BERKARAR DÖWLETIŇ TÄZE EÝÝAMYNYŇ GALKYNYŞY DÖWRÜNIŇ ÝYL ÝAZGYSY — 2022-NJI ÝYL GURLUŞYK, SENAGAT WE ELEKTRIK ENERGETIKASY TOPLUMY

Ykdysadyýetimiziň okgunly ösýän möhüm ulgamy hökmünde ykrar edilen gurluşyk we senagat toplumy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başyny başlan giň gerimli maksatnamalaryny, şol sanda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» yzygiderli durmuşa geçirmekde wajyp orny eýeleýär. Syn berilýän ýylda ýaşaýyş jaýlary, döwrebap mekdepler, çagalar baglary, saglygy goraýyş we sport maksatly desgalar, seýilgähler we beýleki köp sanly desgalar ulanmaga berildi. Bularyň ählisi döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň barha artýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Diýarymyzyň çar künjeginde amala aşyrylýan ägirt uly gurluşyklar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmenistanlylaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen döredijilikli, durmuş ugurly döwlet syýasatynyň aýdyň netijesidir. Ak mermerli Aşgabat ýurdumyzyň kuwwatynyň artýandygynyň, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de Arkadagly Serdarymyzyň dowam etdirýän özgertmeleriniň üstünliklere eýe bolýandygynyň nyşanydyr. Aşgabat dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin has oňaýly şäherleriniň biri hökmünde öz derejesini barha berkidýär. Ýurdumyzyň baş şäheriniň ösdürilmegi, uzak möhletli geljegi nazara almak bilen, onuň düzüminiň kämilleşdirilmegi döwlet Baştutanymyzyň täzeçil şähergurluşyk syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

2022-nji ýylyň 24-nji martynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Içeri işler ministrliginiň paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň “Çoganly” ýaşaýyş toplumyndaky Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky kottejler toplumynyň ikinji tapgyryny ulanmaga bermek mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy. Bu ýaşaýyş jaý toplumy Aşgabadyň ajaýyp binagärlik keşbi bilen sazlaşykly utgaşyp, häzirki döwrüň özboluşly nyşanyna, amala aşyrylýan durmuş ugurly syýasatyň dabaralanmasyna öwrüldi. Bu syýasatyň esasy ýörelgesi “Döwlet adam üçindir!” diýen şygarda aýdyň beýanyny tapdy.

Ýylyň ahyrynda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň günbatar bölegindäki ýaşaýyş jaý toplumynda täze, döwrebap desgalaryň uly toplumynyň — ýaşaýyş jaýlarynyň, umumybilim berýän orta mekdebiň, çagalar bagynyň, söwda-dynç alyş merkezleriniň açylyş dabarasy boldy. Bu durmuş maksatly taslama ýurdumyzyň baş şäheriniň çäkleriniň giňelýändigini hem-de onuň ýaşaýjylarynyň sanynyň artýandygyny nazara almak esasynda işlenip taýýarlanyldy. Häzirki wagtda Aşgabadyň bu künjeginde döwrebap ýol-ulag ulgamy, şäherliler üçin has oňaýly şertleri döretmek babatda inženerçilik-kommunikasiýa ulgamlarynyň tutuş toplumy döredildi. Täze ýaşaýyş jaý toplumynda ýaşaýyş-durmuş düzüminiň zerur bolan ähli desgalary, oňat abadanlaşdyrylan çagalaryň oýun we sport meýdançalary bar. Bu toplumyň çägini abadanlaşdyrmak, bagy-bossanlyga öwürmek boýunça işleriň uly toplumy geçirildi.

Geçen ýylyň oktýabrynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistana resmi saparynyň çäklerinde paýtagtymyzda “Daşkent” seýilgähiniň açylmagy şanly waka boldy. Bu seýilgähde maşgala bolup göwnejaý dynç almak we boş wagtyňy netijeli geçirmek üçin ähli şertler göz öňünde tutuldy. Häzirki wagtda täze seýilgähde çagalar hem, uly ýaşly adamlar hem boş wagtlaryny çaýhanada, owadan bezelen attraksionlarda, çagalar oýun meýdançalarynda gyzykly geçirýärler. Seýilgähiň bezeginde özbek halkynyň milli bezeginiň hem-de binagärliginiň ýörelgeleri giňden ulanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň öňde goýan wezipelerine laýyklykda, ýurdumyzyň ähli künjeginde ägirt uly binagärlik toplumlary, edara binalary, has oňaýly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan ýaşaýyş jaýlary, iň kämil, döwrebap tehnikalar bilen üpjün edilen iri önümçilik kärhanalary gurulýar. Olar häzirki taryhy eýýamyň döredijilik ruhunyň aýdyň beýanyna öwrüldi.

