Ýurdumyzda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň şu ýylyň 26-njy martynda geçiriljek saýlawlary boýunça dalaşgärleri bellige almak möwsümi 2023-njy ýylyň 28-nji fewralynda tamamlandy.
Dalaşgärleri bellige almak işleri degişli saýlaw toparlary tarapyndan demokratik ýörelgelere laýyklykda amala aşyryldy. Şeýlelikde, ýurdumyz boýunça saýlaw okruglarynyň jemi 7222-sinde, şol sanda Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlary boýunça 125-sinde, welaýat, Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça 240-synda, etrap, etrap hukukly şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça 960-synda we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça 5897-sinde dalaşgärler bäsleşerler. Her bir saýlaw okrugy boýunça iki, käbirlerinde bolsa ondan-da köp dalaşgär bäsleşer. Bellige alnan dalaşgärlere bellenilen nusgadaky şahsyýetnamalar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 48-nji maddasyna laýyklykda, şeýle-de saýlaw möwsüminiň açyklyk, aýanlyk şertlerini üpjün etmek maksady bilen, saýlaw okruglary boýunça bellige alnan dalaşgärler baradaky maglumatlar köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly ilatyň dykgatyna dowamly ýetiriler.