02-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Goşulyşmazlyk Hereketiniň COVID-19 bilen göreşmek boýunça Aragatnaşyk toparynyň sammitine gatnaşmak maksady bilen, Azerbaýjan Respublikasyna iş sapary boldy.
Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.
Hormatly Prezidentimiziň wekilçilikli forumyň geçirilýän ýeri bolan Azerbaýjana iş sapary ýurdumyzyň esasy daşary syýasy ugruna laýyklykda amala aşyryldy. Şol syýasy ugur ählumumy abadançylygyň bähbidine özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Döwletimiz oňyn sebit we ählumumy işleri işjeňleşdirmäge, häzirki döwrüň derwaýys meseleleriniň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamaga hemmetaraplaýyn ýardam bermäge çalyşýar. Muňa Türkmenistanyň abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy aýdyň mysal bolup durýar. Şolaryň hatarynda 1961-nji ýylda döredilen Goşulyşmazlyk Hereketi hem bar. Onuň esasy maksady harby-syýasy toparlara goşulyşmazlykdan hem-de dünýäde howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmegiň bähbidine deňhukuklylyk we özara hormat goýmak esasynda tagallalary birleşdirmekden ybaratdyr.
Mälim bolşy ýaly, bu ýörelgeler ilkibaşdan döwletimiziň halkara giňişlikdäki strategiýasynyň esasynda goýuldy. Munuň özi ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy we parahatçylyk söýüjiligiň, döredijiligiň, ynsanperwerligiň ýörelgelerine berk ygrarlylygy bilen şertlendirilendir. Ýurdumyz tarapyndan öňe sürlen hem-de dünýä bileleşiginiň, şol sanda Goşulyşmazlyk Hereketine agza döwletleriň giň ykrarnamasyna we goldawyna eýe bolan döredijilikli başlangyçlar munuň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmenistan 1995-nji ýylyň oktýabryndan bäri Goşulyşmazlyk Hereketiniň agzasy bolup durýar. Goşulyşmazlyk Hereketi ilkinjileriň hatarynda milli daşary syýasy ugrumyzy doly goldady. Munuň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan 1995-nji ýylyň dekabrynda ýurdumyzyň degişli halkara hukuk derejesiniň ykrar edilmegine ýardam eden möhüm şert bolandygyny bellemek gerek. Häzirki wagtda Merkezi Aziýa sebitinde möhüm orunlaryň birini eýeleýän Türkmenistan howpsuzlygyň ygtybarly, toparlaýyn ulgamyny döretmäge hem-de dünýäniň syýasy, ykdysady giňişligine mundan beýläk-de ýakynlaşmaga uly gyzyklanma bildirmek bilen, ýokary derejedäki mejlislere işjeň gatnaşyp, parahatçylygyň we ählumumy abadançylygyň bähbidine gatnaşyklary ösdürmäge saldamly goşant goşýar. Ýurdumyz bar bolan mümkinçilikleri, ägirt uly giňişlikde netijeli gatnaşyklary has-da giňeltmek, ählumumy gün tertibiniň möhüm meselelerini, şol sanda epidemiýalara garşy göreşmek, olaryň öňüni almak we aradan aýyrmak bilen baglanyşykly meseleleri çözmek üçin ulanmaga çalyşýar.
