Türkmen ýaşlaryny goldamakda, olaryň ukyp-başarnyklaryny, zehinlerini ýüze çykarmakda, ata Watana çäksiz söýgi döredip, belent ynsanperwerlige, watansöýüjilige çagyrmakda, ata-babalarymyzdan ýadygär galan mynasyp ýol-ýörelgeleri ündemekde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasyna möhüm orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň öňde goýýan wezipeleriniň üstünlikli çözülmegi, ýaşlar syýasatynyň durmuşa geçirilmegi ýaşlar bilen birlikde olara ugur görkezýän, durmuş ugurly syýasatyň içine goşulyşmagy üçin şertleri döredýän Ýaşlar guramasynyň işgärlerine hem baglydyr. Muňa oňat düşünmek bilen, biz – Ýaşlar guramasynyň wekilleri ýaşlarda Watanymyza söýgüni, şöhratly taryhymyza buýsanjy, nurana geljegimize ynamy terbiýeleýäris.
Arkadagly Serdarymyz täze taryhy eýýamda – Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Ýaşlar guramasynyň işine möhüm ähmiýet berýär. Muny geçen ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII Gurultaýynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi, oňa hormatly Prezidentimiziň hut özüniň gatnaşmagy, “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi ýaşlar syýasatyna döwlet derejesinde ähmiýet berilýändigini bütin aýdyňlygy bilen subut edýär. Kanuna salgylansak, bilim edarasyny tamamlap, ýaňy işe kabul edilen ýaş hünärmenleriň girdeji salgydyny ýeňillikli tölemek, telekeçilik bilen meşgullanmaga isleg bildirýän ýaş telekeçileri goldamak, taslamalary döretmäge, ukyply ýaşlar üçin binägärlik taslamalaryna, taryhy ýadygärlikleriň durkuny täzelemek taslamalaryna gatnaşyp, zehiniňi görkezmek mümkinçiligini döretmek ýaly täze kadalaryň girizilmegi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Bularyň ählisi bolsa biz — ýaşlaryň buýsanjymyzy goşalandyryp, ata Watanymyzyň geljekki ösüşlerine mynasyp goşant goşmaga hem-de bildirilen mukaddes we belent ynamy artygy bilen ödemäge borçlandyrýar.
Ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň ýokary hilli bilim almagy, döredijilik we sport bilen meşgullanmagy, ukyp-başarnyklaryny doly ýüze çykarmagy üçin ähli şertleri döretmek, ýaşlarda raýat jogapkärçiligini we zähmete söýgini ösdürmek, ýaşlaryň şahsy-jemgyýetçilik başlangyçlaryny goldamak we höweslendirmek, ýaşlarymyzda öz hukugyny goramak başarnygyny ýokarlandyryp, olaryň jemgyýetçilik birleşmelerine işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek – Ýaşlar guramasynyň öňünde duran esasy wezipeler hökmünde kesgitlenildi. Şonuň ýaly-da, giň gözýetimli, ösen tehnologiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenleriň neslini kemala getirmek, ýaşlaryň dünýä dillerini düýpli öwrenmegi, edebiýat we sungat bilen giňden meşgullanmagy üçin hem ähli şertleri döretmek, olaryň arasynda döredijilik bäsleşiklerini yzygiderli geçirip durmak, ýaşlarda halallyk we maşgala gymmatlyklaryna ygrarlylyk häsiýetlerini terbiýelemek – Ýaşlar guramasynyň belent borjy we baş maksady bolup durýar. Häzirki döwürde alyp barýan ähli işlerimiz şu wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine gönükdirilýär.
“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň” 28-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VIII Gurultaýy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Gurultaýyň çäklerinde iň öňdebaryjy ýaşlara Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň şa serpaýlary hem-de Ýaşlar guramasynyň gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy.
Sowgatlara mynasyp bolan ýaşlary görüp, döwletimiziň berk binýatly nesliniň kemala gelýändigine buýsanjyň artýar. Gurultaýyň yzysüre geçirilen ýaş sungat ussatlaryň döwlet konsertini synlanyňda, türkmen medeniýetiniň we sungatynyň geljeginiň has-da röwşendigine göz ýetirýärsiň. Ýurdumyzyň işjeň bölegi hasaplanýan ýaşlaryň hatarynda goşulyşyp, şunuň ýaly döwlet ähmiýetli çärelere gatnaşmak her bir ýaş raýat üçin bagt bolsa gerek. Şol bagtdan paýly adam hökmünde gözel paýtagtymyza jemlenen ýaşlaryň arasynda bolup, ýaşlaryň ählumumy forumyna, ýaş sungat ussatlaryň döwlet konsertine gatnaşmak bagty maňa-da miýesser etdi.
Bosagadan ätlän 2023-nji ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip mynasyp atlandyrylmagy biz – ýaşlara uly buýsanç, egsilmez ynam, täze güýç berdi. Ýaşlar syýasatynyň rowaçlanmagy ugrunda şu ýaşlar ýylynda hem gujur-gaýratymyzy gaýgyrman, guramamyzyň agzybir işgärleri, işjeň agzalary bilen bilelikde mynasyp zähmet çekeris.
Nurýagdy GALPAKOW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýat
Geňeşiniň Baş hünärmeni.