BAGT DIÝEN ZAT DAMJA BOLSA, ÝAZ ÝAGŞA EZILIŇ

Dünýä halklary bilen bir hatarda türkmen halky hem baharyň buşlukçysy – Nowruzyň däp-dessurlaryna durmuş tejribesini, ahlak we ruhy gymmatlyklaryny, parahatçylyk, dostluk, hoşmeýilli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak ýaly külli adamzat üçin beýik ruhy gymmatlyklara öwrülen ynsanperwer ýörelgelerini siňdiripdir. Şonuň üçin hem bu gün ynsan kalbynyň tämizligini, egsilmez döredijilik joşgunyny aňladýan bu baýram bizi we agzybir, zähmetkeş halkymyzy döredijilikli täze zähmetlere, beýik işlere ruhlandyrýar.Türkmen halky gadymyýetden, tä şu güne çenli bu baýramy mukaddes baýram hökmünde, tebigatyň täzeden janlanýan, ýaşaýşa söýgüni dabaralandyrýan baýram hökmünde belläp gelipdir. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem giňden bellenilýän Milli bahar baýramçylygy merdana halkymyzyň ähli ugurlarynda, şol sanda ykdysadyýetde, medeniýetde, sportda we beýleki durmuş-ykdysady ugurlarynda hem öňe gidişliklere, nurana geljege sary iteriji güýç hökmünde giňden dabaralanýar.

2023-nji ýylyň 20-nji martynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi, Kerki etrap merkezi kitaphanasynda Milli bahar baýramy, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Ýaşlara gutlag” atly goşgusyny ýaşlara sowgat etmegi mynasybetli ýaş okyjylaryň gatnaşmagynda “Bagt diýen zat damja bolsa, Ýaz ýagşa eziliň” atly  aýdym-sazly duşuşyk geçirildi. Duşuşykda Kerki etrap merkezi kitaphanasynyň baş kitaphanaçysy G.Hydyrowa, Kerki etrap medeniýet merkeziniň aýdymçysy Agamyrat Joraýew, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni E.Ýoldaşowa, kitaphananyň işjeň okyjysy ýaş şahyr M.Mekanowa dagylar çykyş etdiler. Aýdym-sazly çäräniň soňunda oňa gatnaşyjylar taryhyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan Milli Bahar baýramyny giňden belleýän türkmen halkynyň Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe maddy we ruhy baýlyklaryny öwrenmekde, şan-şöhratyny, at-abraýyny dünýä ýaýmakda alyp barýan jogapkärli işlerinde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.

 

Oýdin AŞIROWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Kerki etrap Geňeşiniň  sanly ulgam boýunça hünärmeni.

Meňzeş habarlar

29 Iýul 2025 | 47 okalan

EL GÖRKI HÜNÄR

29 Iýul 2025 | 49 okalan

MAŞGALAM – BAŞ GALAM