Goşulyşmazlyk Hereketiniň COVID-19 ýokanjyna garşy durmak boýunça Utgaşdyryjy toparynyň 2020-nji ýylyň maý aýynda sanly ulgam arkaly koronawirus ýokanjyna garşy durmaga bagyşlanyp geçirilen sammitinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ählumumy çökgünligi ýeňip geçmekde bilelikdäki hereketleriň strategiýasynyň başyny başlandygyny ýatlatmak gerek. Gahryman Arkadagymyzyň beýan eden esasy teklipleriniň hatarynda Goşulyşmazlyk Hereketiniň çäklerinde agza döwletleriň epidemiýalara garşy göreşmekde utgaşykly işiniň esasy ýörelgelerini hem-de olaryň öňüni almaga we aradan aýyrmaga gönükdirilen çäreleriň toplumyny birleşdirýän maksatnamalaýyn resminamany işläp taýýarlamak we kabul etmek başlangyjy bar. Şunuň bilen birlikde, hormatly Arkadagymyz häzirki döwürde döwletleriň guramaçylyk, ahlak, maliýe we maddy taýdan özara goldawynyň we kömeginiň wajypdygyny, ylmy diplomatiýanyň gurallaryndan doly derejede peýdalanmagyň zerurdygyny belläp, Goşulyşmazlyk Hereketiniň döwletleriniň alym lukmanlarynyň geňeşiniň döredilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan 2020-nji ýylda geçirilen Baku sammitinde BMG-niň utgaşdyrmagynda hem-de Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen ysnyşykly hyzmatdaşlykda bilelikdäki köptaraplaýyn işi geçirmegiň ähmiýetine üns berildi, hususan-da, Goşulyşmazlyk Hereketiniň we BSGG-niň arasynda, ilkinji nobatda, biziň ýurtlarymyzyň lukmançylyk birleşikleriniň ugry boýunça hyzmatdaşlygyň netijeli usullaryny ýola goýmak hem-de gurama agza döwletleriň Hökümetlerine şeýle bilelikdäki işiň usullarynyň üstünde bilelikde işlemek tabşyryldy.
Gahryman Arkadagymyzyň möhüm başlangyçlarynyň hatarynda ählumumy ykdysadyýeti durnukly ösüş derejesine çykarmak üçin binýady döretmek, pandemiýa zerarly ýüze çykan giň gerimli ynsanperwer meseleleri çözmekde, ählumumy azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde agza döwletleriň tagallalaryny birleşdirmek başlangyjy hem bar. Türkmen halkynyň Milli Lideri parahatçylygy we howpsuzlygy pugta üpjün etmegi öňde goýlan ähli maksatlara ýetmegiň, häzirki çökgünligi doly ýeňip geçmegiň esasy şerti hökmünde kesgitledi. Şunuň bilen baglylykda, Goşulyşmazlyk Hereketiniň döwletleriniň ähli halkara jedelleri we gapma-garşylyklary parahatçylykly çözmegi berk maksat edinýändiklerini aýgytly aýtmalydygy nygtaldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Baku duşuşygyna gatnaşmagy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasy ugrunyň üstünlikli dowam etdirilýändiginiň, çökgünlikden soňky döwürde derwaýys meseleleri çözmek maksady bilen, ýurdumyzyň halkara giňişlikde netijeli gatnaşyklary ösdürmek boýunça işjeň orny eýeleýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiziň uçary Baku şäheriniň Geýdar Aliýew adyndaky Halkara howa menziline gondy. Iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar. Belent mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna haly ýodajygynyň ugrunda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi.
Sammitiň geçirilýän ýeri bolan Kongresler merkezine gelende, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew mähirli garşylady. Iki goňşy döwletiň Baştutanlary dostlarça salamlaşyp, Goşulyşmazlyk Hereketiniň ýokary derejeli Baku duşuşygynyň resmi banneriniň öňünde surata düşýärler.
Wekiliýet Baştutanlarynyň forumyň resmi banneriniň öňünde bilelikde surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, Baku Kongresler merkeziniň uly mejlisler zalynda Goşulyşmazlyk Hereketiniň sammitiniň açylyş dabarasy boldy. Ýokary derejeli duşuşyga döwlet we hökümet Baştutanlary, dürli ýurtlaryň hem-de iri halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň, Türki Döwletleriň Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Halkara Migrasiýa Guramasynyň, Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň we beýlekileriň ýokary wezipeli wekilleri gatnaşýarlar.
Dünýäniň 120 ýurdunyň arasynda netijeli gatnaşyklary ýola goýmakda we ösdürmekde möhüm syýasy binýat bolup durýan Goşulyşmazlyk Hereketine agza döwletleriň ýokary derejedäki nobatdaky duşuşygynyň esasy meselesi “Bandung ýörelgelerinden ugur alyp, häzirki zaman dünýäsiniň wehimlerine bilelikde we netijeli jogap berilmegini üpjün etmek” mowzugy bilen bagly boldy. Gün tertibine sebit we ählumumy ähmiýetli möhüm meseleler, häzirki döwrüň howplaryna, wehimlerine, ilkinji nobatda, COVID-19-a garşy bilelikde göreşmek, oňyn syýasy gatnaşyklary pugtalandyrmak, dürli ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygy höweslendirmek boýunça görülmeli çäreler bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy girizildi.
Sammiti Goşulyşmazlyk Hereketiniň häzirki Başlygy — Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew açdy. Ol pandemiýa başlanan badyna, hut Goşulyşmazlyk Hereketiniň COVID-19-a garşy durmak boýunça ählumumy tagallalary birleşdirmek başlangyjy bilen çykyş edendigini nygtady. Munuň özi guramanyň täsirini we jogapkärçiligini ýene-de bir gezek aýdyňlyk bilen görkezdi. Azerbaýjanyň Lideri pandemiýanyň BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge ýaramaz täsir edendigini belläp, göz öňünde tutulan maksatlara ýetmek hem-de 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibini doly ýerine ýetirmek üçin ählumumy tagallalary işjeňleşdirmegiň zerurdygyna ýokary derejeli duşuşyga gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň Başlygy Çaba Kýorýoşiniň çykyşynda COVID-19 pandemiýasynyň netijeleriniň aradan aýrylýan döwründe ylma, innowasiýalara, tehnologiýalara we sanlylaşdyrmaga esaslanýan täze mümkinçiliklerde tagallalary birleşdirmegiň möhümdigine aýratyn üns çekildi.
BMG-niň Ženewadaky bölüminiň Baş direktory Tatýana Walowaýa BMG-niň Baş sekretarynyň sammite gatnaşyjylara Ýüzlenmesini okady. Onda XXI asyrda Goşulyşmazlyk Hereketiniň halkara meýdançalardaky ähmiýetiniň artýandygy bellenildi. Şunuň bilen birlikde, Baş sekretaryň Ýüzlenmesinde gatnaşyjylaryň sanyny nazara almak bilen, Goşulyşmazlyk Hereketiniň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm orun eýeläp biljekdigi bellenildi.
Soňra foruma gatnaşyjylara sanly ulgam arkaly Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Baş direktory Tedros Adhanom Gebreýesus ýüzlendi.
Çykyş edenleriň pikirine görä, Baku sammiti ýokary derejedäki duşuşygyň gün tertibine girizilen düýpli meseleleriň ähmiýeti bilen baglylykda, diňe bir sebit däl, eýsem, halkara derejede hem möhüm waka bolmalydyr.
Soňra duşuşygyň plenar mejlisi geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz forumda çykyş edip, ýygnananlary mübärekledi we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe şu sammiti çagyrmak başlangyjy bilen çykyş edendigi, onuň örän gowy guralandygy, myhmansöýerligi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, koronawirus pandemiýasynyň netijeleri häzirki döwürde örän möhüm we düýpli meseleleriň biri bolup durýar. Elbetde, bu diňe lukmançylyk meselesi däldir. Ol gönüden-göni ählumumy ösüşiň syýasy, ykdysady, durmuş-ynsanperwer ugurlaryna täsir edýär. Munuň özi biziň ählimiziň duçar bolan ýönekeý bolmadyk ýagdaýymyzy ýeňip geçmek üçin döwletleriň we halkara institutlaryň özara gatnaşyklarynyň täze, birmeňzeş usullaryny gözlemegiň zerurdygyny görkezdi. Şeýle şertlerde deňhukuklylyk, adalatlylyk, ynsanperwerlik garaýyşlaryna eýerýän döwletleriň birleşigi hökmünde Goşulyşmazlyk Hereketiniň orny artýar. COVID-iň netijelerini ýeňip geçmäge bizden işjeň we başlangyçlar bilen goşant goşmagy, özara hyzmatdaşlyk etmegiň anyk, düşnükli ugurlaryny hem-de ileri tutulýan taraplaryny beýan etmegi talap edýär.
Şunuň bilen baglylykda, ilkinji nobatda, gürrüňiň bilelikdäki işiň umumy syýasy-dünýägaraýyş esaslaryny emele getirmek barada barýandygy, onuň esasynda bolsa raýdaşlyk, özara kömek, bölünmez jogapkärçilik ýörelgeleriniň goýulmalydygy bellenildi. Diňe şeýle edilende, bilelikde tagallalary birleşdirip, biz pandemiýanyň netijelerini ýeňip geçmek üçin şertleri döredip bileris. Onuň gaýtadan ýüze çykmazlygyny kepillendirip, zerur bolan gorag usullaryny döredip, ykdysady we söwda gatnaşyklarymyzy dikelderis. Pandemiýanyň ýiti tapgyrynyň tamamlanmagynyň ondan doly üstün çykylandygyny aňlatmaýandygy äşgärdir. Hut şoňa görä-de, bize hyzmatdaşlygyň derejesini diňe bir peseltmän, eýsem, ony yzygiderli giňeltmek hem zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady.
Bu ugurda ilkinji nobatdaky wezipeleriň arasynda biz Goşulyşmazlyk Hereketine girýän ýurtlaryň ylmy-lukmançylyk ugry boýunça hyzmatdaşlygynyň ulgamlaşdyrylmagyny görýäris. Howply ýokanç kesellere garşy göreşmekde tejribäni, usulyýetleri alyşmagy işjeňleşdirmek, bu işi yzygiderli we hemişelik esasda ýola goýmak talap edilýär diýip, döwlet Baştutanymyz gatnaşyjy ýurtlaryň her biriniň hemmelere zerur bolup biljek gymmatly tejribesiniň üstünlikli mysallarynyň bardygyna ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, Goşulyşmazlyk Hereketiniň ýokanç kesellere garşy göreşmek boýunça ähli agzalary üçin elýeterli bolan Bitewi maglumat we usulyýet bankyny döretmegiň üstünde oýlanmak teklip edildi.
Bu ugurda bilelikde işlemek üçin Goşulyşmazlyk Hereketiniň lukmançylyk we sanitariýa edaralarynyň ýörite maslahatyny çagyrmak meselesini ara alyp maslahatlaşmagy maksadalaýyk hasaplaýaryn. Maslahata tejribe geçýän lukmanlary, alymlary, bilermenleri, lukmançylyk bileleşiginiň beýleki wekillerini, täze howplara garşy durmaga we onuň bilen bagly ýagdaýlary ýeňip geçmäge gatnaşýan başga düzümleri hem-de edaralary çekmeli diýip pikir edýärin. Elbetde, bu gyzyklanma bildirýän beýleki döwletlerdir guramalaryň ählisi üçin-de açyk bolmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Biziň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygymyz COVID-iň netijelerini ýeňip geçmekde üstünlikli işlemegiň örän möhüm şertidir diýip, hormatly Prezidentimiz, umuman, BSGG-niň öz üstüne ýüklenen wezipeleriň hötdesinden gelendigini wagtyň görkezendigini we onuň başarnygyna hem-de kämilligine şübhelenmäge esasyň ýokdugyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, biz Goşulyşmazlyk Hereketini Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasyna hemişe syýasy, ruhy we beýleki ugurlarda goldaw bermäge çagyrýarys. Bu gurama bilen üýtgewsiz hyzmatdaşlyk etmelidigini tassyklamaly, umumydünýä derejesinde adamlaryň ömrüni we saglygyny goramakda onuň baş utgaşdyryjy ornuny ykrar etmeli diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Men emele gelen ýagdaýda Goşulyşmazlyk Hereketi bilen Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň arasynda, ozaly bilen, biziň ýurtlarymyzyň lukmançylyk bileleşikleriň ugry boýunça hyzmatdaşlyk etmegi netijeli, iň az resmilikler bilen ýola goýmak zerurlygy ýüze çykdy diýip pikir edýärin diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şeýle işlemegiň ülňüleriniň we görnüşleriniň üstünde oýlanmagy teklip etdi.
Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň işini doly goldaýandygyny beýan etdi we bu guramanyň ýolbaşçylaryna, işgärlerine tutanýerli hem-de başarnykly zähmeti üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Biziň ýurdumyz bu gurama bilen geljekde-de ysnyşykly hyzmatdaşlyk eder, mundan beýläk-de oňa hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardyr diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.
Bellenilişi ýaly, şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan özüniň ozal teklip eden, ylmy diplomatiýa boýunça köptaraply hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen başlangyçlaryny öňe sürmegi dowam etdirer.
