Megerem, ýaşlyk barada söz açylanda ömrüň bu bölegini «altyn» döwre kybaplaşdyrsak, ýalňyş bolmasa gerek. Çünki ýaşlyk mümkinçilikleriň «altyn» açary, ýagty ertelerimizi döretmegiň binýadyny goýjak başlangyçdyr. Bu hakykaty biz — türkmen ýaşlary Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýaşlar syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagynda doly görýäris. Muny, iň täze mysal hökmünde, 2023-nji ýylyň ýurdumyzda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi hem ikuçsyz tassyklaýar.
Ýaşlar — Watanymyzyň synmaz kuwwaty. Milli ösüşimiziň täze tapgyry bolan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlara ýurdumyzy belent sepgitlere çykarjak, çeperleşdirip beýan etsek, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda zähmeti guramakdan başlap, dolandyryjy wezipelerde işlejek ynsanlaryň altyn «gaznasy» hökmünde garalýar. Muňa «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» hem aýdyň şaýatlyk edýär. Bu barada hormatly Prezidentimiz: «Biz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňümizde belent maksatlary goýduk. Mähriban Watanymyzyň abadançylygyny we durmuş-ykdysady ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, dünýäde parahatçylygy hem-de ynanyşmagy berkitmek wezipelerini öňe sürdük. Şu belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys» diýip belleýär.
Bu gün türkmen ýaşlarynyň barha globallaşýan we siwilizlenýän XXI asyrda innowasion özgerişliklerden habarly, döwrebap tehnologiýalardan baş çykarýan we häzirki zaman täzeçil çemeleşmeler arkaly ykdysadyýetiň ähli ulgamlarynda tutanýerli zähmet çekjek täze nesli kemala geldi. Olar halk hojalygynyň ýetýän belent sepgitlerine mynasyp goşant goşup, jemgyýetdäki möhüm ornuny pugtalandyrýar.
Ýazyjy aýtmyşlaýyn, gürrüňiň «demini» çuňdan alsak, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň täze rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi hem-de üstümizdäki ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy biz — ýaşlara bildirilýän ynamyň näderejede ýokarydygyndan habar berýär. Munuň özi biziň her birimizi ata Watanymyzyň ösüşlerine saldamly goşant goşup, öndürijilikli, döredijilikli we netijeli zähmet çekmäge borçly edýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri — ata Watanymyzyň nurana geljeginiň eýeleri, parlak ýyldyzlary bolan ýaşlaryň döwri. Munuň şeýledigini 21-nji ýanwarda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki Maslahatynda Gahryman Arkadagymyzyň taryhy söz sözläp, biz — ýaşlar barada aýratyn nygtamagy doly delillendirdi. Maksatnamalaýyn çykyşynda Gahryman Arkadagymyz: «Biz ýaşlary ýurdumyzyň geljegi hasaplaýarys. Biziň ösüşlerimiz, ata Watanymyzyň berkararlygy, ýurdumyzyň asudalygy, il-günümiziň abadançylygy ýaşlarymyza baglydyr. Men türkmen ýaşlarynyň bu belent ynamy ödejekdiklerine berk ynanýaryn» diýip nygtady. Bu ugurda tutanýerli zähmet çekip, belent ynamy ödemek üçin bolsa, bizde ähli mümkinçilikler bar. Çünki ýurdumyzda ýaşlar döwlet tarapyndan hemmetaraplaýyn goldanylyp, hukuklarymyz üpjün edilýär. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň täze rejelenen görnüşiniň 32-nji maddasynyň 7-nji bendinde bilim edarasyny tamamlan, ýaňy işe kabul edilen ýaş hünärmenleriň girdeji salgydyny zähmet döwrüniň birinji ýylynda bellenilen kadasyndan 50 göterim, ikinji we üçünji ýylynda 25 göterim ýeňillikli tölemegiň tertibini Türkmenistanyň salgyt kanunçylygyna laýyklykda kesgitlemek, 34-nji maddasynyň 2-nji bendinde ýaşlar telekeçiliginiň kärhanalarynyň işini maddy-enjamlaýyn we maliýe taýdan goldamak boýunça döwlet çäreler ulgamyny döretmek we durmuşa geçirmek ýaly möhüm wezipeleriň göz öňünde tutulmagy ýokarda aýdylanlaryň ikuçsyzdygyny doly tassyklaýan mysallardyr.
Hormatly Prezidentimiz geçen ýyl geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýyna gatnaşyp, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna gol çekmek bilen, Ýaşlar guramasynyň öňünde duran täze strategik wezipeleri kesgitledi. Degişli ugurda Ýaşlar guramasy ajaýyp işleri durmuşa geçirýär. Muňa aýratyn zehinli çagalara guramanyň Merkezi Geňeşi tarapyndan Gulbaba adyndaky Çagalar baýragynyň gowşurylmagy, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde, ýaşlaryň arasynda her ýyl ylmy işler boýunça bäsleşigiň geçirilmegi aýdyň güwä geçip, bagtyýar çagajyklaryň we zehinli türkmen ýaşlarynyň geljekki üstünliklerine badalga hökmünde hakydalarda galýar. Munuň üçin biz — ýaşlar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýaşlar syýasaty babatda alyp barýan ajaýyp işlerine çäksiz hoşallygymyzy bildirýäris.
Hawa, bu günki türkmen ýaşlary tutuş ýurduň ykbalyna dahylly, halka, il-güne, ata-enä wepaly perzentlerdir, Arkadagly Serdarly döwrümizde Türkmenistan döwletimiziň ýagty ertirlerini döretjek, öz bähbidinden halkyň bähbidini üstün goýýan, ýürekleri hemişe Watanym, halkym diýip urýan nesillerdir. Ýaşlar — ýurdumyzyň ykbalydyr, ýagty ertirleriniň eýeleridir. Goý, türkmen ýaşlarynyň ählitaraplaýyn ösmegi we kämilleşmegi ugrunda taýsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz – Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, beýik işleri hemişe rowaç bolsun!
Jumamyrat GUTLYÝEW.
Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň
maliýe we ykdysadyýet bölüminiň hünärmeni,
Ýaş alym, Türkmenistanyň Magtymguly
adyndaky Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy.