“ÝÖRÜŇ ÖŇE, BELENT TUTULSUN BAŞLAR, ARKADAG SERDARLY BAGTYÝAR ÝAŞLAR”

Nobatdaky Gurultaýyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda” geçirilmegi möhüm ähmiýete eýedir. Ýaşlaryň döwrebap bilimli, aň-düşünjeli, ruhy-ahlak we beden taýdan sagdyn ýetişmekleri baradaky meseleler döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns merkezinde durýar. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň beýik özgertmeler ýoly bilen öňe gitmegini hut ýaşlar bilen baglanyşdyrýar. Öňde goýlan beýik maksatlara ýetmekde ýaş türkmenistanlylara uly orun degişlidir. Bu Gurultaýyň dowamynda oňa gatnaşyjylar “Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasynda” bellenilen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreleri, şeýle hem, “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi hem-de döwrüň möhüm wezipeleri nazarda tutulup, Ýaşlar guramasynyň Tertipnamasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek we beýleki birnäçe guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şu gezekki forum türkmen ýaşlarynyň agzybirligini, Watanymyzyň röwşen geljeginiň hem-de täze taryhy eýýamyň beýik taglymlarynyň dabaralanmagynyň hatyrasyna döwlet Baştutanymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň daşyna mäkäm jebisleşýändiklerini ýene bir gezek aýdyňlygy bilen görkezdi. Bu gün arzuwlaryň hasyl bolýan mekany ata Watanymyz ösüp gelýän ýaş nesilleriň dünýä ülňülerine laýyklykda ýokary hilli bilim almagy, ylym öwrenmegi, beden, ruhy taýdan sagdyn kemala gelmegi hem-de kämil hünärmenler we şahsyýetler bolup ýetişmegi ugrunda ähli mümkinçilikleri döredýän döwlet hökmünde tanalýar. Degişli ugurda ýurdumyzda ýaşlaryň öz ýagty geljegini gurmagy, ussat hünärmenler bolup ýetişip, özleriniň ukyp-başarnyklaryny Watanymyzyň ösüşlerine gönükdirmegi hem-de döredijilik äleminde öz mynasyp orunlaryny tapmaklary üçin döwlet derejesinde uly tagallalar edilýär.

Ýaşlar guramasynyň hünärmenleri eziz Diýarymyzda zehinli, zähmetsöýer ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen, birnäçe döredijilik bäsleşiklerini, wagyz-nesihat duşuşyklaryny yzygiderli geçirip durýar. Şeýle bäsleşiklerdir wagyz-nesihat duşuşyklarynyň yzygiderli geçirilmegi ylymly, bilimli, zähmetsöýer, watansöýüji ýaşlaryň kemala gelmegine ýardam edýär.

Geljekde hem ýaşlar baradaky döwlet syýasatynda göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde yhlasymyzy gaýgyrman zähmet çekjekdigimize uly buýsanç bilen ynandyrýarys.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biz – ýaşlara zähmet çekmäge, öz ukyp-başarnyklarymyzy açyp görkezmäge giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiz – Arkadagly Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri – Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag bolsun, röwşen ömürleri uzak bolsun, beýik tutumly işleri rowaçlyklara beslensin !

 

Sülgün PIRIÝEWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Akdepe etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

29 Noýabr 2024 | 11 okalan

GADYMY KÖNEÜRGENJE SYÝAHAT

27 Noýabr 2024 | 77 okalan

ÝAŞLYGYŇ JOŞGUNY