Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýokary depginler bilen ösýän Garaşsyz Türkmenistanyň halkara abraýy şan-şöhraty barha ýokarlanýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda asyrlara barabar işler durmuşa geçirilýär. Bütin dünýäde parahatçylygyň we durnuklylygyň pugtalandyrylmagynda möhüm orny eýeleýän ýurdumyzda dünýä döwletleri bilen dostluk, hoşniýetli gatnaşyklarynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Eziz diýarymyzyň paýtagty bu gün dost – doganlygyň mekanyna öwrüldi. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ýokary derejede gülläp ösmegi we özgermegi tutuş milleti buýsandyrýar.
Häzirki wagtda durnukly ösüşi gazanmak Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Döwletimizde ilatymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen belent maksatlar myrat tapýar. Durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde gazanylýan üstünlikler bolsa halkymyzyň çekýän halal zähmeti bilen baglydyr. Durmuşa geçirilýän belent maksatnamalaryň esasynda milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda netijeli işler amal edilýär. Il bähbidine ýugrulan işler bolsa halkymyzyň ertirki güne bolan ynamyny artdyrýar, öz ata-watanyna bolan buýsanjyny, söýgüsini pugtalandyrýar. Bedew bady bilen ösýän milli ykdysadyýetimiziň depginli ösüşi jemgyýetimiziň hil taýdan täze derejelere çykmagyny şertlendirýär. Bu bagtyýar zamana diňe bir beýik ösüşleri däl, eýsem halkymyz hakyndaky aladanyň, beýik işleriň durmuşa geçirilýän zamanasy hökmünde buýsandyryjydyr. Bu bitirilýän işler eşretli döwrümizi aýan edip, ösüşlerden-ösüşlere belent sepgitlere tarap öňe barýan ýurdumyzyň şöhratyny dünýä ýaýýar.
2023-nji ýyl “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” bolmagy bilen biz ýaşlara öz başarnygymyzy, ukybymyzy, aýdyň görkezmäge uly mümkinçilikler döredip berýän Arkadagly Serdarymyza, Milli Liderimize talyp ýüregimden janlarynyň sag, başlarynyň dik il ýurt bähbitli, bütin adamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.
Myratgeldi ÝAGMYROW,
Balkan welaýat maliýe-ykdysady orta hünär
okuw mekdebiniň maliýe we karz hünäriniň talyby,
TMÝG-niň Gyzylarbat etrap Geňeşiniň işjeň agzasy.