YHLAS BILEN BIR KÄMILE GOL BERSEŇ

Eziz Watanymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan beýik özgertmeler, tutumly maksatnamalar peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli amala aşyrylýar. Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesliň ylymly-bilimli, ilhalar hünärmenler bolup ýetişmeginde halkymyzyň ruhy-ahlak ýoly bolan halypa-şägirtlik ýoluny dowam etdirmegiň ähmiýeti diýseň uludyr. Bu babatda pederlerimiziň ýörelge mekdebiniň röwşen ertirleriň ösüş menzillerini nazarlaýandygy şübhesizdir. Ata-babalarymyzdan miras galan milli sungatymyzda aýdym-sazyň, bagşyçylygyň aýratyn orny bar. Türkmen halky meşhur sungat ussatlaryndan, halypa bagşy-sazandalaryndan şu günlere çenli gelip ýeten aýdym-saz sungatyna uly sarpa goýýar. Şükür bagşynyň, Sary bagşynyň, Amangeldi Gönübegiň, Mylly Täçmyradowyň, Sahy Jepbarowyň, Magtymguly Garlyýewiň, Nobat bagşynyň, Mustak Aýmedowyň we beýleki ençeme bagşy-sazandalarymyzyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary türkmen milli bagşyçylyk sungatynyň kämillik derejesini has-da belende göterdi. Halkymyzyň bagşyçylyk sungatynda halypa-şägirtlik ýoly häzirki döwürde mynasyp dowam etdirilýär. Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi türkmen halkynyň gadymdan gelýän bagşyçylyk sungatynda halypa-şägirtlik ýoluny mynasyp dowam etdirip, ýaş zehinleri ýüze çykarmak maksady bilen Kerki etrap medeniýet merkeziniň bagşylar öýünde “Yhlas bilen bir kämile gol berseň” atly duşuşyk geçirdi. Duşuşyga Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni E.Ýoldaşowa, Kerki etrap medeniýet merkeziniň bagşylar öýüniň bagşylary R.Taganow, R.Kerimow, gyjakçy sazanda A.Mustakow we Kerki etrap çagalar sungat mekdebiniň okuwçylary Ç.Berdiliýewa hem-de H.Berdiliýew dagylar gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda türkmen bagşyçylyk sungatynda halyp-şägirtlik mekdebiniň ýörelgeleri dogrusynda söhbet edildi, bagşy-sazandalar birnäçe türkmen halk aýdymlarydyr sazlaryny ýerine ýetirdiler.

 

Arzuw RAHMANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

03 Oktýabr 2024 | 56 okalan

ÝAŞULULYK GÖRELDESI

02 Oktýabr 2024 | 47 okalan

AK GELJEGE ROWAN ÝOLLAR

26 Sentýabr 2024 | 64 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR