Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň pähim-parasatly ýolbaşçylygynda beýleki ulgamlar bilen birlikde saýlaw ulgamyna içgin üns berilýär. Ýurt Baştutanymyzyň ýakyndan ýardam bermegi netijesinde, ýurdumyzda saýlawlar demokratik ýörelgelere, halkara ölçeglerine laýyklykda geçirilýär hem-de saýlaw ulgamy barha kämilleşdirilýär. Şeýlelikde bolsa, döwletimiziň syýasy ösüşiniň demokratik ýörelgeleri giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar. Türkmen halky taryhy döwürlerde hem maslahatlaşmak, sala salmak, ses bermek arkaly il içinde uly abraýa, hormata, ynama eýe bolan düşünjeli adamlary wezipeli orunlara saýlapdyr. Munuň özi bolsa türkmen milletiniň taryhy demokratik ýörelgeleriniň kämil derejede bolandygyny we halkyň erk-isleginiň goralandygyny görkezýär. Geçmiş taryhymyza nazar aýlasak, zanny, erki hem durky bilen demokrat bolan türkmenleriň öten eýýamlarda hem erkin we aç-açan saýlawlary geçirendiklerini aýdyň görmek bolýar.
2023-nji ýylyň 20-nji martynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi, 2023-nji ýylyň 26-njy martynda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlarynda gelip çykýan wezipeleri wagyz etmek maksady bilen Kerki etrabynyň Daşlyk geňeşliginde zähmet çekýän işgärleriň arasynda “Nurana ýol bilen aýdyň geljege tarap” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Wagyz-nesihat çäresinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri A.Joraýew, Kerki etrabynyň Daşlyk geňeşliginiň hünärmeni Y.Babaýarow, Kerki etrap prokurorynyň uly kömekçisi, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi D.Çaryýew, Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň Kerki etrap bölüminiň wekili Ý.Nejmeddinow dagylar çykyş etdiler.
Oýdin AŞIROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Kerki etrap Geňeşiniň sanly ulgam boýunça hünärmeni.