AJAP ŞYGAR – DÖWRÜMIZIŇ DESSANY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgesinden ugur alyp, asuda we parahat ýaşaýan halkymyzyň 2023-nji täze ýyly nurana arzuwlar, belent maksatlar, zähmet üstünlikleri bilen garşylaýandygy buýsandyryjydyr. Halkymyzyň isleg-arzuwlaryny nazarda tutup, 2023-nji ýylyň şygaryny ýaşlaryň ady bilen baglanyşdyrmak baradaky teklipler uly goldawa eýe bolup, eziz halkymyzy täze belentliklere ruhlandyrýar.

Geçen ýyl ýurdumyz we halkymyz üçin şanly wakalaryň hem-de ajaýyp üstünlikleriň ýyly boldy. Halkymyz tarapyndan 2023-nji ýyly “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýip atlandyrmak baradaky teklipler bolsa, tutuş türkmenistanlylaryň buýsanjyny goşalandyrdy. Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyz eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar we hormatly Prezidentimiz tarapyndan öňde goýlan beýik maksatlaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin ýurdumyzyň ähli pudaklarynda ýaýbaňlandyrylan oňyn özgertmeleriň amala aşyrylmagy ugrunda döredijilikli zähmet çekýär. Bu bolsa, eziz halkymyzyň nurana we bagtyýar geljegine bolan ynamyny has-da artdyrýar.

Hormatly Prezidentimiziň eziz Diýarymyzy ösüşiň täze belentliklerine çykarmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak ugrunda alyp barýan döwletli  işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýäris ! Döredip berýän  şeýle ajaýyp mümkinçilikleri üçin tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýdýarys ! Halkymyza eşretli zamanany bagyş edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin !

 

Parahat SABIROW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Boldumsaz etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar