Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýäniň ähli döwletleri we abraýly halkara guramalary hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň alyp barýan daşary syýasatyny biragyzdan ykrar edýär. Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ştab-kwartirasynyň hereket etmegi Türkmenistanyň belent abraýynyň subutnamasydyr.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 77/32 kararnamasyna laýyklykda 2023-nji ýyl “Dialog parahatçylygyň kepili hökmünde halkara ýyly” diýlip yglan edildi. Bu başlangyç, BMG-niň Baş sekretarynyň parahatçylygy gurmak baradaky "Täze parahatçylyk gün tertibi" bilen gabat gelýän "Dialog parahatçylygyň kepili hökmünde" pelsepesini öňe sürmek başlangyjy bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji mejlisiniň resminamasy hökmünde "Parahatçylyk medeniýeti" gün tertibiniň 14-nji maddasynyň çäginde Jemleýji resminama kabul edildi, ol BMG-niň Tertipnamasynyň esasy maksatlaryny we ýörelgelerini, şol sanda jedelleri parahatçylykly ýollar we usullar bilen çözmek baradaky borçnamalary öz içine alýar. “Dialog – parahatçylygyň kepili” atly ählumumy başlangyç dünýä halklarynyň parahatçylyk we birek-birege ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan däp-dessurlaryny berkitmekde, milli gymmatlyklary we oňyn garaýyşlary ösdürmekde halkara bileleşigiň tagallalarynyň utgaşdyrylmagyna gönükdirlendir. 2023-nji ýylyň 27-nji martynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi, Kerki halkara howa menzilinde zähmet çekýän işgärleriň arasynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça “2023-nji ýyl – Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly” diýip yglan edilmegi mynasybetli “Dialog – parahatçylygyň kepili” atly duşuşyk geçirildi. Duşuşykda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň sanly ulgam boýunça hünärmeni O.Aşirowa, Kerki halkara howa menziliniň ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy D.Möminowa, Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň Kerki etrap bölüminiň wekili Ý.Nejmeddinow, Kerki etrap prokurorynyň uly kömekçisi, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi D.Çaryýew dagylar çykyş etdiler.
Atajan JORAÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Kerki etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.