Biz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar ýaşlary! Arkadagly Serdarymyza, türkmen halkynyň Milli Lideri – mähriban Arkadagymyza tüýs ýürekden buýsanmaga hakymyz bar. Sebäbi eziz ülkämiziň at-abraýy arşa galýar, mertebesi beýgelýär. Barha kuwwatlanýan ata Watanymyz bu günki gün dünýäniň güýçli depginleri bilen ösýän döwletleriniň birine öwrüldi. Şol ösüşlerden ruhlanan mähriban halkymyz, bagtyýar ýaşlarymyz bolsa, bu günki gün Arkadagly Serdarymyzyň, mähriban Arkadagymyzyň daşyna jebisleşip, eziz Diýarymyzy has-da belent sepgitlere ýetirmek üçin gujur-gaýratly zähmet çekýärler, işleýärler, okaýarlar, döredýärler. Şol zähmetiň ýerine düşýänligi bolsa, ozaly bilen Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan öňdengörüjilikli adyl syýasatynyň netijesinde amala aşyrylýar.
“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda ýaşlarymyza bildirilýän uly ynamyň döwrüdir! Çünki ýaşlarymyza buýsanç nazary bilen bakylmagynyň aňyrsynda uly many bar. Sebäbi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Arkadagly Serdarymyzyň dowam etdirmeginde biziň Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň her bir ulgamynda uly ösüşler, öňegidişlikler gazanylýar. Muny biz her bir ädimde görýäris, duýýarys.
28-nji ýanwarda paýtagtymyzdaky “Mekan” köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII Gurultaýy geçirildi. Nobatdaky foruma Ýaşlar guramasynyň ýurdumyzyň ähli künjegindäki wekilleri, öňdebaryjy ýaşlar, talyplar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Geçen ýylyň 1-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII Gurultaýynda eden çykyşynda döwlet Baştutanymyz ýaşlaryň öňünde möhüm wezipeleri goýdy we olaryň bilimini, zehinini, ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak üçin ähli şertleriň, mümkinçilikleriň dörediljekdigini aýratyn nygtady. Şulardan ugur alyp, “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip yglan edilen 2023-nji ýylda halk hojalygynyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän ýaşlar belent sepgitlere ýetmek üçin öňde duran möhüm wezipelere goşant goşmaga çalyşýarlar. Bu wezipeler esasan şulardan ybaratdyr.
Ýaş nesilleriň döwrebap bilim-terbiýe almagy, ylym, hünär öwrenmegi, eşretli durmuşda bagtyýar ýaşamagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli amala aşyrýan beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Gülşirin GAÝYPOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Akdepe etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.