Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny geçirmäge görülýän taýýarlyk bilen bagly meselä garaldy.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol 26-njy martda geçiriljek bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä taýýarlygy guramak boýunça ýerine ýetirilen işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, bu işler Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Saýlaw kodeksiniň kadalary esasynda alnyp baryldy. Şunuň bilen baglylykda, Mejlisiň degişli karary kabul edildi.
Saýlawlary guramaçylykly hem-de aýanlyk, açyklyk ýörelgeleri esasynda geçirmek boýunça merkezi saýlaw topary bilen meýilnamalaýyn işler alnyp baryldy. Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde saýlaw kanunçylygyny düşündirmek boýunça makalalar çap edildi we ýörite gepleşikler taýýarlanyldy. Aşgabat şäherinde, ýurdumyzyň welaýatlarynda merkezi saýlaw toparynyň edarasynyň hünärmenleriniň, syýasy partiýalaryň, häkimlikleriň wekilleriniň gatnaşmagynda birnäçe çäreler geçirildi.
Türkmenistanyň Konstitusiýasyna girizilen üýtgetmeleri nazara almak bilen, saýlawlaryň giň demokratik esaslarda we kada-kanuna laýyklykda geçirilmegi üçin degişli üýtgetmeler girizilip, saýlaw kanunçylygy kämilleşdirildi. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň hem-de Mejlisiň ygtyýarlygyna degişli kadalar döwrebaplaşdyryldy. Dalaşgärleriň sanawy, olaryň terjimehallary, kanunçylyga laýyklykda, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ilatyň dykgatyna ýetirildi. Dalaşgärlere saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirmek, öz maksatnamalary bilen köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş etmek üçin deň hukuklar we mümkinçilikler döredildi.
Saýlawlara synçy hökmünde gelen ÝHHG-niň Demokratik institutlar hem-de adam hukuklary boýunça býurosynyň wekiliýetiniň Mejlisiň wekilleri bilen duşuşygy geçirilip, saýlawlar bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň 26-njy martynda geçiriljek Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Saýlawlara ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň edaralary boýunça jemi 71 dalaşgäriň gatnaşýandygy bellenildi. Toplumyň Aşgabat şäherindäki we welaýatlardaky düzüm birliklerinde saýlaw uçastoklarynyň 6-sy döredildi. Olarda saýlawlaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi üçin ähli şertler üpjün edildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Begliýew saýlawlara taýýarlyk, hususan-da, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň işgärleriniň saýlawlara işjeň gatnaşmagyny üpjün etmäge gönükdirilen çäreler barada hasabat berdi. Nebitgaz toplumyna degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň garamagyndaky kärhanalarda jemi 52 sany saýlaw uçastogy döredildi. 26-njy martda — saýlawlaryň geçirilýän gününde nebitgaz toplumynda işleýän, ýaşaýan ýerinden uzakda, gatnaw usulynda zähmet çekýän 11 müňden gowrak işgäriň degişli düzgünlere laýyklykda ses bermekleri göz öňünde tutulýar.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow gözegçilik edýän toplumynda bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräni guramaçylykly geçirmek maksady bilen alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, obasenagat toplumyna degişli ministrlikde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda ses bermek üçin ähli şertler bilen üpjün edilen saýlaw uçastoklary döredildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow 26-njy martda geçiriljek Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmegiň çäklerinde gurluşyk we senagat toplumynyň ministrlikleri hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary, Aşgabat şäher häkimligi tarapyndan geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Bu möhüm syýasy çäräni ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek maksady bilen, saýlaw uçastoklary zerur bolan enjamlar we serişdeler, döwrebap aragatnaşyk ulgamy, usuly gollanmalar bilen doly üpjün edildi. Energetika ministrligi tarapyndan saýlawlar gününde çäreleriň geçiriljek ýerlerini ygtybarly elektrik energiýasy bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreler görüldi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine degişli kärhanalar tarapyndan paýtagtymyzdaky we welaýatlardaky saýlaw uçastoklarynyň golaýynda guralan, raýatlarymyza söwda we beýleki hyzmatlary hödürleýän göçme nokatlaryň 269-synda işleri göwnejaý guramak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar, Dokma senagaty ministrlikleriniň garamagyndaky edara-kärhanalarda, orta hünär okuw mekdeplerinde saýlaw uçastoklarynyň 10-sy hereket edip, olarda raýatlarymyzyň ses bermekleri üçin ähli zerur şertler döredildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän ulgamlary tarapyndan Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda saýlawlara taýýarlyk görlüşi baradaky maglumatlar teleradioýaýlymlarda, metbugatda we internet saýtlarynda yzygiderli berilýär. Saýlaw uçastoklarynyň işi, adatça bolşy ýaly, ir säherde Döwlet senasynyň ýaňlanmagy bilen başlanar. Olaryň her birinde milli däplerimize laýyklykda, döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary guralar. Saýlawlaryň geçirilişi köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan ediler.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan bu jemgyýetçilik-syýasy çärä taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar tarapyndan ýurdumyz boýunça saýlaw uçastoklarynyň 2644-si döredilip, şolaryň 1850-si bilim edaralarynyň, 9-sy saglygy goraýyş edaralarynyň, 71-si sport mekdepleriniň we desgalarynyň binalarynda ýerleşýär. Geçiriljek saýlawlaryň ähmiýeti barada syýasatşynaslar, professor-mugallymlar we alymlar tarapyndan ilatyň, aýratyn-da, ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat, düşündiriş işleri yzygiderli geçirilýär. Toplumyň garamagyndaky ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleri, jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri, ýaşlar dalaşgärleriň geçirýän duşuşyklaryna işjeň gatnaşdylar.