2022-nji ýyl Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň ýokary depginde alnyp barylýan gurluşygy we oňa “Arkadag şäheri” adynyň dakylmagy, şeýle-de bu giň gerimli taslamanyň ikinji tapgyrynyň durmuşa geçirilip başlanmagy bilen ýatda galar. Bu “akylly” şäheriň innowasion taslamasy dünýäniň we milli binagärligiň, bezegiň, tehnologik üpjünçiligiň iň gowy ýörelgelerini özünde jemleýär. Şäher düzümi durmuş we beýleki maksatly desgalaryň toplumyny, şol sanda çagalar baglaryny, mekdepleri, beýleki ýöriteleşdirilen okuw mekdeplerini, saglygy goraýyş, medeniýet, söwda, hyzmatlar ulgamlarynyň edaralaryny, sport desgalaryny, edara binalaryny özüne birleşdirýär.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň welaýatlaryna iş saparlaryny yzygiderli amala aşyryp, ýerlerde özgertmeleriň ilerledilişi, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler bilen tanyşýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow geçen ýylyň aprel aýynda Balkan welaýatyna bolan saparynyň barşynda Türkmenbaşy şäherinde 400 orunlyk köpugurly hassahananyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu döwrebap desga ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilýän düzüminiň üstüni ýetirdi.

Şondan bir aý geçenden soňra, döwlet Baştutanymyz Daşoguz welaýatyna baryp, möhüm ähmiýetli saglygy goraýyş desgalarynyň ikisiniň — ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň edara ediş merkezinde gurlan köpugurly we onkologiýa hassahanalarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy. Bu wakalar “Sagdyn jemgyýet sagdyn döwletiň esasydyr” şygary astynda adamlaryň saglygyny goramak we berkitmek, sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek, keselleriň öňüni almak, olary öz wagtynda bejermek boýunça alnyp barylýan işlere uly üns berilýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy. Dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň öňdebaryjy enjamlary bilen üpjün edilen sebitdäki iri täze hassahanalar ýerlerde ýokary hilli lukmançylyk kömegini bermek arkaly ilatyň saglygyny berkitmek we ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak babatda ýurdumyzyň esasy merkezlerine öwrülmelidir.

1-nji awgustda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň şypahana düzüminiň üstüni ýetiren “Rowaç” atly täze, döwrebap kottejler toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Hazaryň ekologik taýdan arassa kenarynda nobatdaky täze desgalaryň ulanmaga berilmegi ýene-de has köp adama oňat dynç almaga hem-de saglyklaryny berkidip, goşmaça güýç-kuwwat almaga mümkinçilik berýär.

Häzirki wagtda amala aşyrylýan ençeme beýleki gurluşyklar ýaly, bu taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň hem ägirt uly kuwwata eýe bolan we geçen ýyllaryň dowamynda paýtagtymyzda, welaýatlarda gurluşyk işlerinde uly tejribe toplan hususy telekeçilere ynanylandygy bellärliklidir.

Her ýylky iri halkara sergiler häzirki Türkmenistanyň gazananlary, şäherleriň hem-de sebitleriň ýaşaýyş durmuşyny has oňaýly ýagdaýda guramaga gönükdirip ulanylýan innowasion tehnologiýalary, türkmen ykdysadyýetiniň geljegi uly we tiz depginler bilen ösýän pudaklarynyň biri bolan gurluşyk-senagat toplumynyň kuwwaty bilen giň jemgyýetçiligi tanyşdyrýar. Şolaryň hatarynda maý aýynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXI köpugurly halkara sergi, senagat taýdan okgunly ösüş ýoluna düşen ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanan Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirildi. Şunda “Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2022” atly halkara sergi hem-de onuň çäklerinde geçirilen ylmy maslahat aýratyn orny eýeledi. Bu çäreler Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününe bagyşlandy.

