Bagtyýar halkymyz bu gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda demokratik ýörelgeleriň giňden ornaşdyrylmagy bilen jemgyýetimiziň berkararlygyny, raýat jemgyýetiniň pugtalandyrylmagyny üpjün edýän beýik başlangyçlar öňe sürülýär. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň” ilkinji günlerinde ýurdumyzda Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň başlangylary bilen ençeme taryhy ähmiýetli wakalaryň geçirilmegi her birimiziň Watanymyza, halkymyza bolan beýik söýgümizi has-da artdyrdy.
Şanly dabaralara beslenýän şu ýylyň 21-nji ýanwarynda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki Maslahatynda hormatly Prezidentimiziň Permany bilen, halkymyzyň erk-islegi esasynda Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenilmegi, Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmen halkynyň milli Lideri” diýen belent derejäniň kanun esasynda berkidilmegi biz ýaşlary diýseň guwandyrdy, buýsandyrdy.
Abraýly döwlet, syýasy we jemgyýetçilik işgäri hökmünde milli hem-de halkara derejede ykrar edilen, döwrümiziň beýik şahsyýeti, Türkmenistanyň Gahrymany, Hormatly il ýaşulusy, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy «Türkmen halkynyň Milli Lideri» diýip ykrar etmek hakyndaky Konstitusion Kanunyň kabul edilmegi bolsa, göwnümize ganat berip, şatlygymyzy goşalandyrdy. Çünki Gahryman Arkadagymyz halkymyzyň eşretli durmuşyny, bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmekde, döwletimiziň berkararlygyny has-da berkitmekde, milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmakda asyrlara barabar işleri bitirip, bireýýäm Milli Lider derejesine göterilen görnükli şahsyýetdir.
Gahryman Arkadagymyz halkymyzy baky bagta, döwletli döwrana ýetirdi. Halkyň Arkadagynyň guran aýdyň ýoly — ak geljegiň, bagtyýar ertirleriň ýoly.
Bizi şeýle eşretli, bolelin, parahat zamanada ýaşadýan, halkyny gün kimin çoýýan Milli Liderimiziň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, röwşen ömürleri uzak bolsun, döwletli tutumlary elmydama üstünliklere we rowaçlyklara beslensin!
Wepa ESENOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat
Geňeşiniň hünärmeni.