Sumbar jülgesiniň täsin tebigaty bar. Sumbar derýasynyň iki kenaryndaky Ýollydere, Aýdere, Pordere ýaly dereleriň gözellikleri, ösümlik we haýwanat dünýäsi bu ýere gelen adamlaryň kalbynda ýakymly täsirleri oýarýar.
Özüniň gözbaşyny Daýna obasynyň gündogaryndan alyp gaýdýan Sumbar derýasy şu gün joşup akýar. Bu görnüşe babadaýhanyň göwün guşy al-asmana göterilýär. Çünki derýa bol suwly bolsa, daýhanyň hasylynyň oňat, saçagynyň bereketli boljakdygynyň kepilidir. Sumbar jülgesiniň demirgazygyndaky dag gerişleri bu ýerde bitýän ösümlikleri, ýabany haýwanlary demirgazykdan gelýän sowuk howa akymyndan goraýar. Sumbaryň günbatary açyk bolup, oňa Hasar deňziniň çygly howasy gelýär. Bu ýere ilkinji gezek gelýän adamyň gözi ilki bilen täsin Aý daglarynda eglenýär.
Şahyr Kerim Gurbannepesowyň:
Garrygala myhman barsaň
Gujagyny geren daglar
– diýen setirlerinde nygtalyşy ýaly Magtymguly etrabynyň dogurdanda çar tarapy daglyk, gül-gülzarlyga beslenen. Bu ajaýyp etrap mähriban Diýarymyzyň iň bir täsin künjekleriniň biri höküminde bellidir. Etrabymyza girip ilki aýak basanyňda, seni göýä ýer üstünden başga bir künjege düşen ýaly bir geňsi ahwal gurşap alýar. Megerem bu başga ýerlerde duş gelmeýän üýtgeşik çalymtyl reňkli daglaryň etrabymyzyň tebigy derwezesi kimin ähli myhmanlary ähli zatdan garşy almagyndadyr. Aý daglaryndan geçeniňden soň, ýoluň demirgazyk tarapyna gitseň, ol meşhur Parhaý çeşmesine alyp barýar. Parhaý jülgesiniň arassa howasy diýseň jana ýakymly, Parhaýyň suwy meşhur Arçman şypahanasynyň kükürtli suwuna ýakyndyr.
Sünt-Hasardag tebigy goraghananyň işgärleri Sumbar jülgesiniň we Günbatar Köpetdagyň haýwanat we ösümlik dünýäsini goraýarlar, şeýle hem ylmy esasda öwrenýärler. Goraghananyň çäginde dürli görnüşli haýwanlara hem duş gelinýär. Sünt hem Hasar daglarynyň ortasynda Ýollydere diýen uly hem çuň dere ýerleşýär. Şol derede ösümlikleriň dürli görnüşli ösümliklere gabat gelinýär. Bu ýerde diňe hasyl getirýän üzümiň on görnüşi, şeýle hem alma, injir, armyt, hoz, pisse, alça, garaly, nar, böwürslen ýaly agaçlar ýabany görnüşde bu ýeriň has hem gözellige gözellik berip ösýärler. Ýollyderede başga ýerde duş gelmeýän ösümlikler hem köp. Bu gözel ýerde Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen ösümlikleriň 13 görnüşi ösýär, haýwanlaryň bolsa 8 görnüşi ýaşaýar. Bu gözellikleri göreniňde göwnüň heýjana gelýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Sumbar jülgesiniň ugrundaky şäher we obalar gözel görke gelýär. Türkmen halkynyň beýik akyldary Dana Magtymguly Pyragynyň adyny buýsanç bilen göterýän Magtymguly etraby uly özgerişlere, ösüşlere beslenýär. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň başlangyçlary esasynda gurulýan ymaratlar etrabymyzyň has-da gözelleşmegine getirýär. Şol bina edilen ymaratlarda ýaşlar üçin-de döwrebap mümkinçilikler bar. Kalplary buýsançly ýaşlarymyz bilen etrabymyzyň gözel jülgelerinde gezelençde bolýarys hem-de etrabymyzyň şeýle ajaýyp ýerleri hakda söhbetdeşlikleri gurnaýarys. Ýaşlaryň kalbynda mähriban topragymyza söýgüni has-da artdyrýarys. Bizi şeýle eşretli döwletli-döwranda ýaşadýan Arkadagly Serdarymyza ähli ýaşlaryň adyndan hoşallygymyzy bildirýäris.
Bagül SÄDIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Magtymguly
Etrap Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.