SEBITDE PARAHATÇYLYGY WE YNANYŞMAGY PUGTALANDYRMAK UGRUNDA

28-nji fewralda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Mejlisiniň, Daşary işler ministrliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyňdyr wekilleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda “Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi — sebitde parahatçylygyň, durnuklylygyň, howpsuzlygyň berk binýady” atly maslahat geçirildi. Wekilçilikli forum BMG-niň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýork şäherinde geçirilýän 77-nji sessiýasynyň 60-njy umumy mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça “Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi mynasybetli guraldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bu şanly waka mynasybetli Türkmenistanyň halkyna iberen Gutlagynda belleýşi ýaly, munuň özi ýurdumyzyň halkara abraýynyň ýokarydygynyň, döwletimiziň alyp barýan daşary syýasat ugrunyň netijelidiginiň aýdyň beýanydyr. Öňüni alyş diplomatiýasynyň ähmiýetiniň hem-de möhümdiginiň tassyklanmagydyr. Şeýle-de parahatçylygy goldamak we dünýä gurluşy babatda Birleşen Milletler Guramasynyň ýörite syýasy edaralarynyň ornunyň wajypdygynyň ykrar edilmegidir.

Nygtalyşy ýaly, halkara gatnaşyklary düzgünleşdirýän edara hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň utgaşdyryjy ornuna ýokary baha berip, Türkmenistan bu gurama bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda yzygiderli çykyş edýär we ony daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, şu geçen ýyllaryň dowamynda ýurdumyz BMG we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen netijeli gatnaşyk edýär, olar bilen bilelikde dürli ulgamlarda möhüm taslamalardyr maksatnamalar amala aşyrylýar. Hyzmatdaşlygyň köpýyllyk tejribesine daýanyp, häzirki döwürde däbe öwrülen bu gatnaşyklar özüniň çägini giňeldýär, ählumumy ösüşiň täze ugurlaryny hem-de derwaýys meselelerini, şol sanda parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, durnukly energetika we ulag, ykdysady, durmuş, ynsanperwer, ekologik meseleleri çözmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ýaly ugurlary öz içine alýar.

Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna berk ygrarly bolan hem-de Garaşsyzlyk ýyllarynda parahatçylyk döredijiligiň uly tejribesini toplan Türkmenistan BMG üçin möhüm we uzak möhletleýin hyzmatdaş bolup durýar.

Ýurdumyzyň täsin, dünýä tejribesindäki ilkinji Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýy BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen iki gezek berkidilip, amala aşyrylýan daşary syýasy ugruň maksadyny hem-de many-mazmunyny kesgitledi, sebitde howpsuzlygy üpjün etmäge, içerki ösüşi hem-de milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen çalt depginlerde ösdürmek boýunça giň gerimli döwlet maksatnamalaryny höweslendirmäge oňyn täsirini ýetirdi. Häzirki wagtda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan esasy ýörelgeler, has takygy, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, gyzyklanma bildirilýän ýurtlaryň, hyzmatdaşlaryň ählisi bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny giňeltmek, dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmek, beýleki halklara, olaryň medeniýetlerine we däp-dessurlaryna hormat goýmak ýaly ýörelgeler Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynda hem-de öňüni alyş diplomatiýasynda täze many-mazmun bilen baýlaşdyryldy.

Bitaraplyk syýasatynyň sebit we dünýä derejesinde parahatçylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmaga gönüden-göni ýardam edýändigini iş ýüzünde subut eden türkmen tarapynyň başlangyjy bilen 12-nji dekabryň “Halkara Bitaraplyk güni” diýlip biragyzdan yglan edilmegi tötänden däldir. Öz döwründe munuň özi BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy bilen berkidildi. Hyzmatdaşlygyň geçen ýyllarynyň dowamynda ýurdumyz dünýä gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça beýleki Kararnamalaryň hem ençemesiniň awtory boldy. Şolaryň biri-de soňky döwürde kabul edilen 2023-nji ýyly “Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly” diýip yglan etmek hakynda Kararnamadyr. Bu resminama BMG-niň esasy maksatlarynyň we wezipeleriniň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlen “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly ählumumy başlangyç dünýä halklarynyň parahat durmuşda we özara ynanyşmak ýagdaýynda ýaşamagynyň däplerini pugtalandyrmak, gymmatly ýörelgeleri hem-de oňyn dünýägaraýyşlary dikeltmek, parahatçylygyň, ynanyşmagyň medeniýetini halkara gatnaşyklaryň möhüm şerti hökmünde kesgitlemek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilendir.

Halkara gatnaşyklaryň täze filosofiýasy hökmünde ykrar edilýän bu başlangyç BMG-niň Baş sekretarynyň dünýäni gurmagyň Täze gün tertibini kemala getirmek baradaky başlangyjy bilen sazlaşýar. Şol başlangyç ählumumy strategik howplary azaltmak, gapma-garşylyklaryň öňüni almaga we parahatçylyk döredijilige maýa goýumlary goýmak, sebitdäki öňüni alyş çärelerini goldamak ýaly meseleleri birleşdirýär.

2007-nji ýylda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy Bitarap Türkmenistanyň durmuşa geçirýän daşary syýasy ugrunyň goldanylýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Gurama tarapyndan işlenip taýýarlanylan syýasy-hukuk guraly nazara almak hem-de ýurdumyzyň Bitaraplygynyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak bilen, bu merkeziň işi sebitiň ýurtlarynyň netijeli syýasy gatnaşyklaryny has-da işjeňleşdirmäge gönükdirilendir. Sebit merkezi goňşy döwletleriň hem-de Howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň goldamagynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň çözgüdine laýyklykda tassyklanyldy.

Şu günki maslahatyň barşynda 15 ýyldan gowrak netijeli işiniň dowamynda sebit merkeziniň özüni häzirki döwrüň derwaýys meseleleriniň köpüsini çözmekde Birleşen Milletler Guramasynyň ulgamyny Merkezi Aziýa ýurtlary bilen baglanyşdyrýan netijeli binýat hökmünde görkezendigi bellenildi. Türkmenistanyň Hökümeti BMG-niň şu düzüminiň işine, şeýle hem onuň ähli tagallalaryna we başlangyçlaryna, hususan-da, syýasy-diplomatik gatnaşyklary ilerletmek, sebitde gapma-garşylyklaryň öňüni almak, ynanyşmak ýagdaýyny pugtalandyrmak babatdaky tagallalaryna hemmetaraplaýyn goldaw berýär. Häzirki wagtda sebit merkeziniň binýadynda özara gatnaşyklaryň täze görnüşleri, şol sanda Öňüni alyş diplomatiýasy akademiýasy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy, Merkezi Aziýa döwletleriniň suw-energetika hyzmatdaşlygynyň hukuk meseleleri boýunça maksatlaýyn iş topary döredildi we üstünlikli hereket edýär.

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2021-nji ýylyň 16-njy aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny” atly adybir Kararnamasynyň kabul edilmegi BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň kuwwatyny, onuň halkara hukuk esaslaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmakda möhüm ähmiýetli waka boldy. Bellenilişi ýaly, sebitiň ýurtlary bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklar, yzygiderli geçirilýän duşuşyklar, ilkinji nobatda, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklary taraplaryň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge, ylalaşykly çemeleşmeleri işläp taýýarlamak boýunça halkara düzümler bilen tagallalary birleşdirmäge taýýardygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Çykyşlarda ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda, Watanymyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň, toplumlaýyn ösüş maksatnamalarynyň, oňyn demokratik özgertmeleriň, Türkmenistanyň parahatçylygyň we ählumumy howpsuzlygyň esaslaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen möhüm başlangyçlarynyň many-mazmunyny düşündirmek boýunça alnyp barylýan köpçülikleýin wagyz-nesihat işinde jemgyýetçilik guramalarynyň wajyp orny bellenildi.

Maslahata gatnaşyjylar BMG-niň Baş Assambleýasynyň täze Kararnamasynyň kabul edilmeginiň sebit merkeziniň ygtyýarlyklaryny pugtalandyrmaga, öňüni alyş diplomatiýasynyň täsirli gurallaryny giňden ulanmaga hem-de Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlarynyň halkara başlangyçlaryny durmuşa geçirmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

Meňzeş habarlar