Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda bilim ulgamy ählitaraplaýyn ösüşlere tarap badalga alýar. Muňa biz ýaşlar, her bir ädimimizde hem gözli şaýat bolýarys.
Ylym adamzada hemişe gerekdir. Şonuň üçin hem ata-babalarymyz ylmy we bilimi biri-birine, nesilden-nesle geçirip, ruhy gymmatlyklaryň ilkinji çeşmesi bolan akylyň taryhy dowamatyny üpjün etmek maksady bilen, mekdebiň-bilimiň egsilmez güýjüne, deňi-taýy bolmadyk kuwwatyna akyl ýetiren halkdyr.
Ferdöwsi:
“Ylym hem aň-paýhas etmese derhal,
Dymyp oturmaklyk edeplik herhal”
Magtymguly atamyz hem
“Alymlara uýsaň, açylar gözüň”
diýip gaty dogry beýan edipdir.
Häzirki zaman ylmy adamzat we ruhy medeniýetiniň taryhy önümi bolmak bilen, ol uzak wagtyň dowamynda jemgyýetiň ösüşine, adamlaryň biri-biri bilen özara baglanşygyna we gatnaşygyna öwrüldi.
Türkmeniň ruhy dünýäsi ylym bilen abadanlaşýar, bilim bilen gözelleşýär. Bu ajaýyp ýörelgeler bolsa öz gözbaşyny Mahmyt Zamahşary, Mäne baba, Muhammet Gaýmaz Türkmen, Patyşa Hoja ýaly alym-şahyrlaryň miras galdyran ýol-ýörelgeleri durmuşda barha rowaç alýar.
Ylym döwletiň milli bagtyýarlygyň kepilidir. Onuň ähli babatdaky ösüşiniň baş hereketlendiriji güýji we filosofiki esasdyr. Ol döwletiň ösüşiň täze sepgitlerine sary alyp gitjek, ony güýçli, kuwwatly döwlete öwürjek esasy serişdedir.
Adamzatyň ýaşaýşynda ylym iň zerur zatlaryň biridir. Ylym dostuň ýanynda bezeg bolsa, ol duşmana garşy ýaragdyr. Ylym-bilim barada Beýik Seljuk türkmen döwletiniň weziri Nyzamy al-Mülk “Syýasatnama” atly eserinde: “Dünýäde adama ylymdan gowy kömek etjek zat ýokdur. Ylym hazynadan hem gowydyr, çünki hazynany goramaly bolýan bolsa, ylym seni goraýar” diýip belläpdir.
Muhammet Gaznalynyň Ylym baradaky kitabyny okanymda şeýle ajaýyp setirler mende uly täsir galdyrdy: “Bir gününi ylymsyz geçiren kişä gynanjymyň nähili bolýandygyny we bir gününi ylym bilen geçiren kişä begenjimiň nähili bolýandygyny bilen bolsaň, onda sen ömrüňi hökman ylym bilen ötürerdiň?” diýipdir.
Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan ylym-bilim syýasaty hem parahatçylykly bähbitlere gönükdirilen syýasatydyr. Ol Türkmenistany we dünýä döwletlerini biri-biri bilen dostlaşdyrýan, dünýä döwletleriniň arasynda asudalygy, hoşniýetli gatnaşygy üpjün edýän syýasatdyr.
Bagtyýar ýaşlaryň durmuş uniwersiteti Alym Arkadagymyz, Ýaşlaryň Hak howandary Arkadagly Serdarymyz ýaşlarymyzyň ähli ugurlarda kämil derejede kemala gelmekleri üçin irginsiz aladalar edýärler. Biz ýaşlar hem Arkadagly Serdarymyzyň biz üçin edýän aladalaryna jogap edip, ýurdumyzyň mundan beýläk hem özgermeginde öz mynasyp goşandymyzy goşjakdygymyzy ynandyrasym gelýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işlerinde uly rowaçlyklary arzuw edýäris. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!
Gülşat GULYÝEWA,
TMÝG-niň Balkanabat şäher Geňeşiniň
guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.