ÝYLYŇ ŞYGARY –NESILLERIŇ KÖŇÜL ÇYRAGY

Üstünlikli geçen ýyllaryň hersine mynasyp at berilmegi döwletimiziň ösmeginiň möhüm tapgyrlaryna ünsi çekmäge we halkymyz üçin bähbitli wakalaryň artmagyna giň ýol açýar. Ýagşy niýetler bilen garşylanan täze, 2023-nji ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýip atlandyrylmagy halkymyzda uly buýsanç döretdi, ýaş nesilleriň ata-watanmyza bolan söýgüsini, döredijilikli durmuşa bolan höwesini, zähmete bolan yhlasyny has-da artdyrdy. Arkadag Serdarymyz türkmen ýaşlarnyň güýjine, yhlasyna, başarnygyna uly ynam bildirýär. Hut şonuň üçinem hormatly Prezidentimiz her bir çykyşynda ata-babalarymyzyň şöhratly ýoluny dowam etdirmekde, Watanmyzyň bagtyýar geljegini berkarar etmekde ýaşlaryň güýjüne daýanylýandygyny aýratyn nygtaýar. Hormatly Prezidentimiziň ýaşlar baradaky döwlet syýasaty ýaş türkmenistanlylaryň ukyp-başarnyklaryny, döredijilik hem-de ruhy kuwwatyny jemgyýetiň, döwletiň bähbitlerine ulanmaga mümkinçiliklerini giňeltmek üçin has oňaýly şertleri döretmäge gönükdirlendir. Şoňa görä-de, 2023-nji ýylyň şygarynyň halkymyzyň teklibi esasynda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip atlandyrylmagy kanuna laýyk ýagdaýdyr. Munuň özi nesilleriň   agzybirligini, berkararlygyny, asudalygyny we ösüşleriň täze, okgunly gadamyny aňladýar. Döwlet Baştutanmyzyň “Häzirki wagtda ýurdumyzyň ilatynyň esasy bölegini Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen ýaş nesiller düzýär. Biz ýaşlara eziz watanmyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys” diýen sözleri ýaşlaryň jemgyýetçilik syýasy işjeňligini has-da ýokarlandyrdy.“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýyly  esasynda gözel  paýtagtymyzyň “Mekan” köşkünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VIII gurultaýy geçirildi. Oňa Ýaşlar guramasynyň Aşgabatdan hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan wekilleri gatnaşdylar. Nobatdaky gurultaýyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda geçirilmegi möhüm ähmiýete eýedir. Ýaşlaryň döwrebap bilimli, aň-düşünjeli, ruhy-ahlak we beden taýdan sagdyn bolup ýetişmekleri baradaky meseleler döwlet Baştutanmyzyň hemişe üns merkezinde durýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň beýik özgertmeler ýoly bilen öňe gitmegini hut ýaşlar bilen baglanyşdyrýar. Öňde goýulan beýik maksatlara ýetmekde ýaş türkmenistanlylara uly orun degişlidir. Gurultaýyň gün tertibine ýaşlar syýasatynyň meseleleriniň toplumy hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaş nesilleriň öňünde goýýan häzirki we geljekki wezipelerine çözmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmak girizildi. Güniň ikinji ýarymynda şanly waka mynasybetli Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasyndaky “Türkmeniň ak öýi” binasynda ýaşlaryň döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileriniň gatnaşmagynda uly konsert boldy. Konsertde halk aýdym-sazlary bilen birlikde häzirki zaman meşhur aýdymlar, tans kompozisiýalary ýerine ýetirildi. Konsert maksatnamasy türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň döreden we beýik özgertmeler eýýamynyň nyşanyna öwrülen “Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” atly aýdym bilen jemlendi.  Döwletimiziň ýaş nesillerine okamaga, öwrenmäge, halal zähmet çekmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagmyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.

 

Jahan BAZAROWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Saýat etrap Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

04 Iýul 2024 | 20 okalan

ÝOL HADYSALARYNDAN ÄGÄ BOLUŇ!

02 Iýul 2024 | 74 okalan

KALBA KEŞDELENILÝÄN ŞYGYRLAR