ÝURDUMYZYŇ IŇ GOWY ETRABYNA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ BAÝRAGY GOWŞURYLDY

Magtymguly Pyragy muzeýinde 2022-nji ýylda ýurdumyzyň iň gowy etraby diýlip yglan edilen Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyna ýokary sylagy — ABŞ-nyň 1 million dollary möçberindäki pul baýragyny gowşurmak dabarasy boldy.

Mälim bolşy ýaly, durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijileri boýunça iň ýokary netijeleri gazanmaga gönükdirilen bu bäsleşik ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek hem-de sebitlerde ilatyň ýaşaýyş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak boýunça maksatnamalary amala aşyrmak ugrunda alnyp barylýan işleri höweslendirmek maksady bilen her ýyl geçirilýär.

Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna uly taýýarlyk görülýän günlerde türkmen halkynyň meşhur şahsyýetiniň dogduk mekanynyň şeýle abraýly derejä eýe bolmagy aýratyn guwandyryjydyr.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň iň gowy diýlip yglan edilen etrabyň ilatyna iberen Gutlagynda: “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge ýurdumyzyň ähli welaýatlary hem-de Aşgabat şäheri mynasyp goşant goşýar” diýlip bellenilýär. Bu babatda Magtymguly etrabynyň görkezijileri nusgalykdyr. Bu ýerde “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, täze önümçilikleri döretmek we ozal hereket edýänleriniň durkuny täzelemek, senagat, durmuş maksatly desgalary gurmak boýunça köpugurly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Meňzeş habarlar