündogary” gazetiniň uly habarçysy M. Kadyrowa gatnaşdylar. Söhbetdeşlikde çykyş edenler “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň kanuny ýaşlarymyz  üçin uly ösüşleri nazarlaýan ajaýyp gelejegiň aýdyň subutnamasy bolandygyny, “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň kanuny häzirki wagtda ýaş nesillerimizi ählitaraplaýyn kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri, olaryň gadymdan bäri dowam edip gelýän asylly ýörelgelerimizi, däp-dessurlarymyzy, milli edim-gylymlarymyzy özlerine ýörelge edinmekleri üçin uly ähmiýete eýe bolup durýandygyny bellediler. Şeýle hem 2023-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VIII gurultaýynyň üstünlikli geçirilendigini we özleriniň Gurultaýa wekil hökmünde gatnaşandyklaryny uly buýsanç bilen bellediler. Gurultaýyň dowamynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasynda bellenilen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreler, şeýle hem “Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşini hem-de döwrüň möhüm wezipelerini nazarda tutyp, Ýaşlar guramasynyň Tertipnamasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizilendigini we beýleki birnäçe guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşylandygyny şeýle hem ýurdumyzda okaýan işleýän ýaşlarmyzyň ýürek buýsançlary diňländiklerini we ýurdumyzyň öňde baryjy ýaşlaryna Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan ýadygärlik gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy diýip uly buýsanç bilen belläp geçdiler. Söhbetdeşligiň barşynda ýaşlarymyzyň yhlasly okamagy, döredijilikli zähmet çekmegi hem-de Ýaşlarymyzy bagtyýar hem-de eşretli ertirlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza berk jan saglygyny, beýik tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Azat AMANOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň

Sanly ulgam boýunça hünärmeni.

Meňzeş habarlar

03 Oktýabr 2024 | 56 okalan

ÝAŞULULYK GÖRELDESI

02 Oktýabr 2024 | 47 okalan

AK GELJEGE ROWAN ÝOLLAR

26 Sentýabr 2024 | 64 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR