Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň her bir güni taryha şöhratly sahypalar bolup girýär. 21-nji ýanwarda Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki maslahaty halkymyzyň durmuşynda taryhy waka boldy. Bu döwletli maslahatda halk häkimiýetiniň iň ýokary wekilçilikli edarasynyň – Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi, Gahryman Arkadagymyzyň onuň Başlyklygyna bellenilmegi, ýurdumyzyň kanun çykaryjy häkimiýet edarasynyň bir palataly ulgama geçirilmegi ýaly demokratik özgertmeler ildeşlerimiziň göwün guşuny ganatlandyrdy. Esasan hem, abraýly döwlet, syýasy we jemgyýetçilik işgäri hökmünde milli hem-de halkara derejede ykrar edilen hormatly Arkadagymyzy türkmen halkynyň Milli Lideri diýip ykrar etmek hakyndaky Konstitusion kanunyň kabul edilmegi kalbymyzy buýsanja besledi. Çünki Gahryman Arkadagymyz halkymyzyň eşretli durmuşyny, bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmekde asyrlara barabar işleri bitirip, Milli Lider derejesine göterilen görnükli şahsyýetdir. Munuň özi ähli türkmen halkynyň arzuwynyň hasyl bolmagydyr. Şoňa görä-de ähli watandaşlarymyz Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa ornaşdyrýan beýik işlerine tüýs ýürekden buýsanýarlar, bu beýik işleriň ýurdumyzy ösdürmekde aýratyn ähmiýetlidigine düşünýärler. Berkarar Watanymyzda gazanylýan ösüşler her bir türkmen halkyny täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar.
Hormatly Arkadagymyzyň ýurduň ykdysady kuwwatynyň berkemeginiň, häzirki we geljekki nesilleriň durmuş abadançylygynyň derejesiniň we hiliniň ýokarlanmagynyň bähbidine gönükdirilen ýörelgesiniň belent ruhy we döredijilik güýji ähli raýatlarymyzyň kalbyna çuňdan ornaşandyr. Milli Liderimiz eziz Watanymyzy hemmetaraplaýyn berkitmäge, jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlarynda kanunçylygyň we hukuk tertibiniň berjaý edilmegine, güýçli döwlet häkimiýetiniň halkyň demokratik däpleri bilen utgaşdyrylmagyna, raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň goralmagynyň halkara hukugynyň kadalaryna laýyk getirilmegi ugrunda täze taryhymyza altyn harplar bilen ýazylan işleri durmuşa geçirdi.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki taryhy maslahatynda bagtyýar ýaşlaryň gurmagy, döretmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimiziň: “Biz ýaşlarymyzy ýurdumyzyň geljegi hasaplaýarys. Biziň ösüşlerimiz, ata Watanymyzyň berkararlygy, ýurdumyzyň asudalygy, il-günümiziň abadançylygy ýaşlarymyza baglydyr. Men türkmen ýaşlarynyň bu belent ynamy ödejekdiklerine berk ynanýaryn” diýen çuň manyly çykyşy ýaşlary joşgunly zähmet çekmäge ruhlandyryp, olaryň watansöýüjilik duýgularyny has-da ösdürýär. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ýaşlaryna uly ynam bildirilýär. Bu ynama ýokary zähmet üstünliklerimiz bilen jogap berip, eziz Diýarymyzyň ösüşlerine dahylly bolmak bolsa, biziň her birimiz üçin parz bolmalydyr.
Ýurdumyzda ýaşlarymyzyň dünýä ülňülerine laýyklykda, bilim almagy, kämil hünärmenler bolup ýetişmegi ugrunda birnäçe maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şeýle ajaýyp döwürde ösüşiň täze belentliklerine tarap alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir. Goý, il-halkyna bagtyýar we abadan durmuşy bagyş eden türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, alyp barýan döwletli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Altyn ATAKOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň
Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.