Hususan-da, ýurdumyzyň şu aşakdaky halkara we sebit gurallaryny, ýagny Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň koronawirusyň genomyny öwrenmek boýunça Ýörite maksatnamasyny; öýken sowuklamasyna garşy göreşmek boýunça köptaraply guraly; Ýokanç keselleri bejermek we olaryň öňüni almak boýunça usulyýet merkezini; Merkezi Aziýa epidemiologiýa, wirusologiýa we bakteriologiýa sebit merkezini döretmek barada ozal öňe süren teklipleri tassyklanyldy.
Şeýle hem Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň ýardam bermeginde we utgaşdyrmagynda derman serişdelerini we lukmançylyk enjamlaryny bu ugurda ýeterlik bolmadyk döwletlere wagtynda, bökdençsiz eltmek üçin has netijeli we adalatly ulgamy ýola goýmagyň zerurdygyna aýratyn üns çekildi. Bu babatda Birleşen Milletler Guramasynyň ynsanperwer ugurly beýleki düzümleri bilen hem hyzmatdaşlyk etmegiň ýollaryny-da işjeň ulanmagyň zerurdygy bellenildi.
Döwlet Baştutanymyz geljekki meýilnamalar barada aýdyp, geljek döwürde halkara ykdysady we söwda gatnaşyklaryny yzygiderli dikeltmegi gazanmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Goşulyşmazlyk Hereketiniň döwletlerini adatdan daşary ýagdaýlarda halkara ulag ulgamlarynyň durnuklylygyny dikeltmegiň hem-de berkitmegiň üstünde netijeli işlemäge çagyryp, munuň üçin gowy esasyň — BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2021-nji ýylyň 29-njy iýulynda kabul eden “Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek” atly Kararnamasynyň bardygyny kanagatlanma bilen belledi.
Şol bir wagtda, biz Baş Assambleýanyň “Ählumumy ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmekde we berkitmekde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ornuny ýokarlandyrmak” atly Kararnamasyny işläp taýýarlamaga girişmeli diýip hasap edýäris diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Şeýle resminama bu döwletleriň bähbitlerini öňe sürmäge netijeli itergi bermäge ukyply bolar. Goşulyşmazlyk Hereketine girýän bu döwletleriň köpüsi degişli meseleleriň ähmiýetini we oňa düşünmegi beýan eder, dünýä jemgyýetçiliginiň olaryň çözülmegine meýillerini görkezer. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň hemmeleriň netijeli teklipleri we başlangyçlary üçin açyk bolan bu resminamany taýýarlamaga girişmäge taýýardygyny tassyklady hem-de goşulyşmaýan ýurtlaryň bu işe gatnaşjakdygyna ynam bildirdi.
Şeýle hem pandemiýanyň ýaramaz ykdysady netijelerini azaltmak bilen baglylykda, BMG-niň ugurdaş düzümleri, ilkinji nobatda, Ykdysady we Durmuş geňeşi bilen Goşulyşmazlyk Hereketiniň hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek teklip edildi. Bellenilişi ýaly, ösýän ýurtlaryň kanuny hukuklaryny we bähbitlerini goramakda, halkara ykdysady gatnaşyklarda adalatlylygy hem-de deňhukuklylygy işjeň gazanmakda Goşulyşmazlyk Hereketiniň ýurtlarynyň tagallalaryny birleşdirmek COVID-den soňky ählumumy ykdysady şertlerde biziň işimiziň örän möhüm tarapy bolup durýar. Şu meselelerde biziň maksadymyz aýdyň we dogry beýan edilmelidir: ykdysady gatnaşyklaryň dikeldilmegi ösýän ýurtlara zelel ýetirmeli däldir, olaryň hasabyna geçirilmeli däldir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Çykyşyň dowamynda häzirki döwürde bizde dünýä ykdysady we söwda gurluşynyň täze ulgamyny döretmäge mümkinçiligiň bardygyna ynam bildirildi. Bu ulgamda kemsitmäge, emeli päsgelçiliklere, serişdeleriň adalatsyz paýlanmagyna orun bolmaz. Halklaryň we döwletleriň ykdysady özbaşdaklygyny ykrar etmekde Goşulyşmazlyk Hereketiniň orny berk hem-de saldamly bolmalydyr. Biz öz ykdysady gün tertibimizi başlangyçlar arkaly, jogapkärçilik bilen öňe sürmelidiris diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, energetika howpsuzlygynyň ählumumy ulgamyny döretmäge goşulyşmaýan döwletleriň işjeň gatnaşmagy ägirt uly ähmiýete eýe bolýar. Bu bolsa adalatly we aýdyň ýörelgelere, energiýa çeşmelerine, olary eltmegiň serişdelerine deňhukukly elýeterlilige esaslanýar.
Energiýa serişdelerini iberijileriň, satyn alyjylaryň we üstaşyr geçirijileriň bähbitlerini hasaba almaga we ykrar etmäge daýanýar.
Goşulyşmazlyk Hereketiniň döwletleriniň Durnukly ösüş maksatlaryny, şol sanda onuň azyk howpsuzlygy ýaly bölegini durmuşa geçirmekde netijeli işi COVID-den soňky dikeldiş döwrüniň örän möhüm tarapy bolup durýar. Pandemiýa bu mesele çözülmedik, ilaty doly bahaly iýmit almaýan döwletleriň ýagdaýyny äşgär etdi diýip, döwlet Baştutanymyz islendik adamyň, ozaly bilen, ähli çagalaryň aýrylmaz hukugy, saglygynyň we kadaly ösüşiniň esasy şerti hökmünde doly bahaly iýmiti kepillendirmekde döwletleriň we sebitleriň azyk serişdelerine elýeterliligini üpjün etmek meselelerine seredilende, goşulyşmaýan ýurtlaryň garaýyşlarynyň bitewüliginiň we berkliginiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow COVID-den soňky dikeldiş döwrüniň ähli sanalyp geçilen wezipeleriniň diňe pugta parahatçylyk we deňhukuklylyk şertlerinde mümkindigini belläp, geljekde goşulyşmaýan ýurtlary ählumumy durnuklylygy we howpsuzlygy gazanmak ugrundaky göreşde öz birleşdirilen çemeleşmelerini güýçlendirmäge çagyrdy. Gapma-garşylyklary we dartgynlylygyň güýjemegini ýeňip geçmelidigini, döwletara gatnaşyklarda hormatlamak medeniýetini, ynanyşmagy we öňünden çaklamagy gazanmalydygyny belleýäris. Häzirki döwrüň dünýä tertibiniň we howpsuzlyk gurluşynyň syýasy-hukuk binýady hökmünde halkara hukugyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň ornunyň pugtalandyrylmalydygyny nygtaýarys diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Mälim bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy şu ýyly Türkmenistanyň başlangyjy boýunça “Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly” diýip yglan etdi diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi we bu başlangyjy goldap çykyş eden Goşulyşmazlyk Hereketiniň ähli döwletlerine minnetdarlyk bildirdi. Olaryň ençemesi degişli Kararnamanyň awtordaşlary boldular. Munuň özi biziň maksatlarymyzyň we niýetlerimiziň birdigini, birleşigimiziň parahatçylyk söýüji, ynsanperwer ýörelgelere ygrarlydygyny ynamly görkezdi.
Hormatly Prezidentimiz sözüniň ahyrynda Goşulyşmazlyk Hereketinde netijeli başlyklyk edendigi, şu günüň we geljegiň öňde duran maksatlaryny ýerine ýetirmäge goşan uly goşandy üçin doganlyk Azerbaýjan Respublikasyna minnetdarlyk bildirdi.
Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi we foruma gatnaşyjylaryň el çarpyşmalary bilen garşylanyldy.
Şu gün Baku Kongresler merkezinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda duşuşyk geçirildi.
Azerbaýjanyň Baştutany belent mertebeli myhmany ýene-de bir gezek mähirli mübärekläp hem-de bu möhüm halkara foruma gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanda bolan saparlaryny aýratyn ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belledi. Şol saparlaryň barşynda Azerbaýjanyň Lideri ýokary derejedäki möhüm ähmiýetli duşuşyga gatnaşdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň amala aşyrýan, oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan döredijilikli syýasatyna ýokary baha berildi. Munuň özi Goşulyşmazlyk Hereketiniň esasy maksatlaryna doly laýyk gelýär.
