Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly täze-täze taryhy wakalary bilen şöhratlanýar. Türkmen bu gün öz ykbalynyň, öz bagtynyň eýesi. Berkarar döwlet halkymyzyň baş mukaddesligi. Milletiň wezipesi bu mukaddesligi goramakdan, berkitmekden, öňe alyp gitmekden ybaratdyr.
Döwletiň dünýäde öz abraýyny, ornuny saklamagy aňsatlyk bilen bolýan zat däl. Döwleti hasyl edýän, goraýan, ösdürýän gymmatlyklar bar. Döwrüň döwür bolmagy üçin taryhy şertleriň kemala gelmegi hem möhümdir. Şunuň bilen birlikde, bir döwürden täze bir döwre, hem ruhy, hem durmuş ykdysady taýdan täze jemgyýete geçmegiň kynçylyklaryny ýeňmegi başarmak beýik taryhy wezipä hötde gelmekdir. Şunda halkyň döredijilik mümkinçilikleri öz-özünden açylmaýar. Munuň üçin ol güýji oýarmagy, herekete getirmegi, ösdürmegi başarýan, döwri beýik döwür edýän şahsyýetleriň gerekdigi düşnüklidir. Bu zatlaryň ählisi müňýyllyklaryň tejribesi bilen aýrylmaz baglanşyklydyr. Döwürleriň dowamynda halkymyzyň döwlet gurmak, onuň saýasynda erkana ýaşamak baradaky kämil garaýyşlary kemala gelipdir.
Halkymyzyň eşretli durmuşyny üpjün etmek, Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanymyzy dünýäniň iň ösen ýurtlarynyň birine öwürmek, ata-babalarymyzyň Watan mukaddesligi baradaky duýgy-düşünjesiniň nesiller üçin bahasyz miras, mekdep bolmagyny gazanmak! Bular babatda hiç mahal unudylmajak, hemişe öwreniljek işler bitirilýär. Türkmen döwletiniň ägirt uly syýasy, ykdysady, durmuş hem ruhy-medeni özgertmeleri şu işleriň özenini düzýär. Ýurdumyzyň bütin özgerýän keşbinde halkymyzyň ýüregini hem aňyny görýäris – halkymyzyň arzuw-islegleriniň hasyl bolşuny görýäris. Türkmeniň ýurdy türkmeniň ýüregine görä, akyl paýhasyna görä özgerýär. Müňlerçe ýyllyk taryhy tejribesi, şu günki dünýäni duýşy, ýagty geljege bolan ynamy halkymyzyň, ýaşlarymyzyň durmuşyna nagyş bolup çekilýär.
Maýagül GARAJAÝEWA,
TMÝG-niň Balkan welaýatynyň
Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň Sanly
ulgam boýunça esasy hünärmeni.