Ýurdumyzyň ýaşlaryny belent maksatlara ruhlandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň “Ýaşlara gutlag” atly täze aýdymy ajaýyp Bahar günlerinde Berkararlyk bagtyndan paýly türkmen ýaşlarynyň ählisine özboluşly döredijilik sowgady boldy. Türkmen halkymyz tarapyndan ykrar edilen Milli Liderimiz ösüp gelýän ýaş neslimize bil baglap, olara uly ynam bildirýär. Şonuň üçinde Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz ýaşlaryň sagdyn ösmegi, döwrebap şertlerde bilim almagy, zähmet çekmegi, döretmegi, sport, medeniýet bilen meşgullanmagy ugrunda hemişe alada edýär. Şonuň bilen bilelikde-de döredijilik bilen meşgullanyp özüniň, goşgudyr, aýdymlary bilen bize ruhy goldaw berýär. Her bir adamyň durmuşynyň iň bagtly pursatlaryna bagyşlanan täze aýdym atanyň iň gowy arzuwlarynyň we durmuşyň nurana ýoluna ak patasynyň beýanyna öwrüldi. Ene-atanyň ýürek duýgusyny özünde jemleýän täze, belent ruhly aýdymy Türkmenistanyň at gazanan artisti Döwlet Amanlykow ýerine ýetirdi. Gahryman Arkadagymyz bize hemişe ähli ugurlar, boýunça durmuş mekdebi, görüm göreldedir. Mundan beýläkde Gahryman Arkadagymyzyň galamynyň ýiti bolmagyny arzuw edýäris. Goý türkmen halkyny ýagty geljege tarap alyp barýan Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, il ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç alsyn!
Gülzar BEKMURADOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Hojambaz etrap Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.