“WATAN SERHETDEN BAŞLANÝAR”

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyz – hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň taýsyz tagallasy bilen durmuşa geçirilýän buýsançly özgertmeleriň netijesinde harby gullukçylaryň hünär ussatlygy, bilim derejesi kämilleşdirilýär.

Harby gulluga gadam basan ýaş esgerlerde watansöýüjilik, maksada okgunlylyk, ruhubelentlik häsiýetlerini kemala getirmek, harby düzgün-nyzamy we hukuk tertibini berkitmek maksady bilen Podpolkownik Merdan Tölekowyň serkerdelik edýän harby bölüminde “Watan serhetden başlanýar” atly çeper döredijilik bäsleşigi geçirildi. Bäsleşikde harby gullukçylar, türkmen halkynyň nusgawy we häzirki zaman ýazyjysy şahyrlarymyzyň harby watançylyk mowzuklaryndaky goşgulary diýseň labyzly hem täsirli ýerine ýetirildi.

Bäsleşikde Harby gullukçylaryň harby gullukdan öň ele alan hünärlerini ýerine ýetirip, harby gullukda hem bu hünärlerini dowam etdirjekdikleri barada buýsanç bilen belläp, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, onuň döwletli ýoluny dowam edýän Arkadagly Serdarymyza, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň asuda ýaşamagyna, okamagyna hem-de zähmet çekmegine döredip berýän mümkinçiliklerine çäksiz hoşallyklaryny beýan etdiler.

Soňra Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda geçirilen “Watan serhetden başlanýar” atly çeper döredijilik bäsleşiginde ýeňiji bolan toparlara hem-de bäsleşikde tapawutlanan ýaş esgerlere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Köýtendag etrap Geňeşiniň hormat hatlary gowşuryldy.

 

Gülşirin MAMEDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar Guramasynyň Köýtendag etrap

Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

03 Oktýabr 2024 | 56 okalan

ÝAŞULULYK GÖRELDESI

02 Oktýabr 2024 | 47 okalan

AK GELJEGE ROWAN ÝOLLAR

26 Sentýabr 2024 | 64 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR