ARKADAG ŞÄHERI-DÖWRÜMIZIŇ ÝALKYMY, HALKYMYZYŇ BAGTY

“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynyň 28-nji martynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararyna laýyklykda “Arkadag şäheri hakynda” döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk ýagdaýy, şeýle hem Arkadag şäherinde gurlup ulanylmaga berlen bilim, saglygy goraýyş, medeniýet edaralaryna we sungat binasyna görnükli şahslaryň atlarynyň dakylmagy Bitarap döwletimiziň täze taryhyna möhüm sahypany ýazan, Arkadag şäheriniň ýaşlaryň şäherine öwrülendigi biz ýaşlarda uly buýsanç döretdi. Bu ugurda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat, Türkmenabat şäher, Dänew, Çärjew, Saýat etrap Geňeşleri Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi bilen bilelikde gurnamagynda “Arkadag şäheri-döwrümiziň ýalkymy, halkymyzyň bagty” ady bilen hoşallyk maslahaty geçirildi.

 

Dinara KARIMOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat

Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň

baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

01 Awgust 2025 | 67 okalan

TURŞY, ÝÖNE PEÝDALY MIWE