Halkara gözden geçirilişlerde ýaýbaňlandyrylan Türkmenistanda öndürilýän häzirki zaman gurluşyk we bezeg serişdeleriniň giň görnüşleri gurluşyk pudagynyň döwrebaplaşdyrylmagy, gurluşyk serişdelerini öndürmek boýunça importyň ornuny tutýan kuwwatlyklary döretmek, eksport ugurly harytlaryň öndürilişiniň möçberini artdyrmak, sanly tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak bilen baglanyşykly wezipeleriň üstünlikli çözülýändigini aýdyň görkezýär. Häzir ýurdumyzyň gurluşyk senagaty kärhanalary tarapyndan öndürilýän önümleriň hatarynda berkligi, seýsmiki durnuklylygy, gowulandyrylan ulanyş häsiýetnamalary bilen tapawutlanýan diwarlyk paneller we armirlenen bloklar, bezeg plitalary, sement, kerpiç, keramzit, magdan däl gurluşyk serişdeleri, metal gurnamalary, ýygnama demir-beton önümleri, plastik we aýna süýümli turbalar bar.

Döwlet Baştutanymyz täze gurluşyklaryň ýokary hilli gurluşyk serişdeleri bilen yzygiderli üpjün edilmeginiň möhümdigine ünsi çekip, ýurdumyzyň kuwwatly senagatyny döretmek, importyň ornuny tutýan önümleri öndürmek, türkmen topragynyň örän baý ýerli çig mal serişdelerini giňden özleşdirmek boýunça işleri çaltlandyrmagyň zerurdygyny nygtaýar. Şol tabşyryklara laýyklykda, gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň täze känlerini ýüze çykarmak boýunça geologik barlaglar işjeň alnyp barylýar. Bu işleriň netijeleri önümçilik toplumlarynyň kuwwatyny artdyrmaga hem-de ýokary hilli gurluşyk serişdeleriniň, beýleki önümleriň öndürilişiniň möçberini köpeltmäge gönüden-göni ýardam edýär. Şeýle önümlere ýurdumyzda we daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýär.

Beýleki möhüm ugurlara — gurluşyk senagatynyň önümleriniň görnüşlerini yzygiderli giňeltmäge, pudagyň önümçilik, ylmy-tehniki kuwwatyny pugtalandyrmaga, hojalygy dolandyrmagyň netijeli usullaryny ornaşdyrmaga-da uly üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda hereket edýän önümçilikleri tehniki we ykdysady taýdan durnuklylaşdyrmaga, olary döwrebaplaşdyrmaga, durkuny täzelemäge, importyň ornuny tutýan hem-de eksport ugurly önümleri öndürmäge ýöriteleşen täze zawodlary, kärhanalary gurmaga gönükdirilen uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda çüýşe önümçiliginiň kuwwatyny artdyrmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň iýulynda Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligine Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda bir gije-gündiziň dowamynda 100 tonna çüýşe önümini öndürýän önümhananyň taslamasyny düzmek we onuň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Rysgally zähmet” hususy kärhanasy bilen şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi.

Şeýle hem häzirki wagtda täze sement zawodlaryny, keramiki-bezeg plitalaryny we sanfaýans önümlerini öndürmek boýunça zawodyň gurluşygy alnyp barylýar. Bildirilýän talaplara laýyklykda, tutuş Diýarymyz boýunça gurulýan desgalarda hem-de olaryň bezeg işlerinde diňe ýokary hilli serişdeler ulanylýar. Olar saýlanyp alnanda, ýurdumyzyň howa şertleri, ekologik kadalara laýyk gelşi, berkligi, ulanyşda amatlylygy göz öňünde tutulýar. Bina edilýän desgalaryň binagärligiň gadymdan gelýän däplerini hem-de häzirki zaman dünýä şäher gurluşygynyň tejribelerini özünde jemleýändigi bellärliklidir. Munuň özi Diýarymyzyň gurluşyk pudagynyň döwür bilen aýakdaş gidip, dünýäniň iň oňat tejribesini göz öňünde tutýandygyna şaýatlyk edýär.

Gurulmagy aýratyn inženerçilik-tehniki çözgütleri we iň täze tehnologiýalaryň ulanylmagyny talap edýän desgalar, şol sanda awtobanlar, köprüler, estakadalar, ýerasty geçelgeler we ýurdumyzyň esasy ýollaryndaky köpgatly ýol aýrytlary uly gyzyklanma döredýär. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de awtomobil ýollarynyň gurluşyk ulgamyny has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, 2022-nji ýylyň fewralynda Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi döredildi.

Geçen ýylyň 8-nji awgustynda Hazar deňziniň kenarynda zähmet rugsadynda bolan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ulag düzüminiň ýene bir möhüm desgasynyň — Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň ugrunda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsiniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Munuň özi häzirki zaman ulag-logistik ulgamy döretmek we yklymda möhüm üstaşyr ulag geçelgesine öwrülen döwlet hökmünde ýurdumyzyň eýeleýän ornuny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýediginiň ýene-de bir mysalydyr. Täze awtomobil köprüsi ýurdumyzyň ählumumy ykdysady giňişlige has işjeň goşulyşmagyna, dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmegine oňaýly şertleri üpjün eder. Şu maksatlar bilen Türkmenistanda täze awtomobil ýollarynyň gurulmagy hem-de ozal bar bolanlarynyň durkuny täzelemek işi göz öňünde tutuldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe himiýa senagatynyň ösdürilmegine, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge, ugurdaş kärhanalaryň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmaga we sanlylaşdyrmaga, öndürilýän önümleriň görnüşini giňeltmäge, täze tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga, himiýa önümçiligini ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün etmäge uly üns berilýär.

13-nji aprelde Mary etrabynda täze önümçilik desgasy –— senagatyň dürli pudaklarynda uly isleg bildirilýän himiýa önümi bolan tehniki uglerody öndürýän zawod açyldy. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna hem-de Türkmenistanda öndürilýän eksport harytlarynyň möçberini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ugurdaş desgalary yzygiderli bina etmek göz öňünde tutulýar.

Öňde goýlan wezipeleri, şol sanda halk hojalyk toplumyny güýçli depginde senagatlaşdyrmak boýunça wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmekde energetika senagatyna möhüm orun berilýär. Giň gerimli özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda döwrebap elektrik stansiýalary guruldy, öndüriji kuwwatlyklar ençeme esse artdyryldy, täze elektrik geçiriji ulgamlar guruldy we täzelenildi. Türkmenistanyň elektroenergetika pudagyny ösdürmegiň Konsepsiýasy ýurdumyzyň elektroenergetika kuwwatynyň artdyrylmagyna uly itergi berdi. Ýurdumyzyň dünýä energetika ulgamyna mundan beýläk-de goşulyşmagy üçin amatly şertleri döretdi.

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli döwrebaplaşdyrmak, paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň depginli ösüşini nazara almak bilen, täze kuwwatly energetika ulgamlaryny döretmek boýunça netijeli çäreler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň halkalaýyn energiýa ulgamyny döretmek boýunça giň möçberli taslama üstünlikli amala aşyrylýar. Taslamanyň durmuşa geçirilmegi şäherleri we obalary elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmäge, durmuş-ykdysady ösüşiň möhüm wezipelerini çözmäge, türkmen elektrik energiýasyny daşary ýurtlara, esasan-da, goňşy ýurtlara eksport etmegiň mümkinçiliklerini giňeltmäge ýardam berer.

Mälim bolşy ýaly, sebitdäki goňşy ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugrudyr. Türkmenistanyň Owganystan bilen hyzmatdaşlygy hem-de bu ýurduň halkyny goldamak ugrunda edýän tagallalary munuň aýdyň mysalydyr. Şunuň bilen baglylykda iri halkara taslamalaryň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berilýär. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamyny çekmegiň taslamasy şolaryň iň möhümleriniň biridir. Taslamanyň amala aşyrylmagy diňe bir goňşy döwletde durnuklylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna anyk goşant bolmak bilen çäklenmän, eýsem, tutuş sebitiň hem durmuş-ykdysady ösüşine goşant bolar.

Ýurdumyz energetika senagatyny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça maksatnamany üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça ýyl-ýyldan yzygiderli çäreler durmuşa geçirýär. 2022-nji ýylyň iýul aýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynda gurlan Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Häzirki wagtda bu kärhana Merkezi Aziýada bu ugurda hyzmat edýän ýeke-täk kärhanadyr. Bu ýerde işgärleriň hünär taýdan kämilleşdirilmegi, şol sanda daşary ýurtlardaky ugurdaş kärhanalarda işlemek arkaly tejribe alyşmaklary üçin ähli şertler döredilipdir.

