Türkmen halky gadymyýetden, tä şu güne çenli Milli bahar baýramy mukaddes baýram hökmünde, tebigatyň täzeden janlanýan, ýaşaýşa söýgüni dabaralandyrýan baýram hökmünde belläp gelipdir. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem giňden bellenilýän bu baýramçylyk merdana halkymyzyň ähli ugurlarynda, şol sanda ykdysadyýetde, medeniýetde, sportda we beýleki durmuş-ykdysady ugurlarynda hem öňe gidişliklere, nurana geljege sary iteriji güýç hökmünde giňden dabaralanýar. Dünýä halklaryny birek-birek bilen baglanyşdyrýan bu baýramçylygyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan dostlugyň, goňşuçylygyň, parahatçylygyň nyşany hökmünde ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi hem bu senäniň dünýä jemgyýetçiligi üçin hem aýratyn ähmiýete eýedigini görkezýär. Galyberse-de, Nowruz baýramçylygy diňe bir doganlyk goňşy ýurtlarymyzda däl, eýsem güneşli diýarymyzda hem dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilmegi halkymyzyň belent joşgunyny, kalplarynda ajaýyp söýgüni alamatlandyrýar. Bu baýramyň çäklerinde birnäçe döredijilik, sport bäsleşikleri, aýdym-sazly duşuşyklar geçirilýär.
2023-nji ýylyň 20-nji martynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi, Kerki etrap häkimliginiň hünär-tehniki okuw mekdebinde okaýan talyp gyzlaryň arasynda Milli bahar baýramy mynasybetli “Hany bakaly gyzlar” atly bäsleşik geçirildi. Bäsleşikde toparlar Goşgy aýtmak, aýdym aýtmak, işdäaçar taýýarlamak, unaş kesmek ýaly şertler boýunça bäsleşdiler. Bäsleşikde mekdebiň “Stansiýa we nobatçy” topary I-orna, “14-nji buhgalteriýa” topary II-orna, “Tikinçi we biçimçi” we “Arhiwçi” toparlary III-orna mynasyp boldular. Ýeňiji bolanlara Kerki etrap häkimliginiň hünär-tehniki okuw mekdebi tarapyndan hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Arzuw RAHMANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.