Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşi Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde “Arkadag Serdarly bagtyýar halkymyz, Berkarar döwletde buýsançly ýaşlar” ady bilen wagyz-nesihat çäresini geçirdi. Çärede çykyş edenler 2023-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VIII Gurultaýynyň üstünlikli geçendigini we özleriniň Gurultaýa wekil hökmünde gatnaşandyklaryny uly buýsanç bilen bellediler. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VIII gurultaýynda Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasynda bellenilen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreler, şeýle hem “Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşini hem-de döwrüň möhüm wezipelerini nazarda tutup, Ýaşlar guramasynyň Tertipnamasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizilendigini we beýleki birnäçe guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşylandygyny belläp, ýurdumyzda okaýan, işleýän ýaşlarymyz üçin kanun esasynda şertleriň döredilýändigini uly buýsanç bilen bellediler. Şeýle hem çykyş edenler ýaşlarymyzyň yhlasly okamagy, döredijilikli zähmet çekmegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän, ýaşlarymyzy bagtyýar we eşretli ertirlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza berk jan saglygyny, beýik tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Azat AMANOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň
Sanly ulgam boýunça hünärmeni.