GENDER DEŇLIGI – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ KEPILI

Gender deňligi aýallara we erkeklere ähli ugurlarda deň mümkinçilikleriň berilmegini üpjün edýär. Zenanlaryň kanuny bähbitlerini, hukuklaryny goramak, olara döwlet tarapyndan ýeňillikler döretmek jemgyýeti durnukly ösdürmegiň möhüm şertleriniň biri hasaplanylýar. Ýurdumyzda eneligi goldamak, zenanlaryň döwletimizdäki we jemgyýetimizdäki derejesini ýokarlandyrmaga, milli kanunçylyga we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda gender deňligini üpjün etmäge aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzyň kanunçylyk binýady zenanlara hojalyk, syýasy, medeni we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda erkekler bilen deň hukuklary berýär.

Ynsan nesliniň dowamat etmeginde zenanyň orny we adamzat üçin eneligiň ähmiýeti möhüm bolup durýar. Şonuň üçin hem Türkmenistanda maşgala, enelik çaga döwlet tarapyndan goralýar. Maşgalanyň terbiýeleýjilik mümkinçiliklerine barha oňat düşünilmegi, çagalaryň we ata-eneleriň hukuklarynyň bütinleýin dolulygyna üpjün edilmegi, erkekleriň we zenanlaryň, hatda nika gatnaşyklaryndaky deňhukuklylygyny kesgitleýän halkara namalaryň düzgünleri milli kanunçylyk ulgamynda öz beýanyny tapýar.

“Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri hakynda” Türkmenistanyň Kanuny Türkmenistanda gender deňligini üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan işleri kanun taýdan düzgünleşdirýär. Döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli çygyrlarynda aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillerini kesgitleýär. Häzirki wagtda zenanlaryň aglaba bölegi saglygy goraýyş, bedenterbiýe we durmuş üpjünçiligi, ylym, bilim, medeniýet, sungat, maliýe we ätiýaçlandyryş ulgamynda işleýärler. Senagat, aragatnaşyk, söwda ýaly pudaklarda we jemgyýetçilik iýmiti kärhanalarda aýallaryň tutýan orny ýeterlik derejede ýokarydyr.

Özara gatnaşyklar esasynda toplanan baý tejribä daýanmak arkaly, Türkmenistan bilen BMG-niň hyzmatdaşlygy hil taýdan ýylsaýyn täze häsiýete eýe bolýar. Türkmenistan aýallaryň hukuklary hakyndaky birnäçe resminamalara, halkara konwensiýalara goşulyp, bu resminamalardan gelip çykýan halkara borçnamalaryny gyşarnyksyz we yzygiderli berjaý edýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, Türkmenistanda gender deňliginiň bitarapdygyny, şeýle-de aýallar we olaryň syýasy, raýat, ykdysady, durmuş hem-de medeni hukuklary babatynda hukuk kemsidiji düzgünleriň ýokdugyny bellemek zerurdyr.

Umuman, ýurdumyzda jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda erkekleriň we aýallaryň deňligi üçin ähli şertler döredildi. Öňde goýlan wezipeleri amala aşyrmaga gönükdirilen kadanamalar zenanlaryň mümkinçiliklerini giňeltmek bilen bir hatarda ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşine, Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmäge ýardam edýär.

 

Gülsona AŞYROWA,

TMÝG-niň Gyzylarbat etrap

Geňeşiniň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 33 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 39 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR