“SONALARYŇ BAÝRAMY”

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Arkadag Serdarly bagtyýar Ýaşlar ýylynda” her bir güni şanly wakalara beslenýän Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ýurdumyzda zenan sarpasy aýratyn belentde goýulýar, ýurdumyzda, dünýä halklary bilen bir hatarda, sarpasy belentden tutulýan gelin-gyzlaryň baýramy – Halkara zenanlar güni uly dabara bilen bellenip geçilýär. Her ýylda Halkara zenanlar güni dürli ulgamlarda zähmet çekip tapawutlanan zenanlara hormatly Prezidentimiz tarpyndan döwlet sylaglarynyň we sowgatlaryň gowşurylmagy, çagalar bagyna we mekdebe gatnaýan gyzjagazlara, talyp gelin-gyzlara baýramçylyk pul sowgatlaryň gowşurylmagy, köp çagaly enelere “Ene mähri” diýen hormatly adyň dakylmagy munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilýän çäreleri synlanyňda, olaryň joşgunly çykyşlaryny diňläniňde, bagtyýar, abadan durmuşyň hözirini görip, asuda asmanymyza, mähriban Watanymyza guwanyp ýaşaýan türkmen zenanlaryna döredilýän ähli şert-mümkinçilikler üçin Arkadagly Serdarymyza çäksiz hoşallygynyň we egsilmez buýsanjynyň şaýady bolýarsyň. Goý, perişde ýaly nurana mährem enelerimiziň ýüzleri Bahar paslynyň nurana gülleri ýaly görkana owadan bolsun!

Ýolumyzy ýagty geljege sary atarýan, gelin-gyzlara, mähriban enelere uly sarpa goýýan, türkmen halky üçin gije-gündiz alada edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il bähbitli tutýan tutumly işleri rowaç alsyn!

 

Gülnara SARYBAÝEWA,

TMÝG-niň Balkan welaýat

Geňeşiniň jogapkär işgäri.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 33 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 39 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR