Asyrlarboýy türkmen halky maşgalany keramatly, mukaddes hasaplap gelipdir. Her bir maşgalanyň agzybirliginde, dowamlylygynyň berkemeginde, ata-babalarymyzdan arkama-arka gelip ýeten däp-dessurlarymyzy, ynançlarymyzy dowam etdirmegimizde maşgala agzalarynyň her biriniň uly orny bar. Türkmen maşgalasy edebiň, terbiýäniň öýi hasaplanylýar. Eziz diýarymyzda ýaş maşgalalar hakyndaky alada döwlet derejesinde uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyz tarapyndan ýaş maşgalalary goldamak, maşgala binýadyny berkitmek ugrunda yzygiderli işler alnyp barylýar. Ýaş maşgalalara ýeňillikli karz pullarynyň, ýaş çagaly enelere döwlet kömek pullarynyň berilmegi, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli gowulandyrylmagy munuň aýdyň mysalydyr. Maşgalalaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, maşgala binýadynyň has hem berk bolmagyny, her bir maşgalanyň synmaz agzybirligini gazanmak ählimiziň raýatlyk borjumyzdyr. 2023-nji ýylyň 1-nji martynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi ýaşlary maşgala durmuşyna taýýarlamak, maşgalanyň agzybirligini gazanmak, ýaşlaryň maşgalalarynyň arasynda nika bozulmalarynyň öňüni almak maksady bilen Kerki etrap salgyt bölüminde zähmet çekýän işgärleriň gatnaşmagynda “Maşgala mukaddesligi–baky ýörelge” atly wagyz-nesihat çäresini geçirdi. Bu wagyz-nesihat çäresinde Kerki etrap prokurorynyň uly kömekçisi, birinji derejeli ýurist D.Çaryýew, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni E.Ýoldaşowa, Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň Kerki etrap bölüminiň wekili Ý.Nejmeddinow, Kerki etrabynyň ýaşaýjysy, hajy ene A.Jumaýewa dagylar çykyş etdiler.
Arzuw RAHMANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.