EÝJEJIKLER BÄSLEŞDILER

2023-nji ýylyň fewral aýynyň 24-ne Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Halaç etrap Geňeşi, Halaç etrap häkimliginiň uly mejlisler zalynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde Milli bahar baýramy mynasybetli yglan eden ýurdumyzyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň 2-4-nji synplarynda okaýan okuwçy gyzlarynyň arasynda “Iň eýjejik gyzjagaz-2023” atly şadyýan bäsleşiginiň Halaç etrap tapgyry geçirildi. Halaç etrabynyň orta mekdepleriniň 2-4-nji synpynda okaýan gyzjagazlar öz ukyp başarnyklaryny görkezip, 3 şert boýunça bäsleşdiler. 1-nji şert Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda we Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň aladalary netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alnyp barylýan tutumly işleri, eziz Watanymyzy, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy, sporty wasp edýän aýdym-sazly çykyş ýerine ýetirdiler. 2-nji şert bäsleşige gatnaşýan gyzjagazlar milli egin-eşiklerini geýip, ony şahyrana sözler bilen wasp etdiler. 3-nji şertde bäsleşige gatnaşýan gyzjagazlar öz ýaş aýratynlygyna görä, ene-mamalarymyzdan nesilden-nesle geçip gelýän milli el işleriniň görnüşlerini ýerine ýetirmekde bäsleşdiler. Bäsleşikde 1-nji orna Halaç etrabynyň 9-njy orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Jahan Jumadurdyýewa, 2-nji orna Halaç etrabynyň 26-njy orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Jemal Jumamyradowa, 3-nji orna Halaç etrabynyň 2-nji orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Mährem Akmyradowa, 25-nji orta mekdebiniň okuwçysy Aýlar Şirowa, etrabyň 16-njy orta mekdebiniň okuwçysy Gülnabat Astanakulowa dagylar mynasyp boldylar. Bäsleşikde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Halaç etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri G.Amansähedowa, Halaç etrap bilim bölüminiň hünärmeni J.Mätjimbaýewa, Halaç etrap Medeniýet merkeziniň artisti A.Tokurowa dagylar eminlik etdiler. Ýeňiji bolan gyzjagazlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Halaç etrap Geňeşi tarapyndan hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Meňzeş habarlar

04 Iýul 2024 | 20 okalan

ÝOL HADYSALARYNDAN ÄGÄ BOLUŇ!

02 Iýul 2024 | 74 okalan

KALBA KEŞDELENILÝÄN ŞYGYRLAR