Gündogar edebiýatynda özüniň ajaýyp döredijiligi bilen öçmejek yz galdyran beýik akyldarlaryň biri Magtymguly Pyragydyr. Beýik söz ussadynyň edebi mirasy türkmen ýaşlary üçin watansőýüjiligiň, asyllylygyň we ruhubelentligiň nusgasydyr. Onuň eserleri umumadamzat ahlak gymmatlyklarynyň — Watanymyzy we halkymyzy çäksiz söýmegiň, dostlugyň we wepalylygyň, ar-namysyň we belent mertebäniň senasy bolup ýaňlanýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz özüniň Magtymguly Pyraga bagyşlap ýazan “Ynsan kalbynyň öçmejek nury” atly ajaýyp kitabynda: “Magtymguly Pyragy sözüň güýji, gudraty bilen şygryýet äleminde ady arşa galan beýik akyldar şahyrdyr. Magtymguly döwürdeşlerini, halky adalatly jemgyýetiň, bagtly ýaşaýşyň gözbaşynyň nämedigine düşünmäge, millet hökmünde özüni tanamaga ugrukdyrdy. Öz iliniň asuda, parahat durmuşda ýaşamagyny, ylymly-bilimli bolmagyny, medeniýetiniň beýgelmegini arzuwlan beýik şahyr halkyna pähim-parasatdan we şirin duýgulardan püre-pür bolan ajaýyp şygyrlar hazynasyny miras galdyrdy.” – diýip bellemeklik bilen, türkmeniň beýik akyldar ogluna goýýan hormatynyň çäksizdigini aýan edýär. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň we tutuş Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň sarpasy diýseň belentden tutulýar. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda beýik şahyryň edebi mirasynyň ylmy nukdaýnazardan öwrenilmegi üçin yzygiderli işler alnyp barylýar.
2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilmegi bolsa türkmen halkynyň beýik akyldarynyň dünýä ýüzünde giňden wagyz edilmegine uly goşant bolar. 2023-nji ýylyň 29-njy martynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi, 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, şeýle hem ýaşlaryň beýik akyldaryň döredijiligini has içgin öwrenmegini gazanmak maksady bilen Kerki etrabynyň 31-nji orta mekdebiniň ýokary synp okuwçylarynyň gatnaşmagynda “Magtymguly Pyragy şygryýet äleminiň soltany” atly duşuşyk geçirildi. Kerki etrabynyň 31-nji orta mekdebinde döredilen Magtymguly Pyragynyň edebi mirashanasynda geçirilen duşuşyga Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni E.Ýoldaşowa, Kerki etrabynyň 31-nji orta mekdebiniň mugallymy, mirasgär, “Magtymguly Pyragy” medalynyň eýesi A.Abdyllaýew, mekdebiň 11-nji synp okuwçylary M.Öwezowa, A.Jumaýewa, L.Rozyýew dagylar gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda okuwçylar Magtymguly Pyragynyň döredijiliginden birnäçe goşgulary ýerine ýetirdiler.
Atajan JORAÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Kerki etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.