Ýurdumyzda ýaş nesillerimiz baradaky alada Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öz mynasyp ornuny tapýar. Hormatly Prezidentimiz Watanymyzyň röwşen geljeginiň eýeleri bolan ýaş nesillerimiz baradaky aladany elmydama üns merkezinde saklaýar. Olara döwrebap bilim, terbiýe bermek, beden we ruhy taýdan sagdyn ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek baradaky aladalar baş wezipeleriň biri bolup durýar. Arkadagly Serdarymyzyň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda eden taryhy çykyşynda täze döwrüň talaplaryna laýyklykda, ýaşlar syýasatynyň dürli ugurlaryny öz içine alýan kanunlaryň yzygiderli kämilleşdirilýändigine ünsi çekip, rejelenen görnüşli «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Kanunyň maksadynyň Garaşsyz Watanymyzyň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna ýaşlaryň doly derejede gatnaşmagyny üpjün etmekden, ýaş nesilleri watançylyk, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek üçin has amatly hukuk şertlerini döretmekden ybaratdygyny nygtamagy ýurdumyzda ýaşlarymyza berilýän ünsüň çäksizdiginiň mysaly bolup durýar. 2023-nji ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip yglan edilmegi hem-de golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VIII Gurultaýynyň geçirilmegi biz – bagtyýar ýaşlaryň buýsanjymyzy has-da artdyrdy. Munuň özi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen ýaşlaryna uly ynamyň bildirilýändigine doly şaýatlyk edýär. Bu belent ynamy ödäp, kalbyndaky buýsanjy bilen mukaddes borja wepaly ýaşlar “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny” uly zähmet ýeňişlerine beslemek ugrunda okaýarlar, öwrenýärler, döretýärler, önjeýli zähmet çekýärler. Hormatly Prezidentimiziň: “Ýaşlar mähriban halkymyzyň, eziz Watanymyzyň beýik geljegini gurujylardyr, jemgyýetimiziň işjeň bölegidir” diýip belleýşi ýaly, häzirki döwürde bagtyýar ýaşlarymyza uly ynam bildirilýär. Ýaşlara bildirilýän ynamyň, buýsanjyň özeninde uly many bar. Çünki Milli Liderimiziň binýadyny goýan, Arkadagly Serdarymyzyň üstünlikli dowam etdirýän beýik işleriniň netijesinde, Berkarar Watanymyzyň her bir ulgamynda uly ösüşler gazanylýar. Muny biz her bir ädimde görýäris, duýýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň şeýle göreldesi biz – ýaşlar üçin nusga alarlyk mekdep bolup durýar. Türkmenistan döwletimizi ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan, türkmen ýaşlarynyň hak howandary, türkmen halkynyň Milli Lideri – Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz – Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Azat AMANOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň
Sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.