Ýurdumyzyň syýasy partiýalary we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan hödürlenen milli synçylar halkara synçylar bilen bilelikde, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Saýlaw kodeksine, halkara kadalara laýyklykda, açyklyk, aýanlyk ýagdaýynda, demokratik ýörelgeler we bäsleşik esasynda saýlawlaryň guramaçylykly geçirilişine syn ederler.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Türkmen tarapynyň çagyrmagy boýunça ýurdumyza Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan synçylar topary geldi. Mundan başga-da, öňümizdäki möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyndan, Türki Döwletleriň Guramasyndan, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyndan, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyndan, şeýle hem birnäçe ýurtlardan synçylaryň gatnaşmagyna garaşylýar. Saýlawlaryň geçişine syn etmek üçin daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem çagyryldy. Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynda we konsullyk edaralarynda saýlaw uçastoklarynyň 42-si döredildi. 16-njy martda olarda möhletinden öň ses bermek işi başlandy. Saýlawlary guramaçylykly geçirmek üçin ähli zerur şertler göz öňünde tutuldy. Bu saýlawlara dünýä bileleşigi tarapyndan hem uly gyzyklanma bildirilýär.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän ulgamlary tarapyndan Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmegiň çäklerinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, sebitleriň we paýtagtymyzyň ilatyny jemgyýetçilik ulaglary bilen bökdençsiz üpjün etmek, ýolagçylara ýokary hilli hyzmat etmek babatda degişli çäreler görülýär.
Saýlawlar gününde saýlaw uçastoklarynda ses bermegiň geçirilişi sanly ulgam arkaly merkezi saýlaw toparynyň web saýtynda göni ýaýlymda raýatlar köpçüligine görkeziler.
Soňra welaýatlaryň we paýtagtymyzyň häkimleriniň Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna görülýän taýýarlyk baradaky hasabatlary diňlenildi.
Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow saýlawlaryň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen görlen çäreler barada hasabat berdi. Sebitde 452 müň 822 saýlawçy hasaba alnyp, saýlaw uçastoklarynyň 365-si döredildi. Saýlaw uçastoklarynda ähli şertler döredildi, şeýle hem döwrebap tehniki serişdeler bilen üpjün edildi. Şunuň bilen birlikde, möhletinden öň ses bermek boýunça degişli işler geçirildi.
Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew öňümizdäki jemgyýetçilik-syýasy çärä taýýarlyk görlüşi, hususan-da, ony milli demokratik ýörelgeler, milli kanunçylygyň we halkara hukugyň umumy kadalary esasynda geçirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, sebitde häzirki wagtda 288 müň 808 saýlawçy hasaba alyndy. Degişli enjamlar bilen üpjün edilen saýlaw uçastoklarynyň 272-si döredildi.
Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow 26-njy martda boljak saýlawlary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek maksady bilen alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Welaýat boýunça 745 müň 706 saýlawçy hasaba alyndy, 536 saýlaw uçastogy döredildi. Olaryň enjamlaşdyrylyşy bildirilýän talaplara doly laýyk gelýär. Saýlawlary guramak boýunça göz öňünde tutulan çäreleriň ählisi bellenen tertipde we öz wagtynda geçirildi.
Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew saýlawlara taýýarlyk görlüşi, şol sanda olaryň ýokary guramaçylyk derejesini hem-de saýlawçylaryň işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi. Welaýat boýunça 728 müň 786 saýlawçy hasaba alyndy, sebitde saýlaw uçastoklarynyň 567-si döredildi. Şeýle hem möhletinden öň ses bermek üçin döredilen mümkinçilikler barada aýdyldy.
Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna görülýän taýýarlygyň göz öňünde tutulan meýilnama hem-de degişli saýlaw kanunçylygynyň talaplaryna laýyklykda amala aşyrylýandygy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, sebitde zerur bolan serişdeler we gollanmalar bilen üpjün edilen saýlaw uçastoklarynyň 550-si döredildi, 809 müň 943 saýlawçy hasaba alyndy.
Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymow paýtagtymyzda bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräni ýokary derejede hem-de demokratik ýörelgelere, hereket edýän milli saýlaw kanunçylygynyň talaplaryna we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda geçirmek üçin zerur işleriň amala aşyrylandygy barada hasabat berdi. Hususan-da, Aşgabat şäherinde saýlaw uçastoklarynyň 312-siniň döredilendigi, 457 müň 332 saýlawçynyň hasaba alnandygy habar berildi. Saýlaw uçastoklary döwrüň talaplaryna laýyklykda enjamlaşdyryldy.
Soňra ýurdumyzyň goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary B.Gündogdyýew saýlawlaryň açyklyk, aýanlyk we deňhukuklylyk ýagdaýynda geçirilmegini üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini utgaşdyrmak arkaly ýurdumyzyň ähli sebitlerinde, paýtagtymyzda asudalygy hem-de durnuklylygy, kanunylygy, hukuk tertibini üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow saýlawlary guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna, Aşgabat şäheriniň we welaýat häkimlerine Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygyna degişli tabşyryklary berdi. Wise-premýerlere saýlawlary ýokary guramaçylykda, baýramçylyk ruhunda geçirmek üçin gözegçilik edýän ugurlary boýunça anyk çäreleri görmek tabşyryldy.
Ýekşenbe güni ýurdumyzda we daşary ýurtlarda saýlaw uçastoklarynyň 2644-si ir sagat 7:00-da öz gapylaryny açar. Saýlawlar gününi aýdym-saza besläp, saýlaw uçastoklarynda döredijilik toparlarynyň çykyşlaryny guramak zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady.
Ýurdumyzda saýlawlar açyk, aýdyň, demokratik ýagdaýda geçirilýär. 26-njy martda saýlawçylaryň ses bermäge gatnaşygy barada teleýaýlymlarda, internet serişdelerinde maglumat berip durmaly diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şeýle-de ses bermegiň barşynyň sanly ulgam arkaly merkezi saýlaw toparynyň web saýtynda onlaýn tertipde ir sagat 7:00-dan agşam sagat 19:00-a çenli göni ýaýlymda görkezilmegini üpjün etmek tabşyryldy. “Goý, ýurdumyzda geçirilýän saýlawlaryň aç-açan, aýan, demokratik saýlawlardygy dünýä ýaýylsyn!” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary B.Gündogdyýewe saýlawlar güni ses berilýän ýerlerde jemgyýetçilik tertibini berk berjaý etmek hem-de ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmek barada görkezme berildi.
Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri paýtagtymyzda hem-de sebitlerde saýlawlaryň toý-baýramçylyk ruhunda, aýdym-sazly, dabaraly geçirilmegini üpjün etmelidirler. Saýlawçylaryň bu syýasy çärä işjeň gatnaşmagy üçin zerur şertleri döretmek möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy G.Myradowa ýüzlenip, saýlawlary demokratik ýörelgeler esasynda, milli kanunlarymyza, halkara kadalara laýyklykda geçirmek üçin ähli şertleriň döredilendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräni aýanlyk şertlerinde, raýatlaryň erk-islegleriniň erkin beýan edilmegi esasynda, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Saýlaw kodeksine laýyklykda, guramaçylykly geçirmek tabşyryldy.
Saýlaw toparlarynyň agzalary raýatlarymyzyň saýlaw hukuklarynyň üpjün edilmegine örän jogapkärli çemeleşmelidirler. Saýlawlarda ses bermegi, onuň netijelerini yglan etmegi, saýlanan Mejlisiň deputatlaryny we welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalaryny bellige almagy, okrug hem-de uçastok saýlaw toparlarynyň işini, milli we halkara synçylar bilen işi talabalaýyk ýola goýmaly diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Ählumumy saýlawlar ýurdumyzyň abadan durmuşyny, raýatlaryň konstitusion hukuklarynyň, halk häkimiýetlilik ýörelgeleriniň berjaý edilýändigini, Türkmenistanyň halkara derejedäki demokratik kadalara ygrarlydygyny äleme äşgär etmelidir.
Sözüniň ahyrynda döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň ähli agzalaryna saýlawlary ýokary derejede guramagy we geçirmegi, bu işe örän jogapkärçilikli çemeleşmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň jemini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.