Abatlaýyş işleri gysga wagtda we ýokary hilli ýerine ýetirilýär. Bu bolsa ugurdaş enjamlaryň uzak wagtlap hyzmat etmegine, diýmek, ýurdumyzda hereket edýän elektrik beketleriniň doly güýjünde bökdençsiz işledilmegine gönüden-göni ýardam berýär. Täze önümçilik toplumyna öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylandygy, gurluşygynyň ýokary hilli ýerine ýetirilendigi, ekologik taýdan arassalygy üçin halkara güwänamalaryň berlendigi bellärliklidir.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň elektroenergetika kuwwaty” atly kitabynda Türkmenistanyň elektroenergetika strategiýasyna bu ulgamda amala aşyrylýan milli maksatnamalara we iri taslamalara, olaryň Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artdyrylmagyna edýän oňyn täsirine seljerme berilýär. Bu kitap Watanymyzyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda ähli ildeşlerimiz üçin ajaýyp sowgat boldy.

Neşirde Gahryman Arkadagymyzyň 2022-nji ýylyň sentýabrynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplary we mugallymlary bilen duşuşygyndaky eden çykyşy ýerleşdirilipdir. Kitapda ýurdumyzyň elektroenergetikasynyň kemala gelmeginiň taryhyna, ony döwrebaplaşdyrmak, alnyp barylýan döwlet syýasatynyň maksatlary hem-de wezipeleri bilen baglylykda, ykdysadyýetiň bu pudagynyň köpugurly döwrebap düzümlerini döretmek boýunça amala aşyrylýan yzygiderli çärelere aýratyn üns berlipdir. Şeýle-de neşirde energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini giňden ulanmagyň we “ýaşyl” ykdysadyýeti ösdürmegiň möhümdigine üns çekilýär.

Türkmenistan energetika ulgamynda sebit we halkara ähmiýetli iri taslamalary amala aşyrmak bilen, daşky gurşawy goramak meselelerine örän jogapkärli çemeleşýändigini görkezýär. Hut şonuň üçin-de serişde tygşytlaýjy, ekologik taýdan arassa tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady maksatnamalaryň esasy ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda gurulýan döwrebap obalary we senagat toplumlaryny elektrik energiýasy bilen ygtybarly, bökdençsiz üpjün etmek maksady bilen, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini, hususan-da, Gün we ýel energiýasyny ulanmak arkaly elektrik energiýasyny öndürmek boýunça innowasion taslamalar işlenip taýýarlanylýar. Mälim bolşy ýaly, “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda” Türkmenistanyň Kanuny taýýarlanyldy we ol 2021-nji ýylyň martynda güýje girdi.

Syn berilýän ýylyň iýul aýynda döwlet Baştutanymyzyň degişli Kararyna laýyklykda, Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda kuwwatlylygy 10 MWt bolan ilkinji köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasynyň gurluşygyna başlandy. Desga ekologik taýdan arassa energiýany işläp, “Altyn asyr” Türkmen kölüniň töwereginde dörediljek ilatly ýerleri elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün eder. Ýurdumyzyň taryhyndaky bu ilkinji taslamanyň durmuşa geçirilmegi pudagyň kuwwatlyklaryny artdyrmaga, bu ugurda milli hünärmenleri taýýarlamaga, täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer. Bularyň ählisi “ýaşyl” energetikanyň mümkinçiliklerini ulanmak boýunça taslamalaryň uly geljeginiň bardygyna şaýatlyk edýär. Geljekde bu taslamalar milli ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň kuwwatyny artdyrmakda we düzümlerini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmakda uly ähmiýete eýe bolar.

2022-nji ýylyň möhüm wakalaryna berlen synda ýurdumyzyň gurluşyk, senagat, himiýa we elektroenergetika toplumlarynyň gazanan üstünlikleri, ýeten sepgitleri öz beýanyny tapdy. Bu pudaklaryň depginli ösüşi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne gadam basan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň barha artýan kuwwatynyň subutnamasydyr.