Eziz Diýarymyzyň beýik ösüşlerini hem-de «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilen 2023-nji ýylyň many-mazmunyny halkymyzyň arasynda giňden şöhratlandyrmak maksady bilen «Nesil» gazetiniň redaksiýasy hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlarynyň arasynda geçiriljek «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar biz» atly döredijilik bäsleşiginiň
DÜZGÜNNAMASY
Binýady berkden tutulan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzyň her bir güni taryhy wakalara beslenýär. Döwlet Baştutanymyzyň hem-de Milli Liderimiziň beýik başlangyçlaryndan, il-günüň arzuwdyr isleglerinden ugur alnyp, ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna ýaşlaryň doly derejede gatnaşmagy üçin giň mümkinçilikleri döretmek, ýaş nesilleri watançylyk, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek, olaryň jemgyýetçilik-syýasy işjeňligini, şahsy başlangyçlaryny goldamak we höweslendirmek maksady bilen 2023-nji ýyl «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyryldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde döwletimizde ýaşlar syýasaty üstünlikli alnyp barylýar. Muňa şu ýylyň 28-nji ýanwarynda Milli Liderimiziň, Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýynyň geçirilmeginiň mysalynda has-da aýdyň göz ýetirmek bolýar. Geçen 2022-nji «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda Arkadagly Serdarymyzyň tassyklap bermeginde «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi kabul edildi. Bu kanunçylyk namasynyň kabul edilmegi hem ýaşlar barada döwlet syýasatyny mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmekde, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşine mynasyp goşant goşýan kämil nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde uly ähmiýete eýe boldy.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny döredijilikli işleri, zähmet üstünlikleri bilen şöhratlandyrmak bagtyýar ýaşlarymyzyň mukaddes borjudyr. Hormatly Prezidentimiziň: «Biz ýaşlara mümkinçilikleriniň açylmagyna we şahsyýet hökmünde kemala gelmegine kömek bermek üçin ähli şertleri döretmelidiris» diýen sözlerinden ugur alyp, zehinli ýaşlarymyzy ýüze çykarmak maksady bilen «Nesil» gazetiniň redaksiýasy hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlarynyň arasynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar biz» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär.
Bäsleşigiň baş maksady «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda geçýän 2023-nji ýylda Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň oýlanyşykly döwlet syýasatyny giňden wasp etmekden, ýaş nesillerimiziň döredijilik ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmakdan hem-de olary täze döredijilik gözleglerine we üstünliklere ruhlandyrmakdan ybaratdyr.
Bäsleşigiň şertleri we geçiş tertibi:
— Bäsleşige ýaşy 35-e çenli bolan ýaşlar gatnaşyp bilerler.
— Bäsleşik döredijiligiň şu ugurlary — publisistik makalalary we oçerkleri ýazmak boýunça geçirilýär. Bäsleşige gatnaşyjylar Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ýeten belent sepgitlerini, üstünlikli amala aşyrylýan ýaşlar syýasatyny, zähmetsöýerligi hem-de watansöýüjiligi wasp edýän döredijilik eserlerini 2023-nji ýylyň 10-njy maýyna çenli hödürläp bilerler.
— Bäsleşige gatnaşyjylar döredijilik eserlerini «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar biz» diýen ýazgy bilen hödürläp, ýanyna özleri baradaky maglumatlary (pasportynyň nusgasy, ýaşaýan ýa-da okaýan ýeriniň anyk salgysy, telefon belgisi) goşmalydyrlar.
— Bäsleşige hödürlenen döredijilik eserleriniň iň gowularyny saýlap-seçmek üçin guramaçylar tarapyndan ýörite eminler topary döredilýär.
— Bäsleşigiň jemleri Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli 2023-nji ýylyň maý aýynda jemlener. Bäsleşigiň ýeňijilerine Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar, şeýle-de tapawutlanan döredijilik eserleri üçin höweslendiriji baýraklar dabaraly ýagdaýda gowşurylar.
Bäsleşige hödürlenýän işleri şu salga ibermeli: Aşgabat şäheri, 744604, Garaşsyzlyk şaýoly, Erkin döredijilik mekany, «Nesil» gazetiniň redaksiýasy.
E-mail salgysy: nesil-gazeti@online.tm
Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
«Nesil» gazetiniň redaksiýasy: 38-61-57, 39-95-26, 39-96-36.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi:
44-88-79, 44-88-85.