BITARAP TÜRKMENISTAN – PARAHATÇYLYK DÖREDIJI MERKEZ

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 77/32 kararnamasyna laýyklykda 2023-nji ýyl “Dialog parahatçylygyň kepili hökmünde halkara ýyly” diýlip yglan edildi. Bu başlangyç, BMG-niň Baş sekretarynyň parahatçylygy gurmak baradaky "Täze parahatçylyk gün tertibi" bilen gabat gelýän "Dialog parahatçylygyň kepili hökmünde" pelsepesini öňe sürmek başlangyjy bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. “Dialog parahatçylygyň kepili hökmünde halkara ýyly, 2023” kararnamasynyň taslamasy hödürlenmezden ozal, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlar bilen giňişleýin geňeşmeler geçirdi we netijeli pikirleri we teklipleri göz öňünde tutdy. Guramanyň 68 agzasy bu kararnamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji mejlisiniň resminamasy hökmünde "Parahatçylyk medeniýeti" gün tertibiniň 14-nji maddasynyň çäginde Jemleýji resminama kabul edildi, ol BMG-niň Tertipnamasynyň esasy maksatlaryny we ýörelgelerini, şol sanda jedelleri parahatçylykly ýollar we usullar bilen çözmek baradaky borçnamalary öz içine alýar. 2023-nji ýylyň 24-nji fewralynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi Türkmenistanyň başlangyjy boýunça “2023-nji ýyl – Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi mynasybetli Kerki etrap tehniki-hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň arasynda “Bitarap Türkmenistan – parahatçylyk dörediji merkez” atly duşuşyk geçirdi. Duşuşykda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni E.Ýoldaşowa, Kerki etrap tehniki-hünär okuw mekdebiniň mugallymy L.Haitowa dagylar çykyş etdiler. Duşuşyga gatnaşyjylar halkyň bagtly durmuşy we ýurduň gülläp ösmegi ugrundaky tagallalary, halkara gatnaşyklarynda parahatçylyk we dostluk syýasatyny alyp barýandygy üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdiler we olara jan saglyk we uzak ömür, döwletli işlerinde üstünlik arzuw etdiler.

 

Arzuw RAHMANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Kerki etrap Geňeşiniň  başlygy.

Meňzeş habarlar

03 Oktýabr 2024 | 56 okalan

ÝAŞULULYK GÖRELDESI

02 Oktýabr 2024 | 47 okalan

AK GELJEGE ROWAN ÝOLLAR

26 Sentýabr 2024 | 64 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR