“IŇ EÝJEJIK GYZJAGAZ-2023” ATLY ŞADYÝAN BÄSLEŞIGINIŇ ETRAP TAPGYRY GEÇIRILDI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ösüp gelýän ýaş nesliň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi, döwrebap bilim-terbiýe almagy, ruhy taýdan sagdyn bolup ýetişmekleri üçin giň möçberli işler durmuşa geçirilýär.Watanymyzyň bagtyýar nesilleriniň bolelin durmuşda ýaşamagy, sagdyn ösmegi, hünär öwrenmegi, geljekde ilimize-ýurdumyza peýdaly adamlar bolup ýetişmekleri üçin durmuşa geçirilýän beýik işlerden ugur alyp, ösüp gelýän ýaş nesliň sungat äleminde zehinli hünärmenler bolup ýetişmeklerini gazanmaga, ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny we bilimlerini has-da kämilleşdirmäge gönükdirilen döwlet syýasatymyzy iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde Milli bahar baýramy mynasybetli ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 1-4-nji synplarynda okaýan okuwçy gyzjagazlarynyň arasynda yglan edilen “Iň eýjejik gyzjagaz-2023” atly şadyýan bäsleşiginiň Lebap welaýatynyň Saýat etrap  tapgyry geçirildi. Bu şadyýan bäsleşige etrabymyzyň okuwçy gyzjagazlary uly höwes bilen gatnaşdylar. Bäsleşik üç şertden ybarat bolup, çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda we Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň aladalary netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alnyp barylýan tutumly işleri, eziz Watanymyzy, bagtyýar çagalygy dost-doganlygy, sporty wasp edýän aýdym sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler.  Şeýlelikde  eminler toparynyň gelen netijesi boýunça  I orna Saýat etrabynyň Daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 22-nji orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Melek Halowa, II orna  Saýat etrabynyň 55-nji orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Göwher Gurbangulyýewa, III oruna Saýat etrabynyň 3-nji orta mekdebiniň 2-nji synp okuwçysy Aýgül Joraýewa dagylar  mynasyp boldular. Bäsleşigiň ýeňijilerine we bäsleşige gatnaşan ähli okuwçy gyzlaryna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň  Lebap welaýatynyň Saýat etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

 

Maral HUDAÝKULYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Saýat etrap Geňeşiniň Sanly ulgam boýunça

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

03 Oktýabr 2024 | 56 okalan

ÝAŞULULYK GÖRELDESI

02 Oktýabr 2024 | 47 okalan

AK GELJEGE ROWAN ÝOLLAR

26 Sentýabr 2024 | 64 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR