SAÝLAWLAR GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 26-njy martynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde giň bäsleşik esasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary geçirildi. Lebap welaýaty boýunça Türkmenistanyň saýlawly edaralaryna dalaşgärleriň 3293-si hödürlenipdi. Olaryň 52-si Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna, 80-si welaýat halk maslahatynyň agzalygyna, 365-si Türkmenabat şäheriniň we etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalygyna, 2796-sy Geňeşleriň agzalygyna görkezilipdi.  Lebaply ýaşlaryň 8644-si şu ýyl ilkinji gezek saýlawa gatnaşdylar. Bu möhüm syýasy çärä ilkinji gezek gatnaşýan ýaş saýlawçylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Lebap welaýat Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Şeýlelikde olar raýat hökmünde ses berip, Watanymyzyň nurana geljegine öz goşandyny goşmak bagtynyň eýesi boldular. Ýokary derejede geçirilen saýlawlar türkmenistanlylaryň ýurdumyzda mähriban Watanymyzyň bagtyýar geljeginiň bähbidine ýaýbaňlandyrylan demokratik özgertmelere işjeň gatnaşmaga bolan gyzyklanmalaryny äşgär etdi.

Meňzeş habarlar

16 Iýun 2025 | 3 okalan

BAGTYÝAR DÖWRÜŇ BAGTLY ÇAGALARY

13 Iýun 2025 | 85 okalan

SPORT SAGDYN ÝAŞAÝŞYŇ GÖZBAŞY