Öz nobatynda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu sammite gatnaşmaga çakylygy, mähirli kabul edendigi we myhmansöýerligi üçin minnetdarlyk bildirip, Prezident Ilham Aliýewe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny ýetirdi. Döwlet Baştutanymyz şu günki duşuşygyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary dürli ugurlarda mundan beýläk-de ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Dostlukly döwletiň Baştutany türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Azerbaýjanyň Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge hemişe uly üns berýändigini belledi.
Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler biziň ýurtlarymyzyň syýasat, ykdysadyýet, söwda, ynsanperwer ulgamlarda ýokary derejedäki ýola goýlan döwletara gatnaşyklary ösdürmek ugrunda bilelikdäki tagallalary edýändiklerini kanagatlanma bilen nygtadylar. Ikitaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde iki döwletiň arasyndaky özara hyzmatdaşlygyň uly tejribesiniň toplanandygy nygtaldy.
Sebit we ählumumy gün tertibiniň esasy meseleleri boýunça pikir alyşmalaryň çäklerinde, söhbetdeşler häzirki döwrüň möhüm meseleleri, ählumumy parahatçylygy saklamak we goldamak, halkara terrorçylygyň wehimlerine garşy göreşmek, durnukly energetika, ulag ulgamlaryny üpjün etmek, suw howpsuzlygy, daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi ýaly meselelerde özara düşünişmegiň bardygyny bellediler. Şunuň bilen birlikde, taraplar häzirki zamanyň şu we beýleki meselelerini sebit derejesinde çözmekde hyzmatdaşlygyň köptaraplaýyn ugurlarynyň döwrebap hem-de netijeli ugurlar bolup durýandygyny tassykladylar.
Goşulyşmazlyk Hereketiniň halkara gatnaşyklardaky orny ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy meseleleriniň biri boldy. Şunuň bilen baglylykda, şu sammitiň hem-de onuň çäklerinde öňe sürlen, häzirki döwrüň howplaryna we wehimlerine, ilkinji nobatda, XXI asyryň pandemiýasyna — COVID-19-a garşy göreşmäge gönükdirilen täze başlangyçlaryň ähmiýetine üns berildi.
Söwda-ykdysady gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygyň örän möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Bu gatnaşyklar ýokary depginde ösdürilýär. Söhbetdeşler ulag-logistika we energetika ulgamlaryny gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezip, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda geografik taýdan strategik ähmiýetli ýerleşmeginiň bu ugurda ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmäge, şol sanda giň möçberli halkara taslamalary durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýändigini nygtadylar.
Prezidentler Serdar Berdimuhamedowyň we Ilham Aliýewiň nygtaýyşlary ýaly, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ýakyn geljekde festiwallary we özara Medeniýet günlerini guramak, döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň wekilleriniň arasynda gatnaşyklary işjeňleşdirmek baradaky teklip aýdyldy. Şunuň bilen bir hatarda, söhbetdeşler saglygy goraýyş we bilim, syýahatçylyk ulgamlarynda gatnaşyklaryň möhümdigini bellediler.
Mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwletara gatnaşyklary ösdürmek barada hemişe we yzygiderli alada edýändigi, oňa üns berýändigi üçin Prezident Ilham Aliýewe minnetdarlyk bildirdi.
Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz azerbaýjanly kärdeşine myhmansöýerlik hem-de wekilçilikli forumyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin minnetdarlyk sözlerini beýan etdi. Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Ilham Aliýew hoşlaşanlarynda, Türkmenistanyň hem-de Azerbaýjanyň halklaryna parahatçylyk, abadançylyk arzuw etdiler.
Iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bakuwyň Geýdar Aliýew adyndaky Halkara howa menziline bardy we şol ýerden Watanymyza ugrady.
Birnäçe wagtdan soň, döwlet Baştutanymyzyň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi resmi adamlar garşyladylar.
Umuman, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň Bakuwda Goşulyşmazlyk Hereketiniň COVID-19 bilen göreşmek boýunça Aragatnaşyk toparynyň sammitine gatnaşmagy milli bähbitleri we ählumumy ösüşiň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, halkara hyzmatdaşlygyň netijeli, döwrüň talaplaryna laýyk gelýän usullaryny kesgitlemäge umumy çemeleşmeleri kemala getirmek işinde ýurdumyzyň işjeň orny eýeleýändiginiň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy.